Geň galdyran bir pikir
Noýabr 29, 2014 | 0 teswir | 915 okalan
Geň galdyran bir pikir eşitdim: «Bir adam Hudaýlaşdyrylsa, halk haýwanlaşýar» diýýär (Kozinsew, kino rej.). Ýadyma Pygamberimiziň «Men gul pygamber boljak» diýip abdylygy, gullugy saýlany düşdi. Men Pygamberimiziň bu saýlamasyny özi üçin, ýagny, özi Alla gul bolasy gelýäni, gul diýip duýýany, Alla hasam ýakynlaşmak niýeti bilen diýen ýaly pikir edipdim. Aslynda, pikir etseň ol saýlanan ynsan, islese «Men Süleýmän ýaly soltan pygamber bolaýyn. Ymmatymam soltana tabynlykda ikirjinlenmez» diýen ýaly dilegem edip bilerdi. Emma ol gul bolmagy saýlaýar – ymmatynyň haýwanlaşmazlygy üçin. Özüni adaty adamlaryň içinde-de iň pes basgançakdakysy, guldygyny aýdýar. Bizem oňa Allany guly bolany üçin uýýarys. Iki arada biziň derejämiz nähili beýgelýär, elbetde gul pygambere daşyna ymmat edinmegiň, soltan pygamberiňkiden has kyn bolandygam belli.
Ýene bir täsin setir okadym Magtymgulyda, dogrusy inim Agajan aýtdy, soň kitapdan bile gözläp tapdyk.
Men islärmen Senden Seni
Yrak eýle menden meni.
Goşgyň özünde biraz garyşygrak (edebi çeperligi). Goşgyň ady «Ýa Reb». Umuman bu goşguda söz ýalňyşlyklaram gidipdir.
Isleseňiz, ýakynda ýene bir eşden täsin jümläni ýazaýyn. Möwlana diýýär:
«Çäýnegiň jürnügi näçe ýokaryk bolsa-da käsäniň öňünde egilmäge mahkumdyr (mejburdyr, çäresizdir, ýesirdir).
Emma, Pygamberimiz sallallahu aleýhi we sellemi diýsene…
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.