12.02.12.
Öten agşam Kerwen sazandany, Osman sazandany, Kerwen Ýowbasar bagşyny diňledik. Köpden bäri aýdym-saz edilip oturylmansoň, göwnüm açyldy. Ýöne ýadapdyryn, gije ýaralarym agyryp, gowy ýatyp bilmedim. Adamyň jany elinden gidäýjegini bilse, pikirleriň, häsiýetiň düýpli üýtgeýär. Elmydam şu duýgyny göterip ýaşap bolsady. Näzikleşýäň, ýumşaýaň, geçirimli bolýaň, ýüregiň ýukalýar... hemmesem biri-birinden gowy häsiýetler. Kerwen bagşy Görogly dessanyndan bölek aýdyp berdi. Degişip, gülüşdirip gidip oturan dessan birden çuň gussa tarap öwrülýär welin, içiňi hümledip, pikire gideniňi duýman galýaň. Ýene-de türkmende ýazyjy bolmandyr, şahyr bolmandyr diýýäler. Beýle-beýle öwrümler ýöne-möne ýazýanlara eýgerdýän zatmy? Dili diýseň, sähel büdresin-le. Her gürrüň berýän wakasy göz öňüňe gelip barýar. Kerwen sazanda täze sazlar öwrenip bilmeýäninden nalady. Köpden bäri çalamogam diýýär. Özüniň toýa gitmeýän wagty ýok. Bagşylar bilen. Konserwatoriýada ýene bir ýylym galdy diýýär. Eklenjem adamyň bir ýanynda-da. Maşgalada ulusam özi. Kakasam garrap ugrapdyr. Alla kuwwat bersin. Emma eli ýiti, sazy duýup, emosiýaly çalýar. Soň Osman geldi. Perdeleri, sesleri monjuk düzen ýaly edip barýar. Onuň sazdan başga derdiniň ýýokdugy bildirip dur. Öten agşam-a hasam açylyp, gowy oturdy. Ýöne dutary nemeräjik eken. Gurbannazar Eziz, Çary Sähetmyrat dagynyň agam Baýramgulylarda daňa çenli aýdym-saz edip, goşgy okap geçirişlerini ýatladym Bizem Ylýas bilen çaý çekerdik. Mana düşmezzem däldik 18-20 ýaşlarymyzdadyk. Adam kän bolmazdy ýöne şeýle hezil bolardy. Öten agşamam gije 12-lere barandyr. Gowy boldy.
Kimdir, dostlarymyzdan biri gündelikleriň baryny birgünde okap çykandygyny ýazypdyr. Begendim. Aslynda beýdip okar ýaly zadam ýok welin. Gündiz köp zatlary ýazaýyn diýip geçýän, soň kompýuteriň başynda birinem ýadyma salyp bilemok. Dogrusy, iki dynç günümi kinoçylaryň bir haýyşyny etjek bolup geçirdim. Hemem “Besy” romanyny okadym (Dost.) käwagt diýen ýaly elime alýanam welin, edil ýaňy okap goýan ýaly derrew öňleri ýadyma düşýär.Şele gowy zat. Şeýle suratkeşlik, şeýle çuňluk bar. Rewolýusiýaçylary, pitneçileri, hudaýsyzlary çepbe-çöwürip görkezýär. Türkmendigiňe şükür edýäň. Şükranalyk, sabyr, imana degjek zat ýok. Bir ýerinde gahrymany ölmeziniň öň ýanynda “Allany söýüň! Alla söýeniňe degýär. Meniň ýüregimde özüne şeýle söýgüni ýakan Alla meni ýok etmez” diýýär. Okasaňyz gynanmarsyňyz. Edebi eser okan ýaly däl, şeýle ýürekdeş ýazgylary okan ýaly okamaly kitap.
Teswirler (1 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
S.A. Siziň "Heserli" eseriňizi okapdym. Bugünem "Garagum" jurnalynda onuň çap edilip bashlanandygyny gordüm. Eseriňiz üçin size, ony halka ýetiren "Garagum" jurnalyna okuýjy hökmünde çuňňur minnetdarlygymy bildirýarin. Sag boluň!