Erkekleriň aýallaşyp, aýallaryň erkekleşmek döwri | Gündelik | Hydyr Amangeldi

Erkekleriň aýallaşyp, aýallaryň erkekleşmek döwri

Dekabr 05, 2014 | 0 teswir | 1046 okalan

Üns berdiňizmi – bilmedim, ýöne göwnüme häzir erkekleriň aýallaşyp, aýallaryň erkekleşmek döwri geläýen ýaly. Ýok, men muny erkekleriň ýa-da aýallaryň üstünden düşmek üçin aýdamok. Indi ýigitleriň ata çykyp, gylyç syryp, ýaý çekip, peýkam atyp duşman bilen söweş guran döwri geçdi. Indi ýigitler öz gelinleri bilen birmeňzeş wagtda işe gidip, çagalaryny çagalar bagyna taşbşyryp, işden çykanda-da olary öýe alyp gelýär. Hatda aýalyň matematika kafedrasynyň müdiri, ýigidiň bolsa ýönekeýje işçi bolup ýörenem bize geň däl. Öýe getirýän gazanjy bilen erkek ornunda durup, narkoman ärini mertlerçe eklän gelinlerem boldy. 
Bu ýagdaýlar erkegiň, şol bir wagtda-da aýalyň psihologiýasyna-da, maşgalada ýaşaýyş görnüşine-de, megerem, täsir edýändir. Muňa gowy ýa-da erbet diýip bolmaýar, sebäbi diýeňde-de üýtgetjek zadyň ýok. Onda bu gürrüň boş gürrüňmi? 
Göwnüme bolmasa, edil boşam däl ýaly. Ilki bilen ýagdaýy bilmek, köre-kör şeýle ýagdaýda ýaşap ýöreniňden gowy. Esasy zadam durmuşymyz çylşyrymlaşan bolsa, maşgalanyň erkegine erkek ornuny saklamagy, aýala aýal ornuny saklamagy has zerur gerek dälmi? 
«Gyzylarbady ýagy gabapdyr-how!» diýip, obaň içinden jarçy geçip gidende, atyna atlanman «Ýaňy öýlendim» diýip, gelniniň arkasynda bukulyp galan ýeke ýigidem bolmadyk ýa-da gelniň «Gitmersiň. Entek gelin kürtämem könelenok» diýip ýanýoldaşyny saklajak bolmadyk döwründe,  bular öz-özünden ornuny saklaýardy. Indi Bapba neressäň dili bilen aýtsak «uçýan bilen uçmaýan garym-gatym» bolsa, ýaşaýşymyz üçin gowumy? «Aýallar üçin-ä gowudyr» diýjek bar ýaly. Ýöne aýalam erkeginiň erkek bolanyny erkegiň özünden az islemeýän bolsa gerek. 
Belki, men meseläni çişirýändirin? Belki, bir-birege sylag-hormat bolsa boldugydyr, ýeterlikdir? Galan zadam durmuşyň öz akymy düzeder, belki? Ýöne gelninden ýa-da oglundan göwni galan ene-atalary, gaýynatalary, gaýyn eneleri, öýlenmänkä gül ýaly, soň biri-birinden kineli doganlary göremde, harçaňlaşyp duran, soňam suda baryp aýrylyşyp ýören är-aýallary göremde, bu meseläniň akymyň düzederinden çökderdigi barada oýlanyp gynanýan. Hawa, durmuş çylşyrymlaşdy, seriallar, internetler we ýene-ýeneler durmuşymyzyň sadalygyny, düşnükliligini alyp gitdi. Indi birhili özüňi sarç atyň üstünde barýan ýaly duýýaň – sähel arkaýynlaşsaň, gowşaklyk etseň, ol at seni ýere ýazaýjak ýaly. Düşünjäň, pikirlenşiň, bilimiň, sowadyň, medeniýetiň, dünýägaraýşyň… ösmeginden başga çykalga göremok. 

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.