Ömür howuzy
Awgust 08, 2015 | 0 teswir | 1040 okalan
Ömri «çagalyk», «oglanlyk», «ýigitlik», «garrylyk» diýip böleklere bölýäler. «Dünýä inmek» hem «dünýeden gitmek» diýibem ýene iki sany bölegi bar. Soňky ikiniň her biri, ýokarky dördüň dördüsinem birden öz içine ýerleşdirip bilýän giňlige-de, çuňluga-da eýe ýaly…
Men ýaňam kakamy beýle gowy göremokdym – ýanymda otur diýýädi, men bildirmesemem (heýem kakaň bilmezmi?!) oturmagy kyn görýädim. Käteler käýýär diýip görünmejek bolardym. Elmydam kakamyň meni, meniň kakamy gowy görşünden has kän gowy görýändigini duýýardym. Bu maňa gaty agyr degýärdi. Munuň tersine bolmagy üçin näme etjegimi bilmeýärdim. Näme etsemem kakamyň meni, meniň kakamy görşümden has gowy görjekdigine akylym ýetip durdy. Edil ýaryşa çykmankaň garşydaşyň özüňden ýyndamdygyny boýun alan ýaly. Ýogsa ýaryşmak nire, men nire, kakam nire? Ömri dünýe bilen ýaryş gurmaga-da deňeýärler. Belki, mende-de bir döwürler dünýe bilen ýaryş gurjak bolmak bolsa bolandyr. Aslynda dünýe menden bu ýaryşda öň gaçmady. Gaýta men öň gaçan ýaly. Dogulamda başlygyň ekiz körpeleriniň biri bolup doguldym. Daşymda ejem, gelnejelerim, aýal doganlarym kebelek bolup aýlanypdyrlar. Juda ir ýaşdakam hat okamagy öwredipdirler, mümkin, aristokratlaryň çagalaryna berilýän edebi bermäge çalşypdyrlar. Bir klasdaşymyň kakasynyň özüni guşak bilen ýençýändigini gürrüň berende agzymy açyp galypdym. Guşak bilen ýenjilmek däl, gaty ses bilen üstüme gygyrylanynam kän bilemok. Ýekeje gezek etmedik işimi etdiň diýip nähak käýýänlerinde beýleki jaýa geçip erbet aglanymy ýadyma düşýär. Soň, onam hynçygawygymy aýyrmak üçin, bilgeşleýin edenlerini bildim. Şonda-da kän wagtlap köşeşip bilmändim. Okan kitaplarymyň diňe atlaryny ýazyp çykjak bolsamam, eslije wagtym gider. Köpüsem dünýä edebiýaty, iň meşhur, saýlama ýazyjylaryň, şahyrlarynyň ýazanlary. Olar hakynda ýazylanlar. Olaryň hatlary, gündelikleri… Soňam din-iman meselesi. Pygamberleriň ömri. Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) hadyslary, sahabalar baradaky kitaplar… Bulary dünýe bilen ýaryş gurmak diýip hasaplasaň – men juda ir gaçdym. Emma ýeser ýeri, başda ýaryş ýaly başlanan ömür, soň başga many alýar eken. «Ýaryş» diýlen düşünje şeýle bir ýöntem, şeýle bir yzda galýan eken. «Ömür» diýleni ilki birhili, soň başga hili okaýan ekeniň. Geň ýeri, ömrüňe soňky düşünşiňem ilki düşünşiňden gaty daş bolmaýar. Ýöne olar başga-başga zatlar. Dar ýerde biri-biriňi ozjak bolup barýarkaň, birden giňişlige çykyp, ýoluň giňdigine, hemme kişä-de ýeterlikdigine düşünip, pellehananyňam ýitip gitmese-de, asla başga bir mana eýe bolup galyşyna düşünşiň ýaly. Hereket, öňe tarap ymtylyş dowam edýär, ýaryşam ýok däl, pellehana-da görnüp dur, emma düýbünden başga duýgy seni gurşap alýar. Ýöne bu duýgy birden bolup geçenok. «Şu gün ýatdym, ertir düýbünden başga duýgy bilen oýandym» diýmek däl. Belki bu, dünýeden öten, ýanyňdan giden kakaňy öňküňden has gowy görüp başlamagyň bilen başlanýandyr. Ýa-da indi özüň ogullaryňy ýanyňda oturtmaga çalyşmaga başlamgayňda başlanýandyr…
Ömür – dürli çuňluklary bolan ullakan, bütewi bir howuza meňzeýän, oňa-da her kim, ýeke-ýeke çümüp çykyp barýana meňzeýär. Kakamyň çümen howuzynda bu gün men, ertir ogullarym, soň agtyklarym… yzly-yzyna, nobatma-nobat çümüp çykyp barýarys…
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.