mesele pikire düşünmekde | Gündelik | Hydyr Amangeldi

mesele pikire düşünmekde

Dekabr 07, 2017 | 0 teswir | 682 okalan

Aşgabat: 

07 Dekabr, 2017

Agam, meňem kelläme biderek pikirler köp gelýär. Mysal üçin, bir döwürler tire-taýpa dawasyny döretmek üçin ýörite iş edinipdirler. Şol işi edenler indi türkmenleriň arasynda ýogam welin o bela dowam edip duran ýaly. Şu meseläni nädip çözüp bolar? Näme üçindir ýazgyňyzy okap bolup şu pikir kelläme geldi, oňam sebäbini bilemok.


Inim, jogaby özüň ýazypsyň, munuň sebäbem, çözgüdem onuň biderek pikirdigine düşünmekde. Biriniň marylydygynyň, ýene biriniň çärjewlidiginiň ýa-da ahallydygynyň pikirini etmek hakykatdanam gaty biderek pikir. Muňa doly düşünmek üçinem wagt gerek bolaýmasa. 

Aýratyn sahypa açyp oturman sowalyňa teswiriň aşagyndan jogap berjek boldum welin – başarmadym. Owal şeýle agza bar diýip agza edenok. Kompýuter-dä gep düşündirip bolanok.

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.