Kino kameranyň gözi
Gumuň jümmüşine gitdik. Dört sagatlyk ýol, maşynyň gowy bolanda. Indi bäş ýyl bäri sypdyrman gidýän ýerimize bu gezek kino surata düşürmäge gitdik. Ssenarini Ylýas ikimiz ýazamyzsoň, hem o ýerlere belet adamalr bolanymyz üçin filmiň rejissýoram (Wepa Işangulyýew) biziň gitmegimize garşy bolmady. Belki has giňişleýin ýazsam has gowy bolsa bolardy ýöne häzir surata düşürilýän wagtlary kelläme gelen zatlary ýazyp çäklenesim gelýär. Galanyny ýazmakdan gybatyň ysy gelýändigindenem beter, göwnüme pikre batyran zatlar has esasy, has wajyp ýaly görünýär. Syomka wagty bir zada haýran galdym, kino kamera artist sähel ýasama oýnasa, ýasamalyk etse aýyl-saýyl görkezip dur. Şonuň üçin rejissýoram horlan zat artistlerdäki ýasamalygy aýyrmak boldy. On ýaşlaryndaky oglanjygam kino gahrymanymyzdy. Oňa gezek gelýär welin, artistligem ýok, ýasamalygam. Düşündirenjäňi çyny bilen edip dur.
Şonda
ýasamalygy kino kameraň görkezişine geň galanam bolsam, ýasamalygy, adaty
durmuşda-da, ýaşyrmagyň kyndygy hakynda pikir etmändirin. Edebiýatda-da, edil
kino sungatyndaky ýaly, ýygşyrmak kyn. Belki şondandyr ýazýan kän, ýazyjy az.
Sebäbi adam çynlakaý bolmakdan ýasama bolmagy has aňsat görýär. Hatda
ýasamalyk, köp zady gulagyň, ýüregiň duşundan geçirmek, ömrüňi uzaldýan bir
häsiýet ýaly görünýär. «Bahym garramazlyk üçin» ýasama ýaşamagy has makul
görýäris. Emma ömrüňem öz «kino kamerasy» bar dälmi näme? Biz bu barada pikir
edýäsmi? Edebiýatda, kino sungatynda-da ýasama edilen işleriň ömri jyzlanyňky
ýaly. Dünýede-de ýasama ýaşanyň ýaşy segsenden, togsandan geçse-de
jyzlanyňkydan üýtgeşikmikä?
Hekaýa,
powest ýazsaň, birhili ýarasy ýeňil ýaly. Ony islän okaýar, islemedik okanok.
Kino welin, görülýär. Köplenç, juda ýaramaz bolmasa, adamlar ony soňuna çenli
görýäler. Üstesine-de kino almak üçin uly topar işleýär, pul çykdajy edilýar.
Operatorymyzyň aýdyşy ýaly «Ýer beýleki ujy» bolmasa-da, Daşoguz bilen Ahalyň
araçägine çenli birgiden adam gelipdirler. Şonuň üçin, birhili ssenariçiniň
jogapkärçiligi has uly ýaly. 2000-nji ýylyň başyndanam öňräk ýazan bir zadymy
(«Gurruk guýy) şu gün «kitaplar» bölüminde goýdum. Elbetde, okalanyny isleýän
ýöne häzirki kinomyz ýaly, gerşimden basanok. Daş obadan şähere gelen oglanyň eşigine,
adamlaryň özüne seredişine üns berşi ýaly görünse-de, menem häzirki kinomyza
tomaşaçylaryň halap-halamajakdygyna biparh bolup bilemok. Ýadyma düşýär,
«Gurruk guýyny» ýazamda şeýle duýgy bolanam bolsa, beýle agyr däldi. Ýok, kino
halansyn diýip ýasama zatlar, ýalan ýaşyryk zatlar ýazmadyk. Bilib-ä ýazmadyk.
Emma şonda-da ýeke özüň däl, kino işi köpçülileýin edilýän iş käbir kem-käslere
göz ýummaga mejbur bolýaň. Käbir uly meseleler üçin, kiçiräk zatlary gurban
etmeli bolýar. Ýöne kino kameraň iň kiçijik zatlara çenli görkezýändigini hiç
ýadyňdan çykaryp bolanok. Tomaşaçylardan biraz geçirimlilik diläýmesem…
Teswirler (1 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Nebsiñ aýdar urgun bu
bir hözirdir
Janyñ aýdar haý dur Tañry häzirdir
Sen görmeseñ ol ha nazyrdyr
Utangyn eýmengin goýgun bu işi