Üme düşmek
Belki, geregem däldir, şonda-da ýatladaýyn «üm» diýilende, bir zady doly aýtman, hereket, yşarat bilen ýa-da kakdyryp, gümürtügräk edip aýtmaga düşünilýär. «Gümürtigräk» diýenimde-de ýalňyşan bolmagym mümkin. Munda aýby ýaşyrjak ýa-da dogryňy aýtmajak bolup gümürtik gürlemegi göz öňünde tutlmadym. Beýlekiniň göwnüne degäýmeäýin, ýalňyş düşünäýmesin, ynjydaýmaýyn diýen niýet bilen, çekinilip gürlemegi aýtmak isledim.
Käte beýle etmegi halamaýarys, «Anyk aýtsana» diýiberýäris.
Göräýmäge aç-açan, aýdyň, äşgär gürlemäge degjek zadam ýok ýaly. «Dogrusyny
aýdan uýalmaz» diýen ýaly nakylam bar öýdýän. Emma üm bilen gürlemegi
gadymkylarymyz halan ýaly görünýär.
Kakam pahyram ýaýdanjaň adam däldi, aýtjagyny aýdar goýbererdi welin, käte jany
ýanyp «Üme düşmez ekeniň» diýýänem ýadymda. Ata-babalarymyzyň ýene bir häsiýeti
hakynda eşdenimde haýran galypdym. Öňler iki kişi ýöräp barýan bolsa, biri
(ulusy) öňden, beýlekisi sähel yzyndan ýörär eken. Şeýdibem, biri-biriniň
ýüzüne, gözüne göni seretmän gürleşip gider ekenler. Institutda okaýarkak, Gara
Baýmyradow diýip dekanymyz boldy. Şol adamam hiç wagt ýüzüňe göni seredip
gürlemezdi, käýýese dagy, edil özüne käýýelýän ýaly, ýüzüni ýerden galdyrman
utandyrardy. Bilmedim, ýalňyşýan bolsam bagyşlaň, ýöne häzirki biri-birimiziň
gargymyza bakyp gürleşmek, beýleki göwnüne alaýmasyn diýmegi asla kellämize-de
getirmän «şapladyp» aýtmak häsiýeti bize has soň, bir ýerlerden gelene
meňzeýär. Belki, aýallarymyz başyndaky börügini, ortada ot ýakyp, şoňa
oklanlarynda, erkeklerimiz «ýewropa biçüwli eşigi» geýip başlanda, «türkmeniň
medeniýetleşmek döwri» başlananda bize bu häsiýetem ornaşan bolup biler.
Emma «Üm bilen gürlejek bolup derde galyp oturman, mylaýym,
süýji dil bilen aýtjagyňy aýdaňda bolanokmy?» diýibem bolar. Bolýandyr, bolar,
näme üçin bolmasyn, ýöne mylaýymlylyk, süýji dillilik bir başga, üm bir başga
bolaýmasa. Adam üm bilen gürlände, aýdýan zatlarynyň aňyrsynda-da manylar
goýup, «galanyna özüň düşün» diýýän ýaly. Her bir zady diliňe alyp bolmaýar
ahyryn. Käte dünýeden ötüp barýan adama «Razy bolaweri» diýmegem, özüňe aýyp
görýäň. O pahyr ýurduny başgaladan soň, sen yzyndan «Razy bolaweri» diýip
galýaň. Giçmidir, giç dälmidir – muny Alla biler, ýöne biz üm bilen razylaşmak
isleýäris. Näme üçindir, muny ýalňyşam däl ýaly görýän. Bu hereketde «Dünýeden
ötüp barýanyň garagyna bakyp, razylaşjak bolup dyrjaşýançaň, jany sag gezip
ýörkä göwnüne degmeseň has gowy bolmazmydy?» diýen manyny berýän, üm bilen
edilen hereketi görýärin.
Häzirem ýazmany goýasym, öz-özüme «Üme-de ýer goý» diýesim
gelýär. Ýöne bir zat böwrüme sanjy bolup dur. Kimdir biri «Bu wagt adamlar
gönüläp aýdanyňa düşünýärmi, ümüňe düşüner ýaly?» diýýär. Başymy aşak sallaýan.
Edil doly goşulmasamam, häzir üme düşünýäne duş gelmegiň gitdigiçe kynlaşyp
barýandygyny boýun alýan. Şunça ýaşanam bolsam, gözüňe göni seretmän gürleşýän
adamlara-da az gabat gelenimi, özümde-de beýle häsiýetiň ýokdugyny ýaşyryp
biljek däl. Göwnüme bu häsiýet welilere, ylymy ýeten, atlary uly hormat bilen
tutulýan işanlara mahsus ýaly. Aslynda özi şu dünýede, ruhy başga dünýede ýaly
ýaşap ýören, «eteginde namaz okabermeli» diýilýän adamlaryň azdygy geňem däl. Emma
olaryň sanynyň azdygy bize beýle bolmakdan, dagy bolmasa, şeýle bolmaga höwes
etmekden sypalga-da däl. Üme düşýänem az däldir, her kime özüň ýalydyr öýdüp
baha berme! Adamyň asyl häsiýeti, durky, oda oklanan börük ýaly, aňsat ýanyp
ýok bolýanam däl bolsa gerek. Ýa-da eşigini üýtgedeniň bilen häsiýetiniňem
üýtgäp ötägitjekdigine ynanmak kyn. Ýöne käbir häsiýetlerimize üns bermän,
käbir häsiýetlerimizi unudyp bileris. Megerem, mundan artygy artyk, galanyny «üme
goýaýyn».
Teswirler (2 sany)
Indihä kiçijik gyzlaram göziñ içine jikgerýä. Utanyp öziñ ýere seredäýersiñ...
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Gowy ýazlypdyr