Daglaryň syry | Gündelik | Hydyr Amangeldi

Daglaryň syry

Mart 10, 2015 | 0 teswir | 1175 okalan

Käte hemmämizde-de bolýandyr, kelläňe bir aýdymyň heňi ýa-da bir goşgy setiri girer-de – hiç çykmaz. Şu günler meňem Sahy bagşyň «kararly» sözüni birhili owazlandyryp «Mydam bir kara-arly daglar» diýişi aňymdan aýrylanok, gulagyma gelip dur.

«Karar» sözi öwrenşen sözümiz. Biz muňa köplenç döwlediň, hökümediň bir mesele bilen baglanşykly çykaran karary hökmünde düşünýäris. Emma Sahy agaň «kararly» diýen manydaky sözi kän bir ýörgünli däl. Setanda-seýranda bolmasa, «Pylany bir kararly adam» diýmeýäris. Gaýta,  dilime «öz diýenli», «kesir», «hötjet», «keçjal», «dikdüşdi» diýen ýaly sözler gelýär.

«Karar»,  «kararly» sözüni çalyşýan, manydaş sözleri gözledim. «Düşündirişli sözlügi» açdym. Onda kararly – sabyrly, çydamly, takatly diýip düşündirilýär. Hatda «Senden karar tapar jahan, Mydam bir kararly daglar («Türkmen halk şahyrana döredijiligi») diýip mysalam getirlipdir.

Magtymgulyda dag «Ýeriň myhyna» deňelýär. Olaryň sarsman, haýbatly duruşlaryna bendi bolanyňy duýman galýaň. Emma daglary sabyr etjek, çydajak bolýan görnüşde göz öňüňe getirmek kyn. Daglar sabyryň özüne sabyr etmäni öwredäýjek ýaly.  

Agyp-dönüp, bir eýleden, bir beýleden öwsüp durmak şemala gelşer – daglara gelişmez. Şahyr «Boýumy boýuňa deňän haladym, Toba edip öňüňde çökerin, daglar» diýýär.  Meniň welin daglaryň belentliginiň däl, bir kararlylygynyň öňünde dyza çökesim gelýär.

Adamlaryň arasynda-da az gepli, agras adamlara mydama gözüm giderdi. Işim şowuna düşsün ýa-da biraz kynçylyk çeksem – şol bir bolşuny saklaýan, ne eselýän, ne peselýän häsiýetli adamlaryň ýanyna barasym gelerdi. Indi özüm ýaşululyk ýaşyna ýetdim. Şonda-da käte gyzmalyk edýäň, kelläň göçýär, soň uzak gije puşman edip ýatansyň. Kakam pahyr oglankamam maňa «Kelläň göçgünli» diýerdi. Bilmedim ýaradylşymdanmy ýa-da başga sebäplerdenmi, garaz indi maňa «göçgünlilikden» halas bolmak ýok. Belki şondandyr Sahy agaň «kararly daglarynyň» gulagyma gelip durany.

Ynha, bir goja gelýändir, agras ädimläp. Her kim ör turup oňa salam berer. Soňky döwür häli-şindi aýdylýan «aga» sözüne tüýs gelşip durandyr. Ol öýüň törüne geçip oturar, gabagyny galdyrasy gelmez. Emma boýun alaýyn, käte göwnüme munda biparhlyk, doňýüreklik bar ýalam görerdim. Meniň ol garryda janlylyk, hereketlilik göresim gelýärdi. Ýaş ýigide gelişjek joşgunly sözler, dogumly herketler ak sakgaly döşüni tutup duran adamdan çyksa, geň görüner, ýasama bolar, hatda halanmazam diýip pikir etmeýärdim. Bu gün bolsa, bir kararlylyga gözüm gidýär. Ilki bilenem Jelaletdin Rumy göz öňüme gelýär. Onuň meşhur portreti bardyr. Bütewi, el-aýak diýen ýaly beden agzalaryna bölünmedik tutuş bir zat ýaly görünýän keşbine seretdigiňçe gözüňi aýryp bilmersiň – hakyky bir kararlylygyň etalony ýaly görner. Şeýledir öýdýärdim, emma soň bir ýerden okadym, şony çeken suratkeş onuň başga-da alty sany portretini çekipdir. Olaryň hersem birhili, biri-birine meňsemeýän keşpler bolup çykypdyr. Hatda alymlaryň arasynda: «Bularyň haýsysy Jelaletdin Rumyka?» diýenlerem tapylýar. Bir kararlylk nire, alty-ýedi sypat nire? Ýöne daglar hakynda oýlansaňam, birbada bir bolşuny üýtgetmän oturan ýalydyrlar welin, iň köp ýer titremeleriň dag eteklerinde, ýanardaglaryňam daglyk ýurtlarda bolýandygy mälimdir.  «Süýde siňe seretjek» bolamok. Ýöne köplenç manyly gürrüň ýaňra adamdan az çykar, az gürleýäni welin, diňläsiň geler. Aslynda adamy kän gürletmeýänem şol manylyk bolsa gerek. Belki, dagy sarsdyrman saklaýan onuň içindäki güýçdür? Nijeme wakalara şaýat bolan garly başydyr? Mümkin, gojany agras ädimledýän, birbada parhsyz ýaly görkezýänem onuň aňynda aýlanýan pikirlerdir, ajyly-süýjüli ömrüdir?

Kerim Gurbannepes şahyram «Ýaşyň bir çene baransoň, iýesiň gelen zady iýibermegin, geýesiň gelen zady geýibermegin, aýdasyň gelen zady aýdybermegin» diýipdir. Bu çäklendirmeler gojalygyň aňyrsyndaky güýçden, paýhasdan habar berýär. Pygamberimizem «Gany gaýnap joş urýarka-da gojalan adam ýaly agras, ahyreti hakynda oýlanýan ýaş ýigit Allanyň iň halaýan adamydyr» diýipdir.

Megerem, «Mydam bir kararly» diýlip waspyň edilmegi üçinem içiňde harasat gopup, daşyň welin parahatlygyny saklamalydyr. Şol harasady jylawlap, bir mana salyp, az sözde adamlara ýetirip bilýäni üçin agras ädimläp gelýän, törde gabagyny galdyrman oturýan goja sylanýan bolarly. Aslynda, tutuş milletleri sypatlandyrsalar «Millet diýlen köpçülikdir, her hilisi bardyr» diýip böwrüňi diňleýäňem welin, şonda-da  türkmen diýlende agraslyk, azsözlülik, gaýratlylyk, haýalylyk ýaly sypatlar ýadyňa düşýär. Men muny egin-eşigimize, saz gurallarymyza esaslanyp aýdýan. Dutar, gyjak beýlede dursun, gargy tüýdügimizem diňleseň bökdüribermez, gaýta seni hasam agraslandyrar, oýlandyrar. Magtymguly akyldarymyz «Az iýgil, az ýatgyl, ýene az sözle» diýende-de daglaryň bir kararlylygyna ýetmegiň ýoluny, daglaryň syryny düşündirýän ýaly görünýär.

Emma Jelaletdin Rumy «Bolşuň ýaly görün ýa-da görnüşiň ýaly bol!» diýýär. Bir gyra çekilip, sesiňi çykarman, sülmüräp oturanyň bilen senden islenýän goja bolarmy? Hany, seniň içiňdäki howruň, derdiň? Dymyp oturanyň bilen dag bolup bolýan bolsa, onda dag diňe ileriňde däl, gaýraňda-da, ýüzüňi öwüren tarapyňda-da bolaýmazmy? Onda käbir ägirtleri ýatlap gözüňe ýaş aýlanarmy? Dertsiz dag dag däldir, dagdan gopan bir bölek sowuk daşdyr. Onuň ne ýylysy bardyr, ne-de üstüne gök ot biter. Gaýta, ýolda ýatan bolsa, aýryp bilmeseň, sowulyp geçmeli bolarsyň. Ol dert götermez, özi dertdir.

Mydam bir kararly daglaryň, agras ädimläp gelýän paýhasly türkmen ýaşulysynyň başyna dönseň. «Senden karar tapar jahan…»

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.