Dert
Iýul 30, 2015 | 0 teswir | 1112 okalan
Awgustam geldi. Kim üçin adaty aýlaryň biri, kim üçin… Biziňkileriň köpüsiniň toýy sentýabra gabat gelýär. Ýakynda-da biri öýlenmeli. Oňa degşip «Arada «awgust» diýip bir bolgusyz aý bar. Ýogsa bu wagt eýýäm toý etmeli» diýip degişýäs. Onda-da otuz bire çekýän awgust. Meň üçin welin, bu aý ýylyň ömrüniň dowamynda iň gaýnap joşýan iň soňky aýy. Soň güýz düşer, aňyrsam «gazaply gyş…»
Hemişe öýde oturanymdanmy, okaýan zadymam az. Az diýsemem ýaş ýigitden başlap, orta ýaşan, ýaşy bir çene baran adamlaryňam ýazan, ýazýan zatlaryny okamaly bolýan. Ýok, kyn göremok. Bir dostumyz bardy – owadan, seçelenip duran, şar gara saçlary bardy, ýöne elmydam papakly gezerdi. Ana, şol papagyny käte aýyranda höwes bilen onuň saçlaryna serederdim. Öz saçym gaty bolandanmy, ýumşak saçlary gowy görerdim. Hekaýa, goşgy, powest, ssenariý… diýen ýaly zatlaram şol dostumyň saçlaryny ýatladýar. Adam kän ýüregini açyp ýörýärmi, hekaýa, goşgy bahana bolmasa…
Okaýan zatlarym barada gürrüň beresim gelenok, ýöne soňundan edýän käbir pikirlerimi paýlaşaýyn. Soňky döwür hiç zat ýazamok diýen ýaly. Kän ýazmamsoň, aýda-ýylda bir otursam, näme-de bolsa okar ýaly bir zat ýazjagymy bilýän. Öwünip diýdigim bolmasyn, niçigem bolsa ömrümiň köpüsi ýa-poz bilen geçdi. Kelle diýilýän gutyň içinde bir zat bar bolsa, kagyza geçirmegiň garaz hötdesinden geljek bolýan. Ýöne duralga-da awtobusa garaşyp duransyň. Olam garaşdyrar. Ýöne şonda-da alyp bir iş bilen meşgullanybermersiň – başlaýsaň ýaňky garaşdyran awtobus geläýjek ýalydyr. Menem şolar ýalyrak bir duýguda ýaşaýan. än bir elim işe baranok. Ýok, göwnüm çökgün ýa-da hiç zada höwessiz däl. Ýöne elim baranok. Hernä kino diýip bir gyzykly zat bar, şoňa gyzygan bolýan. Ýöne mesele duralgada-da, garaşdyrýan awtobusda-da däl bolaýmasa. Ýazmak diýilen işiň bir ýeser tarapy bar – ol dostumyň papagyny wagtal-wagtal aýyryşy ýaly, köpüň öňünde ýüregiňi açmak. Ussatlyk bilen, gep oýnadyp, açan ýaly etseňem açmanam bolýar. Onam okyjy şo bada bilýär. Bilmände-de bu käriňe ikilik etdigiň bolýar. Emma boýun almaly, ýazmagy kär edindiňmi, näçe kyn düşse-de, ýüregiňi açmaga boýun bolmaly. Onuň ejirini çekmeli. Bu meseläni ýeňdiň diýeli (hatda ýaş wagtyň bu mesele-de bolup duranok). Näme ýazmaly? Nädip ýazmaly? Şu iki soraga jogap bermän kelläňe gelenini ýazýan wagtyň ýaşlygyň, höwesjeňligiň (çeper höwesjeňligiň diýseňem bolýar) bilen geçip gidýär. Belki, meseläni başgaça aýtmalydyr – näme ýazmaly däl?
Arada, Moskwaň kinomatografiýa institutynyň ssenariçilikden okadýan bölümine giriş ekzamenleriiniň şertleri bilen tanyş boldum. Oňa girmek üçin ýörite bellenilen wagtda, mugallymyň öňünde oturyp, berilen temadan bäş-alty kagyzlyk gysga etýid ýazmaly eken. Ýöne şol etýudda ýazmak bolmaýan zatlary öňünden aýdýarlar. Ine olar: arakhorlar, narkomanlar, däliler hakynda ýazmaly däl. Düýş, fantastika, gan-da-pyçak, ölüm, öldürmek diýen ýaly zatlaram bolmaly däl. Ilki «Näme üçinkä?» diýip geň galdym. Mysal üçin, eli pistoletli gahrymanyň gelýär diýip başlasam, meseläniň esasy bölegini şol pistolet çözýär. Kimi atar? Özüni atjak bolýarlarmy? Ýa-da özi özüni atjak bolýarmy? Bir topar gyzykdyrjy soraglar aňsatlyk bilen döreýär. Senden talap edilýän bolsa, aňsat ýol bilen gyzykdyrmak däl, ökdelik, geň wakalary gurmak arkaly okyjyny gyzykdyryp bilmek. Şonda şertlerden zeýrenýänlerimiz ýadyma düşüp gitdi.
Ýazmak meselesinde ýene bir meni oýlandyrýan zat bar – ýazasyň gelmese-de ýazmalymy? Ýa-da diňe ýazasyň gelende ýazmalymy? Özüň üçin ýazmalymy? Ýa-da okyjy üçin ýazmalymy? Magtymgulam «Sözüm diňlän ýok diýip, ümsüm oturma» diýýär. Birdenem «Näme joşa düşüp sen?» diýip özüne jany ýanýar.
Bolýar, öz başymy agyrdýan zatlarym bilen siziňem başyňyzy agyrtdym, ýüregiňizi gysdyrdym.
Ine bahym bu sowallaryň baryna jogap tapan ýaly, ýazmaga başlaryn. Birdenem ýene öwrenje oglan ýaly, soraglarym bilen urşup başlaryn, ýaz-poza elim barmaz. Bu-da bir dert-dä…
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.