Gurban Berdiýew hem türkmeniň iki häsiýeti | Gündelik | Hydyr Amangeldi

Gurban Berdiýew hem türkmeniň iki häsiýeti

Awgust 14, 2015 | 1 teswir | 1274 okalan

Kim bilýär, kim meniň bu gürrüňime nähili garar? «Nähili garalanda näme? Men kim?» diýýän, ýöne şonda-da her bir zada garamak meselesi gaty düýpli bir zat ýaly görünýär. Her bir zada garaýşymyz biziň ýolumyzy haýsam bolsa bir tarapa ugrukdyrýan, käte ýolumyz kesgitleýänem ýaly.

Meniň bir gyzygýan zadym bar. Soňky birki ýyldyr sypdyrman futbol treneri Gurban Berdiýewiň özi, komandasy bilen gyzygýan. Hawa, türkmen bolany üçin. Özümiňem türkmen bolanym üçin.

Dogrusy, men onuň «Barselonany» utup ýören, çempion bolup ýören döwürlerini bilemok. Soň säwlik bilen TW-den «Rubiniň» bir oýnuny gördüm. Agras, erjel adama gözüm gitdi. Üstesine, telekomentatoram onuň aýbyny tapjak, garşysyna bir zatlar aýtmaga çalyşýardy, göwnüme oýnuň eminem «Rubine» garşy ýalydy. Belki, oglanlgymdan at bilen gyzyklananymdandyr ýa-da doganlarym sportsmen bolup ýaryşa gatnaşansoň, olara janköýerlik edenimdendir – men «Rubiniň» oýunlaryny sypdyrman görüp başladym. Gurban Berdiýewe bolan hormatymam gitdigiçe artdy. Käbir gybaty edilip ýazylýan makalalary okap gynandym. Bilýänsiňiz, soň ol «Postowa» trener boldy. Ýaňy-ýakynda-da özüniň trenerlikden çykarylan «Rubin» komandasyny, Kazana baryp utdy.

«Hawa, erjel, talapkär, işiniň ussady, agras, az sözli… adam türkmenem eken-dä, ýeri saňa näme? Elbetde, begenip bilersiň, buýsansaňam bolar, emma ondan aňry näme?» diýmegiňiz mümkin. Menem şeýle pikir edip köp gezdim, hatda öz-özüme: «Boldy-laý, şu Gurban Berdili mesele. Ol adam hor boljak, özüni ýitirjek adam däl. Biderek janyňy ýakyp, wagtyňy ýitirip ýörme» diýen günlerimem boldy. Käte-de: «It saklap, kepderi uçuryp, horaz uruşdyryp ýören adamlaram bar. Otluçöp gabyny ýygnap ýören garrylaram görüpdim. Ýaşymyň soňunda, öz deň-duşum (doglan ýylymam, aýymam deň gelýär)Gurban Berdi bilen, onuň komandasy, oýunlary bilen gyzygamda näme-de» diýýän. Ýöne meni bu zatlary ýazmaga iteklän bu däl. Bu bir şahsy durmuş, ony köpe ýetirmek hökmanam däl. Ýöne arada biri «Rostow» «Rubini» 3:0 eden-de, «Türkmen aga şeýdäýýä» diýdi welin, birhili boldum. Bir hili bu garaýyşy halamadym. Aslynda, Gurban Berdiýewiň meselesiniň iň wawwaly ýerem oňa bolan garaýyşda, ýolbaşçylaryň, beýleki adamlaryň garaýşyndamyka diýýän. Onuň musulmandygy, eli tesbilidigi, oýundan öň doga-dileg, utsa şükür edýändigi, milletiniň türkmendigi we ş.m. zatlara beýlekileriň ters garaýşy ol adama uly zyýan edýäne meňzeýär. Onuň has ösmegine, has ýokary netijeler görkezmegine päsgel berýän ýaly görünýär. Içimden «Sen hakykatdanam Gurban Berdini gowy görýän bolsaň, onda onuň özi ýaly agras bolaý. «Türkmen aga» bu ýere nireden geldi» diýip pikir edenimi duýman galdym. Aslynda, begenjine diýip goýberendir, men biraz meseläni ulaldyp, çişirýän bolmagymam mümkin. Ýöne näme üçindir türkmeni ilki tanadýan häsiýetleriniň biri utanjaňlygy bilen kiçigöwünliligi, öwünjeň däldigimäkä diýýän. Bu iki häsiýet biz türkmenlerde azalyberse, Gurban Berdiýew öz komandasy bilen dünýäň çempiony bolaýanda-da näme peýdasy degjek – bilmedim. Bir döwürler «milli buýsanjymyzy dikeltmeli, türkmeniň depesinden basylyp-basylyp kimdigini unutjak derjä çenli ýetirdiler» diýen düşünjämiz bardy. Men häzirem milli buýsanjymyzyň peselenini islämok. Ýöne milli buýsanç diýilýän zat özüni nädip görkezmelikä? Ine, şu sowalyň jogabyny köp gözleýän. Aýlanýan-dolanýan, ýene Gurban Berdiýewde görýän häsiýetlerim ýadyma düşýär.  Pes pällilik, işiňe ussatlyk, erjellik, tutanýerlilik, işeňňirlik, maksatly ýaşamak… – munuň üstüni özüňiz ýetiriň, ýöne şu häsiýetler bolaýmasyn biziň milli busanjymyzy görkezýän zatlar?!

«Gurban Berdiýewi gaty ulaldypsyň» diýmegiňizem mümkin. Dogry, men onuň bilen içgin tanyş däl, oturyp-turuşmadym, bile ýolda ýoldaş bolmadym. Diňe TW-de görenlerim, internetden okan interwýularym, makalalarym. Olaram beýle köp däldir. Ýöne hakykatda meniň ony «ulaldyp, çişiresim» gelenok. Megerem, ol muňa mätäjem däl. Ýönde onda türkmene mahsus utanjaňlygy, pespälligi görýän. Şu iki häsiýetiň bizden aýrylmazlygyny, edil Gurban Berdiň komandsynyň utmagyny isleýşimdenem beter islämsoň, saklanyp bilmän ýazaýdym. 

Teswirler (1 sany)

Arslan:
05 Mart, 2017

Salam!
Diňe türkmen bolanymyz üçin hem, hatda ynsan bolanymyz üçin hem sylag-hormata mynasyp adam Gurban aga.

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.