13.02.12. | Gündelik | Hydyr Amangeldi

13.02.12.

Fewral 13, 2012 | 0 teswir | 842 okalan


Ertir “Rubin”  grekler bilen oýnamaly. Howa sowuk bolany üçin gününiň, wagtynyň üýtgemegi mümkin diýip int.-den okadym. Esli wagt iş edinip ahyry bildim, wagtyny 6-00-a geçiripdirler.
60-a ýeten adam futbola gyzygyp ýör diýip geň görmäň. Dogrusy, özümem 1-2 ýyl mundan öň “Sen şeýle bolelşşik bolarsyň” diýseler, ynanmazdym, geňlärdim. Emma, Kurban Berdini ýekesiremekleri, utsa-da ýamanlap, utulsa-da çetine degip, onuň tesbisiniň üstünden güljek bolup ýörmekleri (beýik milletiň) meni onuň hakyky janköýeri etdi oturberdi. Hatda Gurban Berdiň olara pitwa-da etmän, şol bir bolşuny saklap, çyny bilen edýän işine berilmegi mende buýsanç döretdi. Içimden: “Ine, türkmen, türkmen şeýle bolmaly. Göterimem däl, ýaranjaňam däl, ulumsam däl, diňe işini çyny bilen edýär. Edýän işinem beýlekilerden kän gowy bilýär” diýýän. Bir wagt gelse, onuň elini gyssam, arkasyna kaksam diýýän. “Biz-ä dost, başarmadyk, saňa berekella” diýsem diýýän.
60 ýaşy hile bir zat ýaly köp dilime alýan, emma, ynanyň 14 ýaşymda Ata kündüge-de (meşhur çapyksuwar) şeýle janköýerdim. Özümde hiç hili üýtgän zat ýok. Gaýta, oglanlyk häsiýetlerimi ýitirip, başga bir adama öwrülip gitmänime begenýän. Goý, edil iglan ýaly durmuşymda ýalňyşlyklar goýberýän, dilimden diýmejek sözlerim sypýar, oglan ýaly joşup aşa geçýän, ýöne, goýalmajak bolýan, turşamajak bolýan. Oglan ýaly durmuşa aşyk, işime höwesli, daşyndanam özüm kino alsadym diýip arzuwam edýän. Meni Alla ýene-de oglanlygym ýakynlaşdyrar. Kur’an okamaga höwes, sakgal goýberdesimiň gelmegi, atam ýaly ömrümiň soňkuja ýyllaryny namazlykdan düşmän geçirmek – bularam 60 ýaşlyň, göwnüçökgün garryň akylyna geljek zatlar däl. Birki ýyllykda gyzygyp gapyda towşan sakladym. Soň ýarawsuz bolup, olara isleýşim ýaly ideg edip bilmedim. Kä wagtam indi her kim saňa “Hydyr aga” diýýär senem çaga ýaly towşan bilen gyzygyp ýörsüň diýýän. Indem howa açylsa towşanlaryň ýerinde hindiguşyny saklamakçy. “Çykdaýjysy, derdi” diýýäler. Ondan git-de bazardan gowy hindiguşyny alyp gel-de, öldür, iý” diýýäler. Men bolsa şonuň derdine keýp edýän. Howa, 60 ýaş meni gaty az üýtgedip bilipdir. Biderek 60 ýyly geçiren bolmagymam mümkin. Meň bolsa “Geçseň geçiber, men oglanlygymda galasym gelýär, nähak ýere, meni ýany bilen garrylyga äkitjek bolýaň” diýesim gelýär. Aslynda ýyllar adamy az üýtgedýän bolarly. “Göwnüçökgün garrylyga” gidýänler oglankalaram garry bolup ýaşan bolaýmasalar. Ýadyma düşýär garry adam ýaly ýaş oglanlar bardy. Bu gün Mergen dagam Moskwadan gelipdirler. Kinorežissýorluk hakynda kitaplar getiripdirler. 4-5 sany kino getiripdirler. Ertire çykmaga howlugýan.

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.