Armanyň agramy | Gündelik | Hydyr Amangeldi

Armanyň agramy

Fewral 15, 2016 | 0 teswir | 1217 okalan


Käteler bir zat eşitseň ýa-da kelläňe bir pikir gelse, derrew ýazasyň gelýär. Indi garrylykdanmy bilmedim, eşden täsin gürrüňlerimem, kä wagt oýanan ýaly bolýan pikire meňzeş zatlarymam özümde göterip gezýän. Gysgançlyk edýän diýsem ýalançy, ýöne näme üçindir ýazmasamam ullakan gynanyp gezemok. Okyja göwnieýetmezçilik edemok, ýöne, meger ýaltalykdyr.
Başga bir wagt bolsa her birini aýratyn, giňişleýin ýazardym diýen zatlarymyň käbirini agzap bir geçeýin diýýän. Şonam etmesem aýp bolaýjak ýaly. Ýazmak menden öýkelemese, maňa ýazmakdan öýkelemek, elbetde, aýp. 
Andreý Tarkowskiden ýaşlara, ýaňy kino almaga başlanlara näme maslahat beresiň gelýär diýilip soralanda «Özüňiz birhili ýaşap, başga bir zat hakynda-da kino aljak bolmaň» diýýär. Megerem bu tutuş adamzadyň diýen ýaly tragediýasy bolsa gerek. Dünýede gör näçe kişi özi, durky birhili, emma başga hili ýaşap ýör. Ýazmak, kino almak, döretmek beýlede dursun, durmuşam aslyndan başga. Aslyna dolanybam gelip bilenok. Ýitirenini ýitiren ýerinden däl, düýbünden başaga ýerden gözleýär. Dili diýesi gelenini däl, aýagy ädesi gelen tarapyna däl, ýüregi urasy gelen, telwas eden zadyna däl – kim bilýär nirelerde… Ýogsa, Alla ähli kişä gözleýän zadyny ölmänkä berýär, ony maksadyna ýetirýär. Baý bolasy gelýän, baýlygy durmuşynyň maksady edinenler baý bolýar. Şöhratyň höwesindäkiler şöhrata ýetýärler, häkimlik islän, şoň aşygy bolanlar häkimlige-de gowuşýar. Näçe «Armanly öldüm» diýse-de, Alla ony armanda goýanok. Hakyky armanlylar belki, ölýändiklerine gynanmazdylar. Armany galmadyklaram ölýändiklerine gynanmaýan bolsalar gerek. Ölýändigine gynanýanlar asly, durky bir zat isaläp, özleri başgaça ýaşanlar bolaýmasa…
Ýene bir pikire haýran galdym. Bizde «musulman» diýen adyň gadyry galmady. Ýadyma düşýär, o wagtlar namaz okaýan azdy. Şonda biriniň ýaramaz iş edenini eşdip «Ol namaz okaýar-a?!» diýenimi bilmän galypdym. Şonda ýanymdaky meň sada pikirime ýylgyryp  «Okanda näme? Namaz okany bilen adam gowy bolup gidýän bolsa, onda hezil bolardy, adamlary awtomatyň öňüne salaga-da mesjide salyp, namaz okatdyryp çykaryp goýberersiň – wessalam» diýipdi. Menem hakykatdanam özümiň sada düşünşimden utanypdym. Indi bir kişi: «Musulman bolamda näme?» diýip ýaramaz iş etse, «Men musulman ahyry, edýänim näme?» diýmese geňem däl ýaly. Bir wagtlar biz çagakak bir kino meşhurdy, entek kän düşünýän zadym bolmasa-da hakyky kommunist bolup oýnaýan artistiň näçe atsalaram, oňa näçe ok degse-de ýykylman ýöräp gelşi, garadan gaýtmaz, hyjuwly ýüzi aňyma berk ornapdyr. Şu wagtam aýyl-saýyl göz öňüme gelýär. Hawa, şeýle kommunistleriň arzuwyny edip geçip gitdiler bolşewikler. Olaryň serdary Lenin ölüp-ölmänkä ýerine geçen Stalin tutuş özüne kommunist diýenleri gyrgyna berdi. Ol «kommunistler» gynalmaga çydaman biri-biriniň ýüzüne geldiler. Soň Nikita diýdi, Leonid diýdi ol höwes edilen kommunistleriň üstünden gülüp gurultaýlar geçirdiler. Azgynçylyk ýetjek derejesine ýetdi. Hiç kimde kommunist bolmak höwesi galmady. Şol kino-da gülkünç, ýasama bir zada öwrüldi. «Musulman» diýen adyň nehili atdygyny duýmaýanlaryň köpelmegi maňa kommunistleriň başyndan geçen hadysany ýatladýar. Musulmançylygyň daş sypatyny berjaý edip bilseň armanyň bolmasa, onuň içki dünýäsi, derdi barada pikir etmek kelläňe-de gelmeýän bolsa… 
Ýok, özümi pessimist duýamok. Beýle pikirleri etmezligi optimistlikdirem öýdemok. Ussat sazanda Çary suwçyny jaýlap geldik. Pahyr segsenden geçdi. Pahyryň şeýle eli süýjüdi. «Dagarmany» çalardy… 

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.