Döredijiligiň syry
Gurbannazar Ezizowyň şahyrlygynyň syry nämedekä? Näme üçin häzirki şahyrlar beýlede dursun, Kerim Gurbannesem onuň ýanynda bärden gaýdýan şahyr bolaýýarka?
Birbada samsyk sowal ýaly göörünýän bu mesele meni köpden
bäri horlaýar. Düşünýän «Gurbannazar Hudaý tarapyn şahyrlyk berlen adam»
diýersiňiz. Men muňa ýok diýemok. Onuň rus dilini juda gowy bilmegi, dünýä
edebiýatyny, aýratynam, Puşkini, Lermontowy şeýle jikme-jik öwrenendigi bilenem
muny düşündirýärler. Bir gezek Tokar Tugur «Näme üçin Gurbannazaryň goşgulary
başga bolaýýar? Ýöne gezip ýörkäňem, öz işiň bilen başagaý wagtyňam oň
setirleri diliňe geläýýärkä?» diýdi. Şonda ol Gurbannazaryň döwürdeş
şahyrlarynam mysal getirip, «Olaň goşgulary beýle akylyňda aýlanyberenok. Ýogsa,
okaýarkaň olaryň goşgularam gowy» diýipdi. Menem bir bada näme jogap berjegimi
bilmedim. Şonuň üçin, ilki akylyma gelenini aýdyp goýberdim. «Gurbannazar
şahsyýet» diýdim. Olam razylaşdy. Jogabymdan kanagatlandy. Ýöne bu jogabam
umumy, has çözülen, konkret jogap däl ýaly görünýär.
Bir gezegem, telewideniýede işleýärkäm hudojnikler hakynda
gepleşige alypbaryjy boldum. Şonda gepleşigiň repetisiýasynda Şyh diýip bir
gowy hudojnigi «Nydam gözlegde ýaşaýan suratkeş» diýip tanyşdyrdym.
Repetisiýadan soň, ýazgy etmeli bolamyzda, Şyh ýanyma gelip, «Gözlegde»
diýmesene» diýdi. Men bolýa diýsemem, onuň aýdyşy ýaly edenem bolsam, näme üçin
beý diýenine düşünmändim. Soňam düşünmän gezdim. Sebäbi sungat adamsy elmydam
gözlegde bolýar, bir zatlar döretjek bolýar, gözlegde ýaşaýar diýip
düşünýärdim. Şyhyň aýdanlaryna özümçe «Men näme etjegini bilmän gözleg bilen
meşgullanyp ýören öwrenje, ýaňy başlan hudojnik däl» diýen manyda düşündim.
Hakykatdanam Şyh gowy hudojnikdi.
Häzir Tarkowskiniň interwyularyndan düzülen bir kitapçany
okap otyryn welin, olam «Döretmek üçin, ýazjak zadyň kömelek gözlän ýaly
gözlenmeýär. Döretmek çyn ýürekden, çynyň bilen aýdasyň gelýän zadyňy aýtmak»
diýen manyny aýdýar. Bapba neressede «iskrennost» («çyn ýürekden») diýen sözi
gowy görýärdi. Köpem gaýtalardy. «Okyjy näme diýer?», «Nähili etsem okyjy gowy
kabul eder?» «Nädip okyjyny güldürmeli?» diýen ýaly «aladalaryň» bolman, diňe
çynýürekden aýdasyň gelýän zadyňy çynyň bilen aýtmak, hiç kime öýkünjek,
meňzejek bolmazlyk Gurbannazaryňam syry bolsa gerek. Onuň özem «ýalan ýazmadym»
diýende, megerem, şony göz öňünde tutandyr. Biz Gurbannazaryňky ýaly ýazjak
bolduk, oňa öýkündik, netijede özümizden derek galmady, Gurbannazara meňzemegem
başartmady. Tarkowskiý «Döredýän adam wyjdanyny diňläp döretmeli» diýýär.
Wyjdanyň näçe talapkär bolsa, duýgur, gaýratly bolsa, seňem ýazýanyň diňe
çynýüregiňden çykar, ýalan ýazmarsyň. Elbet, munuň üçinem geçirimsiz wyjdan,
ullakan ýürek gerek. «Şeýle etsem özüme gowy bolar, beýle etsem hiç kimem kabul
etmez, çapam etmezler» diýen ýaly düşünjeleriňi ýeňip bilmeýän bolsaň, onda bir
zatlar döretjek bolup arrygyňam gynap oturmaly däl. Ondan Gurbannazaryň aýdyşy
ýaly «Bir çynar dänesin okla ýere sen…»
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.