Peýda
Peýdaly bir zat ýazasym gelýär. Saýta girýänler
özlerine peýdasy degjek ýazgyny, pikiri gözleýändir. Öňem bir kele “Dermanym
bolsady, başyma çyrşardym” diýdirýäler. Meňkem şoňa meňzeş. Özüm ýer ýesir
özüme peýdasy degjek akyly gözleýän. Onsoň bärik girip akyl satan bolup
oturmak, iň bärkisi, özüňi gülkünç ýagdaýa salmak ýaly bolýar. Şonuň üçin,
başdan boýun alanym ýagşy – adama akyl berere ýagdaýym ýok. Ýöne diýýär-ä “Her
närsäni bir köý bilen ýakarsyň, Deräni gün bilen dagy gar bilen.” Menem şoň
ýaly ýazyp janyna teselli gözleýänlerden, içimi döküp derdini ýeňletjek
bolýanlardan. Bu-da bir “köý”, “pişe”. Siziňem derdinşesiňiz, ýa-da tersine
okap, gaýybana gürleşip oturasyňyz gelýän bolsa, baş üstüne. Bu meniň üçin uly
dereje, abraý, biraz hetdini tanamazlygam diýseň bolýar. Niçigem bolsa, altmyşyň
ýarsyny aşan garryny bagyşlarsyňyz-da.
Dogrymy aýtsam, meni bir zat ýazjak bolsam, iň
çekindirýän zat – düşnükli zady düşündirjek bolýarmykam, bilinýän zady
bildirjek bolýarmykam diýen duýgy. Bu dünýede bilinmeýän zat bir barmyka. Rak
keseliniňem, bu gün-erte, dermanynyň tapyljagyny, Ýer togalagynyňam ahyry bir
gün okundan sypjagynam bilýäs. Şonuň üçin, şeýle bir rahat gürleşesim gelýär,
edil biri-biriniň ümüne düşünip oturan köne dostlar ýaly.
Bu gün bir piker kelläme geldi. Gurbannazaryň täze
goşgulary “Edebiýat we sungatda” çykanda olary okap, gowudygyna gynanalaram
bolandyr. Ine, şeýle bir samsyk pikir. Hawa, bolandyr. Ýöne olar gürrüňini
edeniňe, aklyňa getireniňe degýän adamlarmy diýsene. Adamda, kelläňe gelmeýän
sowal barmy?!
“Putin ýene prezidentlige saýlanmakçymyş” diýdiler.
Ýadyma Pygamberimiziň “Gul pygamber bolaýyn” diýip diläni düşdi. Bäh, adam
bilen adamyň arasynyň daşdygyny. Prezidentlik, şalyk hiç zat, pygamberlik
berlende gul pygamber bolmagy islemek nire… Ýer bilen Gök ýaly diýýäler welin,
ondanam daş görünýär.
Ýene bir ýyl gutaryp gelýär. Allaň bize ýagşylyk,
haýyr, hoş söz (bolmanda) aýtmak üçin beren 365 güni gutaryp gelýär. Ol
günlerem 24 sagada bölseň, ummadan çykjak sanlar çykar. Köpüsem boş geçen
pursatlar. Ne haýyr, ne ýagşylyk, ne-de hoş söz… Gurbannazaryň spektaklynda “Her
gün agşam “kime ýagşylyk etdim?” diýip özüňden sora” diýen manyda sözler bar.
(Doly, bolşy-bolşy ýaly ýadyma düşenok). Kakasy ogluna (Gurbannazara) diýýär.
Soň muny Gurbannazaryň aýaly Halnabat gelnejede tassyklapdy. “Eziz aga şeýle
adamdy-da. Biri bir zat diýip gelse, edip oturan işini taşlap gidibererdi”
diýipdi. Saparguly agamam (iň uly doganym) şeýle häsiýetlidi. Öz maşyny
döwükdir, bejerip oturandyr. Obadaş biri geler “Saparguly maşynyma seredip
bersene” diýer. Olam özünkini taşlap giderdi. Maşyn, traktor bejermäge gaty
ökdedi. Gelnejem bilen mydam şo häsiýetiniň üstünde igenşerdi. “Özümküni haçan
edemde bolmaýar” diýerdi. Men bolsa bu gün “Uly döwletden galan köpüklermi ahmyr
bilen sanaýan.” Kellämde-de bolgusyz pikirler…
Teswirler (1 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Agam, meňem kelläme biderek pikirler köp gelýär. Mysal üçin, bir döwürler tire-taýpa dawasyny döretmek üçin ýörite iş edinipdirler. Şol işi edenler indi türkmenleriň arasynda ýogam welin o bela dowam edip duran ýaly. Şu meseläni nädip çözüp bolar? Näme üçindir ýazgyňyzy okap bolup şu pikir kelläme geldi, oňam sebäbini bilemok.