Häsiýet gözelligi
Gar eräp, ýere ýyly
gidende, meýdan ýuwaşjadan, hiç kime görünmän, ýaşyl lybasyny geýýär. Soň güle
bürenýär. Tebigatyň gözelliginden gözüňi aýyrasyň gelenok. Şonda özüňde-de
şeýdip gözelleşmek ukyby dörän ýaly bolýar. Otagyň dört diwaryna sygaňok.
Ýüregiň meýdan küýseýär. Ýagyş ýagyp gök gürlese terje kömelekler ýadyňa
düşýar. Egin-eşik satýan dükançam «Ýaz çykdy. Indi meniň söwdam ýörär» diýip,
baharyň gelenine başgaça bir nazar bilen seredip begenýär. Ýazyň ýakymly
howasyndan kükregini dolduryp ýylgyrýar. Hakykatdanam agyr gyş eşiklerini
asgyçdan asan adamlar owadan köýnekleri satyn almaga howlugýar. Gözellik ynsany
serhoş edýär. Kim daga çykýar, kim çöle, kim düze. Torgaý guşy ýaly asmana
uçup, ne daşlaşyp, ne gonup bilmän gözelligi wasp edip saýrasyň gelýär. Biziň
her birimiz gözelligiň zary, onuň intizary.
Näzik gül ýapragy,
ýaňy gögeren gyrtyç, ýepelek... Çagaň galpagyny sypan ýaly, ýumşajyk otlaryň
ýaşyl başyny mähir bilen sypalarsyň. Öz çagalygyň, oglanlygyň ýadyňa düşüp
gider. Birdenem çyn gözellik hakynda oýlananyňy duýman galarsyň. Belki, bu
näzikligiň, ýaz pasylynyňam bary-ýogy iküç aýa çekjekdigi, tomsuň gyzgyn
deminiň olary saraljakdygy seni şeýle oýlara itekleýändir. Öz-özüme «Güli ysga,
suratlandyryp bolmaýan, töwerege bark urýan täsin howadan beýhuş bol, tomsuň
jöwzasy nireden ýadyňa düşýär?» diýip käýinýän. Emma ýüregimde dörän ünji menden
aýrylmaýar. Köňlüme gussa aralaşýar. Edil ýigitligiň senden sowlup gitjekdigine
birden akyl ýetiren günüňdäki ýaly. Bir zat meni köşeşdirýär – ýaşlygym dolanyp
gelmese-de, pasly baharym ýene geler. Hamy halparyp, ýygyrdy atan ellerim bilen
men ýene ýazymyň başyny sypalaryn, ýeňiljek hasama direnip durşuma gojalykdan
kütelen gözlerim bilen baharyň gözel görküni synlaryn. Hakykatdanam bu hyýalym
maňa goltgy berdi, goltugymdan göterdi. Emma şonda-da, özümi gözleýän zadyny
ýitiren ýerinden gözlemeýän adama meňzetdim. Uzak wagtlap aýnaň öňünde oturyp,
ýüzüne-gözüne timar beren gyzyň gözelligi daş keşbinden gözleýşi mysaly.
«Gözel
ýüzden kyrk günde ýadalar, gözel häsiýetden kyrk ýylda-da ýadalmaz” diýilýär.
Ýüregim ýagtylyp gitdi. Häsiýetiň gözelligi hakynda oýlanan badyma şeýle
häsiýetli tanaýan adamlarym ýeke-ýeke göz öňüme geldi. Ilki bilenem şahyr
Gurbannazar Ezizow. Onuň ejesi Gülnabat daýza “Ol meň göwnüme nemetmedik
ýaly-da… Haçan ýatlasam ýanymdajyk dur” diýenini ilki eşdenimde ýeke ogluny
aldyran, onda-da nähili oguly ýitiren enäniň bu sözlerine haýran galypdym.
Ertir Gurbannazar 75 ýaşaýar. Eger aýp bolmasa, Gülnabat daýzanyň sözlerini
gaýtalasym gelýär – ony haçan ýatlasam, ýüzüme bakyp, owadan ýylgyryp dur.
Hasam şadyýan gözlerinde dünýäniň ähli gözelligi jemlendimkä diýdirýär. Beýle
gözellige – häsiýetiň gözelligine nädip ýetilýärkä? Muny dünýäniň iň owadan matasyndan tikilen,
iň nepis nagyşly köýnegem saňa berip bilmez. Hatda şu gözel tebigatam ynsanyň
şol gözelliginden ejiz. Ony tomsuň jöwzasam, gyşyň gazabam guradyp, soldurmaýar,
ajalyň ajy aýralygam. Emma ýaşlykda ynsan, näme üçindir, içki gözellige däl-de
daş gözellige köp üns berýän eken. Gözelligi häsiýetde däl-de, ýüz keşpden,
bezemen egin-eşikden gözleýän eken.
Bilýänsiňiz, Ybraýym Edhem hökümdarlygyny taşlap,
sopuçylyga ýüz urýar. Sopularyň yzyna
düşüp, olaryň iýjek naharyna çenli taýýarlap berýär. Şonda-da derwüşler telim
wagt ony tabakdaş edinmeýärler, oňa “Aýry tabakdan iý, senden hökümdaryň ysy
gelýär” diýýärler. Bu rowaýatda gedemlikden gürrüň edilýändir öýderdim, emma
Ybraýym Edhemden islenýän zat, häsiýet gözelligine ýetmegi eken. Ýyllar geçýär.
Ybraýym Edhem deňziň gyrasynda tolkunlary synlap, eşigini ýamap otyrka,
arkasyndan onuň ýerine hökümdar bolan weziri gelýär. Sesini çykarman içinden
“Ýeten derejäňem şumy?” diýip pikir edýär. Şonda Ybraýym Edhem elindäki
iňňesini deňize oklap goýberýär. Şol bada-da bir balyk iňňäni agzyna alyp,
yzyna, Ybraýyma getirip berýär. Muny gören weziriň akly haýran bolýar. Ybraýym
Edhemem “Gördüňmi ýeten derejämi?” diýip, weziriň içinden eden pikirine
daşyndan jogap berýär-de, turup gidiberýär.
Ýene elimde Gurbannazaryň goşgular ýygyndysy, men olaryň
içinden deňize oklanan iňňe ýaly, görülmesi kyn, tutulmagy çetin setirlerini,
sözlerini gözleýän. Olaryň käsini görsem, köpüsiniň deňimden geçip gidýändigimi
duýýan.
Gurbannazaryň goşgularyny oňa deňänimden boldumy, ynsanyň
oýlap tapan gurallaryndan iň gözeli iňňe diýesim gelýär. Ol özüniň ýönekeýligi,
kämilligi bilen haýran edýär. Gurbannazaryň aýdyşy ýaly, ol özüni şeýle bir
ýonupdyr, artykmaçlykdan, ne-de kemterlikden onda nam-nyşan galmandyr. Inçejik
sapak onuň gözünden zordan geçýär. Emma matalaryň içinden, çeper barmaklaryň
erki bilen, ýüzüp barşyna syn etseň, oňa gözüň gidýär. Iňňe bolmasady bu çeper
gaýmalar nädip dörärdi?! Belki, adamyň ilkinji gurallarynyň birem iňňe bolsa
gerek, emma ol milliardlarça ýyl geçse-de, üýtgemeýär. Kämillik derejesine
ýeten gözelligi ylym näçe össe-de üýtgedip bilmeýär. Üns berseňiz, onuňam çyn
gözelligi häsiýetindedir. Onuň özi ýalaňaç, emma ýalaňaçdygynyň aladasyny
etmän, ynsana egin-eşik tikmegiň derdinde.
Şaglap akýan suwuň kenarynda ösüp oturan mähnet
çynaryňam gözelligine bendi bolup serederdim. Emma görüp otursam, onuňam gözel
görki gujaga sygmaýan ýogyn daragytynda, berdaşly şahalarynda däl-de, kim
aşagyna gelse gelsin, hiç kime “Sen kim?” diýmän, deň saýa salyp oturşynda
eken.
Agalarymyň
gyzjagazlarynyň biriniň gelnejeme «Eje, näme üçin meň adyma Gözel dakmadyňyz?»
diýýäni ýadyma düşende, häzirem ýylgyrýan. Gelnejem oňa näme jogap berjegini
bilmän ahyry «Onda saňa Oguldursungözel diýäýmeli bor-da» diýdi. Biz muňa hezil
edip gülüşdik, oňa «Oguldursungözel» diýişdik. Gözelligiň nämediginem bilmeýän
6-7 ýaşly jigimiň muňa begenip ýyljyraklaýşy häzirem göz öňümde. Ýene-de
agalarymyň biriniň garaýagyz gyzjagazy bardy (Hudaýa şükür ol häzirem bar.)
Gurbannazar oňa «Sen gara kündükdenem akmy?» diýerdi. Olam «Hawa» diýip hezil
ederdi hem ylgardy ejesiniň ýanyna özüniň gara kündükdenem akdygyny buşlamaga.
O wagtlar özümiňem oglanlykdan ýaňy saýlanan ýyllarym, özümem aýna ogryn
serdip, aýnadan görmegeý oglany göresim gelýärdi...
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.