Öten agşamky düýşüm
Düýn
Tokaryň gürrüňini etdik. Tokar Tugur – suratkeş. Moskwada Gündogaryň
suratkeşleriniň sergisi açylypdyr. Şonda-da Tokaryň işlerem goýulypdyr diýip
eşitdim. Begendim.
Belki
şondandyr şo gije Tokar düşüme giripdir. Çal giren saçlary egnine düşüp dur.
Özem hemişekisi ýaly, mähirli ýylgyrýar. Dogrusy, ömrüniň soňky ýyllary bu
ýylgyrmasy azalypdy. Ýene-de birki oglan-a bar. Şamuhammetmi… Şamuhammet
Myradow şeýle ýumşak, inçe medeniýetli oglandy. Otuz ýaş töwereklerinde ganyna
rak düşüp gitdi… Ortada gramplastinka aýtdyrylýan. Onda Woznesenskiý goşgy
okaýar. Dogrusy «Ya Goý-ýa!» diýip bogazyna sygdygyndan gygyrýar. Biz daşynda
onuň goşgy okaýşyna haýran bolup diňläp otyrys. Goşgy gutaransoňam gulagymyza
«Ýa Goý-ýa!» gelip dur.
Birdenem
Ýesenin «Ýa hoçu wi-idet e-etogo çelo-owe-eka!» diýip başlaýar. Olam goşgyny
näme üçindir gygyryp okaýar.
Şol
döwürler «Krugozor» diýip sesli jurnal çykardy. Şonda Ýeseniniň özüniň «Çýornyý
çelowegini» okaýşyny plýonka plastinkasyna ýazyp ýerleşdiripdirler. Ol ýukajyk,
mawy reňkli…
Birdenem
ortada magnitofon. Magnitofonyň lentasyndan Gurbannazaryň sesi gelýär.
«Ýeke
galdym, deňizdaki ada men,
Per-wana deý, düşdüm gyzyl oda m-men.
Ölmelimi,
gülmelimi ýa-da m-men?
B-ber
jogabyn, bu sowalyň, bu dünýe.
…Gaýratym
namarda, saňa-da ý-ýeter-r.
M-me
saňa, m-me saňa, m-me saňa p-peder-r,
Owaýyn
dişiňi, biliň bu dünýe…»
Gurbannazaram
bu goşgusyny, dişleriniň arasyndan harplary syzdyryp, janygyp, gaty ses bilen
okaýar. Biziň barymyz jadylanan ýaly, Gurbannazaryň sesini diňleýäs.
Birdenem
Babpa ýanymyzda otyr. Onuň buýra saçlary çyraň ýagtysyna altyn çaýylan ýaly
öwüsýär. Ol ýeňsesini gütüledip ýaplanyp oturan diwaryna birnäçe gezek urýar.
Soňam goşgusyny okaýar:
«…ýolma
guşuň ganatyn!
Ýolsaň
guşuň ganatyn
Uçýan
bilen uçmaýan
Bolarlar
garym-gatym!»
Onuň
sesiniň şol erkeksiligi, gaýratlylygy, mertligi… Soňam «Köpegi ataňda boýnunuň
bagyny bir çöz ahyry. Daňylgy bir ölmesin» diýen manydaky goşgusyny okaýar.
Ýanymdakylaryň biri «Türmeden öldürilip gelen agasyna bagyşlanan goşgy» diýip
pyşyrdaýar.
Birdenem
üşeýän. Bakuwyň kondissioneriniň güňleç sesi gelýär. Onuň sowgy süňklerime
kesip barýar. Ony öçürýänem ýok. Sowuga dyzym agyrýar. Uruşdan ýaraly gelen,
bagty getiren betbagt ýaly, ýeke özüm ýempäp barýan. Daşary. Howlymyz düp-düz
edilipdir. Gara mermermere meňzedilen, sowuk ýyldyraýan beton plitalar, ýere
düşelipdir. Gögerip oturan ýekeje otam ýok. Horazyň sesem eşdilenok. Dünýe dym-dyrslyk.
Penjire ýapyk. Mümkin şondandyr daşardan ses gelmeýäni. Indiki penjireler howa-da
geçirenok, sesem…
Birden
oýanýanymy duýýan. Tokaryňam, Şamuhammediňem… düýşdügine akylym ýetip başlaýar.
Oýanasym gelenok. Oýa ýatyşyma ýene düýşümi gaýtadan görýän. Ýeseniniň,
Gurbannazaryň sesi… Bapbaň saçlary… Onuň ýeňsesini uranda diwardan çykýan,
sessiz tüpeňiň sesi ýaly, güňleç düňküldi… Oýanasym gelenok. Aýaklarym üşeýär.
Sowuk süňklerime ornaýar…
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.