Ylýas Haida | Gündelik | Hydyr Amangeldi

Ylýas Haida

Noýabr 24, 2017 | 1 teswir | 787 okalan

Hydyr aga salowmaleýkim. Siziň maşgala agzalaryňyz hakynda kakaňyz, ataňyz,agalaryňyz hakynda ýazanlaryňyzy uly gyzyklanma bilen okadym. Emma näme üçindir öz ekiztaýyňyz hakynda kän ýazmaýarsyňyz. Şol ýazgylar has gyzykly hem gymmatly bolarmyka diýýän. Bu siziň iniňiziň heniz ýaşap ýöreni sebäpli bolsa, onda ýalňyşýaňyz diýjek bolýan. Garaz, gönüjämi aýtsam, siziň Ylýas aganyň döredijiligi hakynda pikirleriňizi bilmek isleýän. Siziň kinolaryňyzyň edebi esasyny ýazanlar diýip ikiňiziňem adyňyz bilen çykýa. Ony kimiň ýazýanyny bilesim gelýär. Belki Ylýas aga-da siz hakynda gowy bir zat ýazyp biler. Gowy diýýänim taryhda galjak ýazgylar ýazar diýip garaşýan. Bu haýyşymy oňa-da ýetirmekçi. 

 

Waleýkimsalam! Maşgalamyz hakynda entek ýazmaly, ýazasym gelýän zatlarym kän. Ony öz neberämiz, Amangeldiýewlerüçin (esasan) ýazamsoň, biraz arkaýynrak ýazýan. Ylýas hakda-da ýazmakçy. Obýektiw ýazjak bolýan, ýöne şonda-da subýektiw boljakdygy belli. Mesele onda-da dälmikä diýýän. Käbir meselelerde ýalan ýazmakdan gorkýan. Çeper, gyzykly bolsun diýip, kakam gürrüň berende owadanlaşdyraýýardy. Men şony edip bilemok. Ýalan sözläniňden bazarda oturyp sogan satanyňam gowymyka diýýän. Aýytjak bolýanym, sogan satmak aýp diýdigim däl, oňarýan işiňi edeniň gowy diýesim gelýär. Indi sorapsyň, häzirlikçe, Ylýas hakda kelam agyz. Ekiz bolup dünýä inmek, dünýä inmekdenem aňyrda bir adamlyk ýeri, ene garnynda paýlaşyp, dokuz aý ýaşamak juda täsin. Ylýas ikimiziň şol paýlaşyp ýörşümiz. Kyn günlerem, gowy günlerem, edebiýatam, döredijiligem, (esasan kinossenarileri) paýalaşyp ýörüs. Kinolaryň edebi esasyny men ýazýan diýsemem, Ylýas ýazýar diýsemem ýalňyş bolar. Belki, ýaşym ulusyrap (15-30 min) biraz gepimimi gögerdýän ýerlerim bolýar. Ýöne esasan bile ýazýas.

Ylýasyň ýazýanlaryny gowy görýän. Inçeligini, şahyranalygyny halaýan. Meniň ýazýanlarym, gödegräk, agyrrak, düşnüksizräk bolup çykýar. Şonuň üçin Ylýasyň okyjysy känmikä diýýän. Ylýas durmuşda has praktik. Iki aýagynam ýere berk diräp pikirlenip bilýar. Men biraz hyýalyrak. Mysal üçin, bir gezek, Rumyň milleti hakynda jedel çykdy. Ol parsmy, türkmi, türkmenmi diýen ýaly. Men Rumy ol jedellerden beýikde durýar diýdim. Ylýas razylaşmady. Biziň myhmanymyzam razylaşmady. Gürrüň Ylýaslarda boldy. Soň myhman gaýdansoň, Ylýas meniň aýdaýanlarymyň dogrydygyny, ýöne myhmanyň göwni üçin onuň tarapyny tutanyny aýtdy. Men şeýle “diplomatiýany” oňaramok. Durmuşda aljyrasam Ylýasdan maslahat soraýan. Köplenjem onuň maslahatyny diňleýän, makullaýan. Biz bäş erkek dogan. Ylýas meniň ýeke jigim bolýar. Eger altmyşy ortalaňsoňam jigi diýmek dogry bolsa. Aýtjak bolýanym, Ylýas bilen beýleki agalarymdan has köp görüşýän. Ylýas bilen has ýakyn gatnaşýan.

Taryha girmek diýen ýaly bir zatlar ýazypsyň welin, halamadym. Biz nire taryh nire?! Gurbannazar, Nury Halmämmet taryha giren adamlar. Taryha süri bolup girilmeýärmikä diýýän. Göwnüňe alma, ýöne bu şeýle. Kiçigöwünlilik edýändirem öýtme.

Ylýas bilen baglanşykly köp ýakymly ýatlamalarym bar. Olary soňa goýup ýörün. Biz diňe ene garnyny däl, bir döwüm gara çöregem iki paýlaşmaly bolupdyk. Inşalla, jigim hakda entek ýazaryn diýen umytda. Sag bol, sowalyň bilen ekiz taýym bilen ýene bir gezek ýakynlyk duýgusyny başymdan geçirdiň. Elimden gelse, bir halat serpaý bererdim. 

Teswirler (1 sany)

Nowcha:
01 Dekabr, 2017

Halandy

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.