Her kim çagasyna at dakýar
Oktýabr 31, 2014 | 0 teswir | 1132 okalan
Her kim çagasy, agtygy dünýä inende begenip oňa bütin ömri göterjek adyny gözleýär. Käte maslahatlaşylyp, kätä maslahatlaşylmanam bir at goýulýar. Muny hemmämiz bilýäs. Ýöne adamyň howply ýagdaýa düşende batyrdygynyň ýa-da gorkakdygynyň bildirşi ýaly, çaga at dakylanda-da ene-atanyň içki dünýäsi, höwesi, islegi – umuman asyl kimdiginiň gyrasy açylýýana meňzeýär. Nirede gizlese-de şu ýerde ol dünýägaraýşynyň nä derejededigini açaýýan ýaly. Dogry, ogluna Resul, Hajymyrat dakýanlaryňam dinden daş ýagdaýlaram bar. Üns beren bolsaňyz, ýkardaky sözlemlerde «ýaly», «meňzeýär» diýen sözler köpdür. Indikelerimde-de anyklyk bir zat aýtmakdan çekinýän. Ýöne her niçigem bolsa dowam edeýin. Bir döwürler Şöhratlar, Döwranlar, Maksatlar köpdi. Olar Orazmuhammet, Annameret diýen ýaly atlaryň ýerini çalşypdylar. Beýle ýagdaý bir-iki adamda duş gelse belki, gürrüňini edeniňe-de degmezdi, emma köpçülikleýin bolanda bir zatlar aňladaýýar öýdýän. Ýogsa, çagasyna Maksat diýip at goýýanlaryň köpüsi maksadyň nämedigi, näme bolmalydygy barada kän bir oýlanybam oturmaýardylar. Ýa-da gyzyna Aýlar dakan ene-ata bu adyň näme üçin Aýlardygyny bilmeýärdiler. Ýogsa asmandaky Aý ýeke ahyry, Aýlar nireden gelip çykdy diýmeýäne meňzeýärdi. Sebäbi o döwürler «dört tirkeşileriň» nämedigini bilýänem beýle köp däldi. Onsoň ol şol dört tirkeşikleriň birinde dünýä inen gyzjaga şol gowy görülýän aýlara ýanap Aýlar dakylýandygyny nireden bilsin?
Geçen geçipdir, häzir nähili – geliň şonuň grrüňini edeliň. Häzir Eziz adyna köp duş gelýän. ALp Arslandyr, Omar-Osmanlaram köpeldi. Ýogsa biziň döwrümizde men ýekeje Omary tanaýardym. Indi tüweleme «Men ogluma Omar dakdym welin, senem dakypsyň. Çagalarymyzyň familliýasam deň» diýip aga-ini biri-birinden gaty görüp ýörenem bar. «Häzirem biziň ýaş döwrümizdäki maksadyň näme bolmalydygyny bilmän çagasyna Maksat diýýänler ýaly, Omaryň kimdigini bilmän çagasynyň Omar bolmagyny isleýän bolaýmasynlar?» diýjek bolamok. Eger şeýle bolaýsa-da bolmazlygyny dileýän.
Keýmir kör ýa-da Magtymguly diýen meşhur, emma beýle Döwran diýen ýaly owadan atlar däldigi barada-da pikir edýän. Kakam pahyr «Ady at edýän eýesidir» diýerdi. Hemem «Seresap boluň halk on sekiz ýaşlara baraňyzda bir at goýar. Şonda gowusyna laýyk boljak boluň. Ýogsa, ony soň näme etseňizem aýyryp bilmersiňiz» diýerdi. Dakylýan atlaryň çaganyň ömrüne-de belli bir derejede täsir edýändiginem aýdýarlar. Bulam boş gürrüň däl bolsa gerek.
Bagyşlaň, anyk bir zat aýtmadym, diňe oýlananyňyzy isledim, diňe çagaňyza at gözläniňizde däl, dakan adyňyza seredip, özüňizi görmäge çalyşanyňyzy isledim. Çagajygam adyna eýe bolsun! Bu dilegem diňe «Ýaşy uzyn bolsun!» diýen ýaly çagaň özüne bagly bolmadyk dileg däldigem düşnüklidir. Belki, adam üçin adyna eýe bolmak gaty möhümdir. Mümkin şonuň üçin uly il şeýle dileg edýändir.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.