Nirä? | Gündelik | Hydyr Amangeldi

Nirä?

Fewral 06, 2015 | 0 teswir | 1132 okalan


Ekzýuperi «Çagalygymyň dünýesinden gelýän» diýýär. Çagalygyň dünýäsinden ululygyň dünýäsine. Ynsan «Ömür» diýilýän ýoluň bir duralgasyndan başga duralga, bir dünýesinden başga bir dünýä – ýetginjeklige gelýär.  
Mekdep tamamlandy, indi nirä? Okuwamy? Gullugamy? Bu sowalyň saňa berlen güni çagalygyň bilen hoşlaşanyňy syzarsyň. Edil düýnem beýle sowal akylyňa-da gelip bilmejek ýalydy. Bu gün welin, näme jogap berjegiňi bilmän dursuň. Onuň garaşman durkaň, duýdansyz gelendigini, näme jogap berjegiňi bilmän durşuňam aýdyp dur. Ýogsa, ol sen dünýä inen günüňden, akja arlyga dolap, diňe seň üçin azan aýdylan günüňden bäri saňa tarap gelýär ahyryn.
«Ejem näme diýerkä?», «Kakam näme maslahat bererkä?» diýen pikir ilki kelläňe geler. «Okuwa girjek bolsaň, haýsy käri saýlamaly?» «Kim bolasyň gelýär?» Sowal yzyna-sowal. Olaň birini özüňden uly agaň berse, beýlekisini ýaňam sowal ýadyna düşmän, seň bilen bileje  top depişip ýören dostlaryň berer. Senem olary gaýtalarsyň, baryny jemläbem ýene öz-özüňden sorarsyň: «Nirä?» Bu sowalyň öňüňden çykan ilkinji sowaldygy üçin bolmagam mümkin – ol saňa gaty möhüm görüner. Hamala şoňa dürs jogap berip bilseň, galan zatlaryň hemmesi dogry bolup gidäýjek mysaly görüner. Mümkin bu hakykatdanam şeýledir. Emma sen bialaç: «Bilmedim» diýersiň, egniňi ýygyrarsyň. Aklyňa dürli kärler, telim hünär gelip geçer. Ataňam içiňi ýakaýyn diýen ýaly, birini saýlap bilmän durkaň «Ýigide müň hünärem azdyr» diýer. Käte näbellilikler şeýlebir ýaş başyňa agram salar welin, edil mekdepde düşünmedik sapagyň deňinden geçip gidiberişiň ýaly, onam äsgermezçilik edesiň geler.   «Aý, görübereris» diýersiň. Hawa, bu-da bir ýol. Onda-da anyk ýol. Görjegiň belli. Gurbannazar Ezizde barmy «Aýaklaryň ätjek ädimin äder, / Göreçleriň görer görjek zadyny.» Emma geljegiňi aýaklaryňa ynanaýasyň gelmez. Onda kelle diýip göterýäniňi kädä deňeseňem gelşer durberer. Näme üçindir bu sowal düşünmedik sapagyň ýaly ýadyňdan çykyp gidenok. «Ýalňyşsam mugallymym ýa-da synpdaş ýoldaşlarymyň biri düzeder» diýjek gümanyňam ýok. Ýeser ýerem bu sowalyň jogabyny diňe sen bermeli. Ýalňyşaýsaň… 
Bu sowalda ýalňyşýanlaram bardyr-a. Bardyr, ýöne oalryň biri bolasyň gelermi? Ýeke ýalňyş sebäpli bütin ömrüňe ökünip ýörmelem bolmagyň mümkin. «Durmuş garalama däl, ony täzeden ýazyp bolmaýar» diýen akylam depderçeleriň birine ýazypdyň. 
 Ýalňyş ýol çarkandaklydyr, ýöne dürs ýoluňam kynçylygynyň, öwrüminiň ýetikdigini entek sen nireden biljek?! Emma bu ýagdaý olaryň ikisinem şol bir zat etmeýär. Ýalňyş – ýalňyş, dürsem – dürs bolýar. «Şu gün ýalňyş diýeniň, ertir dürs bolubam duruberýär» diýenlerem bolar. Aslynda, soň ýalňyş bolup çykýan dürs, öňem ýalňyşdyr, emma ol ýalňyşa wagtynda akyl ýetirmedik bolsak – bu başga gep dälmi näme? 
Bu nähili ýaş bolýar – howlugylyp ýetilen 17 ýaş, bu nähili sowal bolýar – jogapsyz sowal? Ýekeje teselliň bardyr, o-da on ýedi ýaşyň uzak dowam etmejegi, ýekeje ýyldygy. Onsoň-a bu başyma agram salyp horlaýan «Nirä?» diýen sowaldan dynaryn öýdersiň. Emma ýene-de seniň hyýal edişiň ýaly bolmaz. 
Ýyllar geçip dur, gapydaky garry tut, gör, näçe gezek tudanalap, näçe miweländir. On ýedi ýaş, «Oglan howlugar, tudana wagtynda bişer» diýilýän ýaşam alyslarda galdy. Emma şol sowal  senden aýrylyp gitmeýän eken. Isle ýigrimi, isle ýigrimi bäş, isle kyrk ýaşa, isle altmyş bu sowal hemişe seň beýniň bir ýerinde.  Çünki sen ýurduňa, milletiňe näçe ýaşyňda bolsaňam gerek. Watanyň seni hiç wagt hasabyndan aýyrmaýar. Ol saňa «Bu-la puç!» diýmeýär, eger özüň-özüňi puçlamasaň. Özüni puçlajak adamam okuwa girse-de puçlar, gulluga gitse-de, maňlaýy gasyn atyp, saçy agarsa-da. «Nirä?» diýen sowala ikilik edäýseň,  ondan ýüzüňi öwüräýdigiň ýa-da gelýänje gapysyny gulplaýsaň, sen altmyşdan geçen garry bol – puçsuň. 
Nämesinden bilmersiň, «Nirä?» diýen sowal islendik ýaşda bolsaňam, hemişe ýüregiň jümmüşinde birhili gizlin gorkyny oýarýar. Daşyňy gurşaýan näbellilikler onuň haýbatyny hasam artdyrýar. Ýöne gorky kän halanmasa-da, käbir zatlara batyrlyk etmegem akyllylyk däl ýaly. Ýönekeýje mysal, gözsüz batyrlyk edip näbelet zadyňa ýapyşyberenden, biraz seresaplylyk etmek dogry dälmi? Eger «seresaplylyk», «eserdeňlik», «hatyrjemlik», «ätiýaçlylyk» ýaly duýgulary sende döredýän bolsa, gorky duýgusam edil halanylman dözşünden itiljek duýgy däle meňzeýär. 
Garynjadan «Nirä?» diýip sorasalar: «Käbä» diýip jogap beripdir. Şonda «Garynja ädimleriň bilen Käbä ýetermiň? Käbe nirde, sen nirde?» diýip ol görgüliň üstünden gülüpdirler. Garynja-da: «Bilýän Käbä ýetip bilmejegimi, ýöne, dagy bolmanda ýolunda ölerin» diýipdir. Diýipdirem, şobada-da Pygamberimiziň aýak basan topraklaryna olam aýak basmak bagtyna gowşupdyr. Bu sowalyň jogabynyň şeýle uly güýjüniň bolaýýan ýerem bolýar eken. 
Haram keýpe, neşekeşlige ýüz uran, ýoluny urduran adamdanam «Nirä?» diýip soranyňy duýman galan ýeriň bolýar. Onuň jogaby garynjanyňky ýaly pespäl bolmaýar. Ol derrew gaharlanar. Onuň özüne gahary gelýärmi ýa-da bu gutulgusyz soraga jany ýanýarmy düşünmersiň. Ol diňe bir ugruny däl, umydynam ýitirendir. Onuň gaşlary çytyk, ýüregi howsalaly. Ol saman tapsa ýapyşjak, delil tapsa bukuljak bolar. Emma «Nirä?», «Nirä barýaň?» «Ugruň nirä?» diýen sowal, sagyndan geler, çepinden geler, giýje düýşüňe girer welin – sypdyrmaz. Ol bolsa, gaçjak bolar, ýalan sözlär, öz özüni aldar, bahana gözlär. Ýogsa ondan gaçmagam, edil ölümden gaçyp gutuljak bolmak ýaly akylsyzlyk dälmi? Ondan gowsy dursaň, otursaň, onuň bilen çaýlaşsaň, düşünişjek bolsaň näder?! Belki, onuň ýamanlygam ýokdur? Belki, onda hakyky dostuň häsiýetleri bardyr? Belki, ol seň elmydam göwnüň küýseýän çyn dostuňdyr? Seň dünýe lezzetleri, gara nebsiň bilen başagaý bolup, bilmeýän, görmeýän zatlaryňy bilýän, görýän bolmagam mümkin. Kim bilýär, pikiriň durlanar, gözüň ýiteler, maksadyň aýdyňlaşar. Manysyzdyr öýdüp ýören zatlaryň ýekeje soraga jogap berjek bolup, aklyňa agram salmagyň, ýüregiňe ünji edinmegiň bilen many gazanar. Akylsyz baýlyk gözlär, akylly many. Şeýle dälmi, eýsem? Bir zadyň manysyna düşünmekden uly baýlyk barmy? Aleksandr Makedonskä «Näme dilegiň bolsa dile» diýende «Üstüme kölege berme» diýip bilen akyldar many diýlen zada eýe bolany üçin şeýle jogap bermeýärmi näme? Manyda şeýle uly güýç, hakyky batyrlyk bar.  «Nirä?» diýlen sowalam seni şol mana eltmeýärmi näme?
Gyzaryp dogan Güne «Nirä?» diýilmeýär. Sebäbi ol bilýär nirä barýanyny – ol adamzat mekany, Ýer togalagyna ýagtylyk saçmaga barýar. Sen oňa ýaşdy diýersiň, o welin, Ýeriň ol ujundan dogup gelýändir. «Nirä?» diýen sowala jogap berip bilýänler, göwnüme näme üçindir şol parlak Güne meňzeýär. Olar hatda dünýeden ötselerem nur saçyp duran ýaly…

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.