60-da biljegiňi 25-de bilip bolarmy? | Gündelik | Hydyr Amangeldi

60-da biljegiňi 25-de bilip bolarmy?

Noýabr 29, 2014 | 0 teswir | 971 okalan

«Plan görnüşdäki gyza öýlenmeli, pylança-da çagaň bolmaly» ýa-da «Üç çagadan artyk çaga edinmek ýalňyş» diýen ýaly düşünjelere berk, şübhesiz ynanýanlar bar. Bir gezek Büzmeýin tarapa barýardyk. Maşyndaky ýoldaşlarym şuňa meňzeş gürrüň etdiler, biri-birine gezek bermän diýen ýaly goldadylar. Birdenem aralarynda sesini çykarman barýan biri morta «Bäş oglum bar. Alla ýene şolar ýaly oguldan 25 sanysyny berse, gerek däl diýmezdim» diýdi welin, beýlekiler näme diýjeklerini bilmediler. 
Aslynda planlaşdyryp, planly ýaşamak dogrumyka? Käbir meselelerde dogryny gözlemekde, hakykaty tapjak bolmakda, Alla tarapyn rugsat berlen çäklerden çykmak dürsmikä? Biz ýaşkak hasap etmegi, durmuş çyzgylaryny çyzmagy (edil jaýyň proýektini çyzan ýaly) gowy görýäris. Soňam Allaň öz planynyň, hasap-hesibiniň bar ekendigine düşünip galýarys. «Belki, käbir meselelerde orýentir, ugur saklamak hökmandyr, galanynda Allanyň edenine kaýyl bolmak, şony dogry hasaplamak, şoňa ýapyşmak dogrudyr?» diýip oýlanýan. Allaň etjegine kejirlik görkezmekden, Allaň etmeli däl diýenine kjirlik bilen garşy durjak bolmak has makul ýaly görünýär. Mysal üçin, çagaň sanynda kejirlik etmän, olaryň aljak terbiýesinde, düşünjesinde kejirlik bilen dürs ýoly eýerjek, saklajak bolmak dogry ýaly görünýär.  
Ýigrimi bäş, otuz ýaşda bilmeli zadyňy altmyşdan soň bilip galýaň welin gynanýaň. Ýa garraňda bilmeli zadyňy ýigitkäň bilip bolmaýarmyka? Bolýa diýesim gelýär. «Nädip?» diýseňiz, «Ýygytkäň pikir edeňde altmyş ýaşly ýaly pikir etmeli. Muny oňarmasaň, altmyş ýaşlynyň aýdanyny özüňki ýaly diňlemegi başarmaly» diýesim gelýär. Üns berýäňizmi, kompýuteri, el telefonyny ulanyp bilýän ýaşlar muny başarmaýan gojalara birhiliräk seredýändir. Haklary bar. Dagy näme, başarýan başarmaýana ýogsamam birhiliräk sereder-dä, goja bolaňda näme? Emma «Bu dünýe mülkünde şadyr, soltandyr/Kysmatyna kaýyl bolsa adamzat» (Magtymguly) diýen setirleri goja ahmyr bilen okar, ýigit bolsa «Kysmatyna kaýyldanam soltan bolarmy? Ol-a kysmatynyň guly» diýer. Ýene «Näme diýjek bolýaň?» diýersiňiz. «Hiç zady planlaşdyrmaly däl, ähli zada kaýyl bolup ýaşamaly diýjek bolýaňmy?» diýjegem bolar. Men asla munuň gürrüňini etmedim. Zehinimiň kütekliginden aýdasym gelýän zadymy gysga hem düşnükli aýdyp bilemok. Ýöne «Sen şu günüňi ýaşan şekilli ýaşa, ertiriňi şu günüň özi getirer» ýa-da «Ertiriň pikiri bilen şu günüňi bulandyrma» diýjek bolýan. Garaz, düşüniň-dä men peltege. 

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.