Datsadyk, çal başymyzy ugrunda pida etsedik…
Noýabr 06, 2015 | 0 teswir | 1098 okalan
Arada gürrüň agzybirlik hakynda boldy. Her kim agzybirligiň tarapdary, her kim agzybir bolunanyny isleýär. Birden iňkise gitdim. Agzybirligiň nämesi gowy? Agzybir boljak bolup diýjegiiňi diýip bolanok, isläniňi edip bolanok, alasyň gelenini alyp bileňok. Ulyny sylamaly, ula gulak asmaly. Uly diýýäniň seň üçin jany agyrsa-da agyrýandyr welin, ilki bilen öz bähbidine agyrýandygy, onsoň saňa gezek gelýänem belli. Şeýle bolmasa kim ulusyny diňlejek däl?! Hezil, özüňden ulyň diýenini edip ýörmeli. Ýöne uly adalatsyzlyk etse, alagöz bilen seretse, özüniň bähbidini göz-görtele öňe tutsa – şonda-da agzybirlik diýip boýnuňy sallap oturmalymy? Belki, oglan ýaşda bolsaň, şarpykdan gorkyňa otursaňam oturarsyň, emma senem çagaly-çugaly bolaňsoň, jogabyny beresiň geliberýär. Jogabyny berýäňem – agzalalyk başlanýar. Iliň gürrüňem üstünedir.
Onda agzybirlik diýilýän zat – hyýaly bir zatmy? Dogan-dogan bilen, daýy-ýegen, garyndaşlar, ogullar, gyzlar… bilen agzybir, bir çukura tüýkürip ýaşamak hyýaly zatmy? Hiç kim bilen işiň bolmasa, «edeniňi et, han ogul» diýseň – o-da bolýar. Şonda-da agzybirlik daşyndan-a agzybirlige meňzeýär. Aslynda, köp duş gelinýänem şu daşyndan agzybir görünýän, aslynda welin, agzala ýaşaýyşmyka?
Uruş döwürleri, açlyk ýyllary adamlar agzybir ýaşapdyrlar diýýäler. Onda agzybirlige diňe başymyza bela inende ýetip bolýarmyka? Beýdip ýetiljek agzybirlige-de höwes eder ýaly däl. Biz agzybirlik diýilýän zadyň nämedigini, onuň gymmatyny, lezzetini, abraýyny, netijesini bilmeýän bolaýmalyň, käte agzalalygyň nähili masgaraçylykdygyny bilmeýşimiz ýaly?!
Ýaňy öýlenäýen ýyllarym iki sany garryja adamlara myhman bolupdym. Şonda olaryň biri-birine hormat goýuşlaryna, biri-biriniň göwnünden turjak boluşlaryna, biri-birlerine şeýle üýtgeşik nazar bilen seredişlerine haýran galypdym. Olara gözüm gidipdi. «Menem ömürboýy şeýle agzybir ýaşaşsadym» diýip içimden göwünýüwürdipdim. Men diňe iki sany adamyň – är-aýalyň agzybirliginiň gürrüňini etdim. Doganlarda biri-birine şeýle duýgy bolsa, gaýyn-gelinde-de şeýle bolsa, garyndaşlarda-da şeýle bolsa… Bolsa-bolsa diýdigiňçe, bolsada, ertekä, hyýala meňzäberýär. Näme üçin? Näme üçin biz agzalalygy saýlaýarys, agzybirligem gowy görýäris?
Göwnüme bolmasa, uly firmalar, holdingler agzybirligiň arkasyndan ösýärler, berkeýärler. Olaryň arasyna agzalyk düşdümi, näçe uly, baý firmalar pytrap gidýärler. Nähili uly maksatlar, öňde duran netijeler ýetilmän galýar.
Är-aýalyň arasyndaky agzalalyk uly holdingleriň ýanynda hiç zat ýaly görnübem biler. Ýöne maşgaladaky agzalalyk sebäpli nebir öýleriň ýumrulýandygyny, çagalaryň iki oduň arasynda galyp, ene-ataly ýetime öwrülýändigini, iýileniň zäher, içileniň awy bolýandygyny ýatlasak, bu agzalalyklaryň haýsysyny uly, haýsysyny kiçi etjegiňi biler ýaly däl.
Inim şol gürrüňde: «Agzibirlik kyn iş. Ony her kim başarmaýar. Pylany başarmandyr diýibem ony ýazgarmaň» diýdi. Mundan çen tutsaň, agzalalyk atylan ok ýaly bir zat, onuň öňünden sowulyp bolmaýar.
Heý, agzybirligi berk saklaýan diregler ýokmuka? Ýekeje biri bolsa-da bolýar. Ilki bilen aklyňa düşünjelilik gelýär welin, ýöne düşünjeli adamlaryňam oňuşyksyz ýaşap ýöreni kän. Elbetde, nadanlygyň agzybirligiň oduny hasam tutuşadyrýan körükdigini boýun almaly, ýöne diňe düşünjeliligem ejiz ýaly. Ýa-da meniň «düşünjelilik» sözüne sygdyrýan manym dar?
Onda maksadyň birligimi? Edil açlyk ýyllaryndaky ýaly, her kimiň aladasy garnyny doýurmak bolsa, agzalalyk ýadyňa düşýän däldir, belki? Maksat bir – her kim her edip-hesip edip baý boljak bolýar, emma agzybirlik beýle maksatlylardan menzil-menzil uzakda.
Ýa-da maşgaladakylaryň hemmesi şahyr, suratkeş diýen ýaly, gyzyklanýan zatlary meňzeş bolsa? Bu-da ygtybarly, direg diýer ýaly bir zat däl. Ýeser ýerem agzybir ýaşajak diýip, baryň suratkeş bolmalymy? Suratkeşligi Alla her kime deň berenog-a. Oňa bolan höwesem her kimde birhili.
Onda agzybirligiň diregi ýokmy?
Ýene şol garrylar göz öňüme gelip gitdi. Olarda başga adamlarda kän duş gelmeýän bir häsiýet, bir düşünje, ýörelge bar ýalydy. Ony düşündirjek boldugymça «Özüňi süýt bil, dostuňy gaýmak» diýen nakylymyz akylymda aýlanýar. Meniň aklyma sygdyryp bilmeýän, çykalgasyny tapmýan agzybirligimiň esasy diregi ýekeje sözleme sygypdyr. Ýöne ol ýekeje sözlemi ýüregiňde elmydam göterip gezmekde iş bar. Şeýle bolmasady agzybirlik diýlen, şeýle gymmatly zat bolmazdy. Gynanýan ýerim, aramyzda onuň tagamyny dadyp görmedigimizem bar ýaly. Başymyz çalarsa-da, ýaşymyz ýetmişden agsa-da… Eger dadyp gören bolsadyk, bu çal başy onuň ugrunda pida etmäge taýýar bolardyk.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.