Biz nähili adam?! | Gündelik | Hydyr Amangeldi

Biz nähili adam?!

Dekabr 18, 2014 | 0 teswir | 1092 okalan

 

Birhilem bolsa balýandyr, soňky döwür, özümi geň galdyran, oýlandyran bir zady görsem ýa-da eşitsem siziň bilen paýlaşasym gelýär. Belki, bu-da garrylygyň bir alamatydyr.
Ilki bilen başdaky «biz» diýen sözüm üçin ötünç soraýan. Aslynda, näçe islesemem, ony başga söz bilen çalşyp bilmedim. Indi eşden zadym hakynda.
Arada öýe dost oglanlar, daýy-ýegenler geldi. Olaryň içinde birem «Adamlar nähili bolupdyr. Telewizordan «Watany» görýärler-de «Aý, gyzykly bolmady. Hiç kim işinden aýrylmadam, basylmadam» diýýärler» diýdi. Ýene-de köplük sana dolanasym gelýär. «Adamlar» ýa-da «biz» diýmek owaldanam birkiden köplügräk görünse ulanaýmaga endik bolan sözümiz. Ýöne, ony diýen megerem, bir adamdyr. Sebäbi gürrüňi gozgan «Ony diýýäniň özem asla, syýasatdan, hökümet edarasyndan uzakdaky daýhan ýa-da çopan, işçi diýen ýaly biri. Ýogsa, oňa edýän täsirem ýok, biriniň aýrylanynyň ýa-da basylanynyň» diýip goşdy. 
Megerem, eger muňa «sosial aktiwlik», «bolup geçýän zatlara biparh bolmazlyk» diýip bolýan bolsa – onda gowy häsiýedem bolmagy mümkin. Ýöne «sosial aktiwlik» «bolup geçýän zatlara biparh bolmazlyk» «Watana» «Haçan biri uly wezipesinden aýrylar?» ýa-da «Birine iş gozgalyp basylarka?» diýip gyzyklanma bilen seredip oturmakmyka? Alty aý möhlet bilen bir wezipä bellenip, alty aýa ýetip ýetmänem işinden boşadylyp, başga biriniň bellenilen, onuňam sähel wagtdan şeýle güne düşen ýyllaryny başymyzdan geçirdik. Onuň halka, türkmene beren peýdasy boldumy? Men-ä boldy diýip biljek däl. Gaýta, zyýany bolan bolsa bolandyr. Onda näme etmeli? Biparh bolmaly däldigem-ä belli?
Ýeser ýerde iş tapyldy. Öňräkden bäri okaýyn diýip ýören bir kitabym bardy, şony elime almaly boljak. Belki, yzyny özüňiz dowam etdirersiňiz. Hakykatdanam biz nähili adam?!

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.