Saryýa
Näme
üçin derde galyp ýörün?! Meň bilýän zatlarymy kakam bilenokdy. Menem
ogullarymyň bilýänini bilemok. Agtyklarymyň başarýan zatlaram ogullarymy geň
galdyrar. Dünýäň akyşy şeýle. Akýan zat bir ýerlere barýar, ýöne köp zatlaryňam
deňinden geçýär. Gidip barşyňa ýanyň bilen alyp gidip bolmaýan zatlaram,
gynansagam bar. Şu wagt tutuş ýer togalagy eline jübi telefonlaryny alyp
ber-başagaý bolup ýören ýaly. Her kim her kim bilen gürleşýär. Ne arada menzil
bar, ne wagt. Ýekeje düwmä basýaň sesiň Amerikada eşdilýär. Muny kakam dagyň
döwri başaranokdy. Biz aşyk oýnardyk, indikiler oturan ýerlerinden ekrana
seredip, dünýä söweşlerini gurýarlar, görülmedik, eşdilmedik duşmanlar bilen
urşup oýnaýarlar. Gepi uzaldyp oturmaýyn, sähelçe ýyl yza gitseňem, häzirki tebigy
zada öwrülen hadysalar, geçen nesliň düýşünde-de görmejek, hyýalyna-da
getirmejek zatlary. Emma şonda-da Sahy Jepbar «Dolanawer menzil-mekan saryýa…»
diýip gygyrýar welin, ýetginjegiň biri: «O näme diýdi-gaý?» diýip, maňa seredip
mölerýär. Men ilki onuň nämä düşünmeýändigine düşünmedim. Soň görüp otursam, ol
«saryýa» sözüni bilmeýän eken. Onuň dilinde, türkmen dilinde «saryýa» diýen söz
ýok. Gaçyp galypdyr ýa-da döwrüň akymy bilen akyp barýan ýetginjek ol sözüň
duşundan geçip gidipdir. Ýadyma düşýär gazetde işleýärkäm «Yza:» (agyry, ejir,
dert diýen manyda) diýip bir zat ýazypdym. Ýaş işgärleriň birem muny «yza»,
ýagny yza gitmek, götünjeklemek manysynda okapdy. O wagt muňa kän ünsem
bermändim. Mümkin ol oglanyň türkmençesinde-de soňky «a» harpy uzaldylyp
aýdylýan «yza» sözi ýokdur…
Mundan
soňky aýtjak bolýan zadym düşnüklidir. Döwür üýtgeýär, dilem üýtgeýär. Käbir
sözlerimiz, gynansagam, geçmişde kän ulanylman ýa-da başga bir sebäp bilen,
ýitip gidýär, ýerini başga bir söz çalyşýar, käte-de hiç bir sözem çalşyp
bilmeýär-de, ol söz bolmadyk ýaly, ne yzy galýar, ne tozy. Hawa, bary düşnükli.
Birini
tanaýardym – oň iň köp gaýtalaýan, mümkin iň gowy görýän sözi «düşnüklidi».
Düşünse_düşünmese düşnükli diýýärdi. Menem şoňa öýkünip «düşnükli» diýip
gezibermeli welin. Ýöne düşünmesem nädeýin. «Saryýa» diýen söz seniň üçin ýok
bolsa, onda Sahy bagşyň «Saryýasam» ýok bolýar. Sahydan «Saryýany» aýyrsaň
nähili bolar? Ýok, Sahydan «Saryýany» aýryp bolmaýar, senden «Saryýa» aýrylyp
galýar. Sende, mende «Saryýa» ýok bolsa, ol meşhur aýdymyň janyňy alyp barýan
«Mukamlar başy» diýen sazam bolmadygy bolmaýarmy? «Mukamlar başy» saňa ýat
bolsa, türkmen tutuş saz sungaty bilen araňda gorp emele gelenokmy?
Bir
gezek ýaşkam «Dutar sazyna tyňňyla diýýänem bar-aý» diýenim ýadyma düşýär.
Şonda agam bolsa-da bilemok: «Sen klassik sazlaryny diňläňok, mysal üçin
Bethoweniň «Aý sonatasyny». Olam şoň ýaly «Göroglyň at oýnadyşyny» ýa-da
«Mukamlar başyny» bilenok» diýip düşündiripdi.
Meseläni
özüme öwürmekçi däldim, nähili öwrülenini bilmän galdym. Bir sözi ýitirmegimiz
bilen biziň gaty köp zatlary ýitirýändigimizi aýtjak boldum. Ýa-da meň derde
galyşym, ölüni direltjek bolmak ýaly bir zatmyka? Ýitirilen sözlerimiziň,
edeplerimiziň, dessurlarymyzyň gonamçylygy diýen ýaly bir ýer bolsady, oňa ähli
işimi goýup aýlanmaga giderdim. Ýöne aýlanyp çykanymdan soň, nähili hala
düşjegimi bilemok.
Bir
gezek Köşüň gaýrasyndaky «Ors öwülýäsi» diýilýän ýere gitdik. Barsak Mylly
aga-da, Hury Halmämmedem, Sahy Jepbaram, Kerim Gurbannepesem, Şaja Batyram…
türkmeniň men diýen adamlarynyň köpüsi şol ýerde. Soň gonamçyykdan çykamda
töweregim boşan ýaly boldum. Dirileriň arasynda ýaňky sanan adamlarym ýaly
adamlar ýokdy. Gonamçylykdan çykanyma gynandym, ýöne diri bolsaň o ýerde galyp
bolanok, çykaýmaly. Ýitiren sözlerimiziň, däp-dessurlarymyzyň
«gonamçylgyndanam» nädip çykyp bolar. Olary göz öňüňe getireniňden iniň
tikenekläp gidýär. Sahy agany gonamçylykda goýup gaýtman bolmaýar. Bu dünýäň
gurluşy şeýle – diriler ölmeli. Ýöne onuň «Saryýasyny» nädip, gömüp gaýtjak.
Ony gömüp bolmaýar. Ony biz ýitirp bileris, ýöne ol ýitmeýär. Gurbannazar «Biz
özümiz ýitirýäris ýaşlygy» diýýär. Biz özümiz «Saryýany» ýitirip bileris, emma
«Saryýa» hiç zady ýitirmeýär…
Uzakdan
bir ses gelen ýaly boldy: «Arrygyňy gynama, bu Ýer togalagy elindäki telefonuny
goýup, «Saryýany» diňlemez...» Şol bada-da «El telefony bilen bizi geň galdyran
nesil, ýene haýran galdyryp biler, umytda bolaly» diýenimi duýman galdym.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.