Ýyl täzelenýärmi ýa-da könelýärmi? | Gündelik | Hydyr Amangeldi

Ýyl täzelenýärmi ýa-da könelýärmi?

Dekabr 17, 2017 | 0 teswir | 722 okalan

Ylýas bilen şeýleräk bir gürrüň gitdi. Ýylyň dowamynda köp zatlar bolup geçýär. Ýyl täzelenýär welin, sahypa agdarylan ýaly, bolup geçen zatlar tutuşlygyna geçen zamana öwrülip gidäýenok. Käbir zatlar ýeke ýylam däl, ýyllar boýy ýanyňdan galman gelýär. Sen ony her näçe taryha öwürjek boluber – peýdasy yok. Çagalygyňda gowy gören oýnawajyň. Ejeň, kakaň ýüz keşbi. Käbir aýdan zatlary. Käýýän ýerleri… Sanasaň sanap oturmaly. Olaryň içinde ýakymlysam bar, böwrüňe sanjylyp duranam bar. Biz welin, garabaşymyzagaý, “Täze ýyl” diýip, olaryň käbirini unutmaga, käbir zatlary täzeden başlamaga… çalyşýarys. Käte adamyň tutuş ömri bir ýyl ýaly. Başlangyjy bar, soňy bar. Häzirki “Täze ýyllar”, täzelenýän kalandarlar bolsa, şertli, özümiziň düzen hem kabul eden düzgünimiz, dessurymyz ýaly. Geçen ýylymyň gutarjagyna meniň-ä ynamym ýok, täzeden başladym diýýän zatlarymyňam “täzedendigine” güwä geçip biljek däl.

“Durmuş garalama depder däl, ony täzeden ýazyp bolmaýar” diýen ýaly bir pelsepe-de bar. Onda bu Täze ýyl baýramçylyklarymyz göwün aldamakmy? Ol manysyz bir zatmy? Bilmedim. Ýöne käbir adamlar üçin, ol hakykatdanam manysyz ýaly. Ömrümiz suw ýaly, arasy üzülmän akyp gidip otyr – sen ony isle ýyllara böl, isle aýlara, hepdelere, günlere…

Öňem bir altmyşa ýeten ýaşulydan “Elli ýaş nähili?” diýip sorapdyrlar. Ýaşuly “Elli ýaş tüýs diýen wagtyň eken. Sen altmyşdan habar ber” diýipdir. Başga bir ýetmişe ýeten gojadan “Altmyş nähilidir?” diýip sorapdyrlar. “Wah, altmyş ýaş ýigit ýaş eken, ýetmişden habar ber” diýipdir. Soň segsene ýetendenem ýetmiş ýaş hakda sorasalar ýetmişi segsen bilen deňeşdirip “Ýetmiş diýen wagtyň eken, segsene ýeteňsoň garrylygy bilýäň” diýipdir. Togsana ýetenem elbetde segseni öwer, ýüz ýaşam nesip etdirse, “togsana döneýin” diýersiň.

Suw akyp barýar, uzak akdygyça-da bady gaçýar. Bu tebigy ýagdaý. Ýöne ýüregimdäkini aýtsam, muň bilen razylaşasym gelenok. Ynsanyň ömri, göwnüme bolmasa, suw däl. Ol suw ýaly akyp gitmeli däl.

Dile geldi – bile geldi. Şu günler ürç edip suwda ýüzmegi öwrenýän. Dogrusy, owalam “Aý, men ahallydyryn, agyrdyryn. Suwa girdigim düýbüne giderin” diýýänlerden däldim. Özüme ýüzüp bilýändirin öýdýärdim. Indi görsem, ýüzmek nirden – suw pagşyldadýan ekenim. Mundan mysal getirýänim, çöpem suwuň ugruna akýar, ýöne ol ýüzenok. Altmyşam gowy eken, ýetmişem gowy eken… diýýän ýaşulyň düşünjesem, göwnüme, suwda akýanyň düşünjesine meňzeýär.

Şu wagt, göterip biljegindenem agyr ýüki alyp barýan eşege “Sen ýük çekme, ýüki äkit” diýseň, “Başymy agyrtmasana, men maýrylyp barýan” diýäýjek ýaly. Biz (biz diýäýýän, bagyşlaň, şeý diýmesem düşündirip bilemok) şol arkasy ýükli eşege meňzeýän ýaly. Gün-güzeranyň yzynda haýdap ýörüs. Men bolsa akmaly däl, ýüzmeli diýýän.

Emma biz akmaly däl, ýüzmeli ahyryn. Gün-güzeran aladasam muňa päsgel däl. Bolmanda dur, seret, oglum, agtygym mekdepden gelipdir. Bäşlik alypdyr. Ol ýyljyraklap, göwnünde müň hyýallar gurýar. Adam boljak, ýük çekjek däl, ýük äkitjek. Bolmanda şol çagaň arzuwynyň hakykat bolmagy üçin güzeranyň ugrunda ýaşaýanymyz her zada degenokmy? Aslynda ýüki çekenem, äkidenem şol bir işi edýän ýalydyr. Ýöne bu asla beýle däl. Megerem, ynsan ýük cekmek ücin däýük äkitmek ücin ýaradylan bolsa gerek. 

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.