14.02.12.
Rubinem utuldy. Gynandym. Hemem beýle gyzygmagym dogry däl diýip pikir etdim. Gurban Berdä meň etjek kömegim ýok, Alla kömek etsin. Gury janymy ýakýan. Içimde gowy duýgular oýanmaýar. Utsa heşelle kakýan, utulsa gynanýan. Öz türkmenim, ýöne ara daş bolýar, onsoň, netije-de ýok. Elbetde, gyzygman bolmaz, ýöne uzak gün şoň pikirini edip diýen ýaly gezmegimem dogry däl. Oglanlygymy gowam görýän welin, kä wagt oňa “Indi git, ikindi bolup gelýär, öňümem gyş” diýmeli wagtam geldi. Göwnüçökgünlik däl, birneme akylly-başlylyk üçin.
Mergeniň getiren kitaplaryny aldym. Birini okap gutaryp barýan diýen ýaly. Tüýs maňa gerek zatlar – kinoň “A”-syndan “Ya”-syna çenli ýazypdyr, bir amerikaly aýal kinoçy. Biziň kinomyzyňam wagty golaýlap gelýär. Ýekeje gol çekilmeli ýer galdy. Ssenarini rusça geçirmäge berdiler. Sapar Jallyýew režissýory, rus dilini türkmençeden gowy bileni üçin terjime edýärler. Kinoň tehnikasyna ökde diýýärler. Belki, bir düşünşip işleşip bolsa. Häzir-ä ol adamyň bize sylagy uly, görmeli-dä. Ýeser ýeri kino at hakynda bolansoň, biziň režissýorlarymyza ýat. Olar aty bilenoklar. Arada B.Abdyllaýew bilen L.Stepanskaýanyň at hakynda bir zadyny görkezdiler TW-de. Kino diýer ýaly däl. Aty düýbünden bilmeýän adamlar. Dogrusy, masgaraçylyk. Bolmanda seýisleriň birini konsultant edäýmeli ekenler. Bolmajak zatlar. Biziň ssenarimizem şeýdäýmekleri mümkin, şonuň üçin ýanlarynda bolasym gelýär. Şu günki kitapdan bir zada düşündim. Kino-da saz ýaly bir zat. Notalar belli, sanaýmaly, perdeler belli – olardan çykjak gümanyň ýok. Ýöne saz döremegi üçin başga bir talant gerek. Kinonyňam düzgünleri bar, olaram sanaýmaly. Olardan çykyp bolanok, emma her kim şol bir düzgünlere eýerip dürli-dürli kinolar alýar. Kimiňki çuň, kimiňki ýalpak. Ýadyma düşýär, Halmämmet Kakabaýew men ýaňy 5-6 sany hekaýam gazetde çykyp başlanda ýörite öýüne çagyrdy. Ýazan zatlaryňam alyp gel diýdi. Bardym. Manty bişiripdir. Meň hekaýalarymyň birki sanysyny okady. Maňa-da A.Haýydyňkydy öýdýän bir süýt satýan gyzjagaz hakyndaky hekaýasyny berdi. Hekaýa göwnüm ýetmedi. (Soň Halmämmet aga ondan “Kakam gaýdyp geler” diýip kino aldy. Erbedem bolmady.) Men o wagtlar uruş temasyny näbileýin, ýasama göründi. Bu zatlar hiç. Soň gaýtjak bolamda Halmämmet aga “Ýoldaşlaryňdan kim gowy ýazýar, kim bar?” diýip sorady. Men “Özümden başga hiç kim ýok” diýenimi bilýän. Gara çynym bilen diýdim. Sebäbi o wagtlar hiç kime göwnüm ýetenokdy. Ýogsa Atageldi Gara, H.Hally dagy bizden ulydy, uly zatlaram ýazýardylar. Şeýle özümden hoşal ekenim. Häzir welin, özümi hiç zat ýazyp bilmeýän öwrenje ýaly duýýan. Hekaýa ýaz diýseler ýazyp bilerinem öýdemok. Powest beýleki, esse-pesse ýazan bolup sypaýmasam. Ssenariý ýazyp biläýjek ýaly bolýan. Olam ýöntem. Çuň zatlary kinoda nädip edip bolýanynam bilemok. Waka, wakalaň yzyna düşmek. Garaz şeýle. Adam pahyr elmydam özün bilemz, ham-hyýalda. Emma, käbir zatlary görüp, gaharym gelýär, dişimi gyjaýan.
Teswirler (1 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
hawa Rubin hem utulypdyr.
Edil ýazylanlardan çen tutsam, at barada kino düşürýäňiz öýdýän. Kinonyň düşürilişi bilen hem-de soňundan çykan netije bilen görmäge şeýle höwesim uly. Ýagny bir düşürilen kinony görenmizde, "aý kino" diýip geçip gidip bileris, ýöne düşürilşi bilen görmek has gyzykly.
Eger garşy bolmasaňyz, kinonyň düşürilişine hem gatnaşyp, görmek islärdim.
Ýene-de bir gezek işiňizde üstünlikler.