Güýç
Köpden bäri şu saýt üçin hiç zat ýazmadym. Dogrusy,
ýazarynam öýdemokdym. “Her bir başlangyjy bolan zat, ahyry bir gün tamam
bolýar. Ekizler2-ňem tamamlanmaly wagty gelendir” diýip pikir edýärdim. Ýöne
nämäň haçan tamamlanjagynam, elbetde, haçan başlanjagynam Alla bilýär. Niçigem
bolsa, boş gürrňi uzaltmaýyn.
Soňky döwürde aklyma köp gelip geçýän zat güýç hakda
boldy. Ynsan durmuşynda köp kynçylyklary, islese-islemese başyndan geçirýär.
Kynçylyklaryň ululygy, kiçiligi, agyrlygy, ýeňilligi her kimiň özüne bagly.
Ýöne oňa garşy durmak üçin güýji nireden alýas? “Bu-da gecer”, “Adamyň başyny
alyp durjak zat ýok” diýen ýaly dşünjeler esasy direglermi? Geçmese näme? Seň
garaşanyňdan has uzaga çekse. Hatda şeýle kynçylklar bar olar indi ömür senden
aýrylmaýar. Mysal üçin, käbir keseller, käbir aýraçylyklar, käbir ýitgiler –
bulary yzyna gaýtaryp getirip ýa-da dynyp bolmaýar. Emma şonda-da adam
aňsat-aňsat aklyndan azaşmaýar ýa-da janyna kast etmeýär. Durmuşyny dowam
etdirýär. “Ýüklije geçýär” diýen bolýaň, garaz ýaşaýaň. Öňküligiň ýok, dişiňi
gysýaň, “beterinden saklasyn” diýýäň. Beterinden beterem hemişe bar. Birhili
seýiklenen ýaly bolýaň. Köplenjem ol seýiklenen ýer gyşyk bitýär. “Dagy näme,
öňküsi ýaly boljak bolsa, döwülermidi” diýýäň. Garradygyňça bu ýaralar gat-gat
gatlanyp başlaýar. Agramam agralýar. Saçyň oýnamaga agaranok, biliň keýpine
bükülenok, bogunlaryň ýönelige syzlanok. Bu halyň gutulgysyzdygyny ýuwaş-ýuwaş
boýnuňa alyp barýaň…
Birdenem kakam pahyr ýadyma düşdi. Ol garrasa-da kän
gussa batyp, gamlanyp oturmazdy. Käte ondaky içki güýjiň, men näçe ýaş ýigidem
bolsam, özümde pesdigini duýýardym. Segsenden geçensoňam ýörände agaç pola urulýan
ökjesiniň sesi “düňk-düňk” edip eşdilerdi. Ol kynçylygy çalt unudyp, ertirki
güni bilen ýaşamaga başlaýardymyka? Ýok, kakam gaty ýatkeşdi. Başyndan
geçenleri bir gürrüň berip başlasa, köpçülik dym-dyrs bolup diňleýärdi. Hojalykda
käbir işleri wagtynda edeňizok diýip käýinerdi. Mydama ýaşaýşyň içindedi. Käte “Kaka,
garraňsoň bir otur-da” diýäýesiň gelýärdi. Mümkin diýendirinem. Içimden diýen
gezeklerim-ä känem bolandyr. Emma, kakam nire, derdini çekip oturmak nire? Günlerde
bir gün, has dogrusy ýaňy-ýakynda, kakamyň garrylyk ýaşyna ýetemde munuň
sebäbine düşündim. “Ähli genial zatlar sada bolýar” diýileni çyn eken. Kakam
şükür etmegi başarýardy. Iň köp gaýtalaýan sözlerem - “Edenine şükür”. Hawa, her kimem şükür
edýär. Her gezek salamlaşamyzda-da, ýagdaýyň soralsa ilki bilen “şükür” diýýäs.
Ýöne köplenç endimize görä diýýäs. Hakykatda welin, çynyň bilen şükür eden
wagtyň ýüküň ýeňläýär. Depäňden basyp duran kynçylyk sähelçe-de bolsa aşak
düşýär. Şükür etdigiňçe-de agyr günler senden daşlaşýar. Ähli bulam-bujarlyklar
ýerli-ýerini tapýar. Çünki şükür sabyry getirýär. Sabyr ähli kynçylygyň
dermany. Sabyry ýitirseň ejizläp başlanyňy duýman galýaň. Sebäbi sabyrdan soň pikir
gelýär. Pikir edip bilseň, eýýäm kynçylygyň ep-esli ýeňledigi. Pikirden soň,
elbetde, zikir döreýär. Pikir etdigiňçe kynçylygyň manysyna, hökmanlygyna,
synaga düşünip, diliňe Allaň ady, ýüregiňe Allaň Özi ornaýar. Göwnüň giňeýär.
Sen ýene-de şükür edýäň, indi iň soňky nokada – zikire öňküden çalt ýetýäň. Muňa-da
şükür edýäň. Niredendir saňa güýç gelýär. Biygtyýar ýene şükür edýäň. Şüküriň
çuňlaşdygyça-da güýjüň güýçlenýär…
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.