Biziň ýüzümiz | Gündelik | Hydyr Amangeldi

Biziň ýüzümiz

Dekabr 29, 2017 | 1 teswir | 882 okalan

Oglanlar instagram diýip bir zada goşdular. Ýogsa bu pikirleri etmesemem etmezdim, onda-da täze ýylyň öň ýanynda. Ilki gyzykdym, geň gördüm. Gaty gowy suratlar, suratçylar bar eken. Özüm iki-ýeke surat goýdum. Beýlekileriň maňa goýýan laýklaryny sanadym. Soňam… bir ýagdaý gözüme ildi. Instagramda köp kişi öz suratyny goýýan eken. Dostlary bilen, ýeke özi, şatlykly, gussaly, çagalary bilen… Belki, bolmalysam şeýledir. Her kim özüni tanadýar, tanyşýar. Gatnaşyk gurýandyrlar. Ýöne bir zada üns berdiňizmi? Biçak ýüz kän. Her kim öz ýüzüni görkezmäge çalyşýar. Bir gezek, iki gezek däl – birnäçe gezek ýüz keşbiňi surata alyp, köpçülige açýaň. Görýan üçinem birinji, ikinji gezek gyzyklydyr, soň deňinden geçip gidýändirmikä diýýän. Sebäbi her kim öz ýüzüniň aşygy, her kim öz ýüzüniň köp görülenini, halanylanyny isleýär. Ony seň ýüzüň däl, öz ýüzi gyzyklandyrýar. Biraz konkretleşdirýän ýalam bolýan, ýöne men umuman şeýledir diýen pikirde. Elbetde, ilçilikdir, arasynda özüni däl, beýlekileri köp synlaýanam, özüne däl, beýlekilere aşyklaram bardyr.

Aýplaşmaň garrasaň şeýle bolýar eken – derrew öz döwrüň bilen deňeşdirip başlaýaň. Hakykatdanam ýüz meselesi biziň ýaş döwrümiz nähilidi – 1970-nji ýyllar? Biz oglankak aýnaň öňünde köpüräk egleniberseň “Näme gyz ýaly, aýnaň öňünden aýrylaňok?” diýip käýýeýärdiler. Surata düşmegem häzirki ýaly hezillik däldi. Gyzlaň suratyny dagy görjek bolsaň… Diňe klasdaşlar bolup bir ýörite düşülen surat bolaýmasa. Olam iki-ýekedir. Ýöne men öz suratyň, öz ýüzüň hakynda gürrüň edesim gelýär. Adamlaryň köpüsi (megerem) öz ýüzüni gowy görýär. Näme üçin gowy görmeli däl? Ýadyma düşýär bir gezek Gurbannazar Ezizowam murtlyja düşen suratyny görkezip “Lermotowa meňzeýän gerek?” diýipdi. Muň sebäbi her kimiň ýüzi gaýtalanmaýan bir zat. Senki ýaly göz, burun, dodak… garaz, sypat başga hiç kimde ýok. Bolubam biljek däl. Onsoň men nädip gaýtalanmajak eseri gowy görmäýin? Yogsa meniň ol eseriň döremegine hiç hili gatanjym bolmasa-da, ol meňki. Hudožnik surat çekýär, öz çeken suratynam gowy görýär. Bu düşnükli. Emma bizde-de edil şol suratkeşiňki ýaly, öz keşbimize, bedenimize garaýşymyz bar. Biz muny tebigy ýagdaý hasaplaýarys. Başga bir keseki ýüzlere welin, beýle garamaýarys. Bu mümkinem däl. Instagramda näçe müňläp ýüz bar – nädip olary öz ýüzüňi halaýşyň ýaly halajak? Bu şeýle. Ýöne şu häsiýetimiziň aňyrsyna bir ýöntemlik bar ýaly bolup dur. “Daş keşbiňe däl, içki keşbiňe üns bermeli. Öz ýüzüňe däl, iliň ýüzüne bakmaly” diýen ýaly, müň gezek eşden akyllarymyz ýadyňa düşýär.

Kakam pahyr gürrüň bererdi – biz Ylýas ikimiz körpe ekizleri emedekläp öňüne baranymyzda birimizi gujagyna alyp “oglum” diýipdir. Atamam “Haý, ýüwel. Kakaň dirikä özüň entek ogul” diýip kakamy utandyrypdyr. Bu hadysany kakam haýran galyp birnäçe gezek gürrüň beripdi. Her saparam kakasynyň “ýüwel” diýmesini dogry hasaplardy. Men welin, näçe islesemem atamyň aýdanyny makullap bilmeýärdim. Sebäbi ogullarymy kakam dirikä gujagyma-da alýardym, oglumam diýýärdim. Elbetde, kakama görünmänräk. Indiki ýaşlar bu düşünjeden uzaklaşyp gitdi. Menem ogullarymy agtygymy gujagyna alyp, “oglum” diýeni üçin, ýüwel hasaplamaýaryn. Indi düşünjeler, edepler, däpler üýtgäp gitdi. Olaryň haýsysynyň dogrudygynam kesgitlemek kyn. Her däp adamlaryna, köpçülige görä.

Ana, instoramda ýene bir ýüz ýylgyryp maňa seredýär. Oňa “haladym” diýip, ýürejik goýaýyn. Ýöne şonda-da bu ýagdaý meni oýlandyrýar. Biziň öz ýüzümize aşa aşykdygymyz ynjalykdan gaçyrýar. Hamala, atam aňyrdan “ýüwel” diýip duran ýaly.  

Teswirler (1 sany)

Ýowuz:
20 Fewral, 2018

Sol pahyrlary direldip getirseñ häzir, yzyma, gabra girjek diýerdiler..

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.