Abraýyňy goramalymy?
Emma goralýan abraýdan abraý bolarmy? Abraýyň özi
özüni goramaly dälmi?
Bir gepinde, türkmeniň iň meşhur futbol treneri Gurban
Berdiýew: “Subut etmeli diýseler geň galýan, sen işiňi kemsiz et” diýýär. Bu
hakykatdanam şeýle seň kimdigiňi diňe işiň subut edýär, tanadýar. Saňa azara
galyp, başga ýollar gözläp, kimdigiňi subut etjek bolup ýörmegiň geregi ýok. Seň
ýaşaýşyň, prinsipleriň, saňa abraý getirýän zatlaryň ählisi, belki şol abraý
diýilýän zadyň goragçysydyr?! Mysal üçin, men abraýymy gorajak bolup, bir işe
girjek bolamda kontraktda özüme ýokary aýlyk isleýän.
Obamyzda bir keltejik boýly, ýuwaşja adam bardy. Şol
pahyr “Köçäň gyrasynda aýallar duran bolsa, ardynjyran bolýan. Olaram derrew
ýaşmaklaryna ýapyşýalar. Ýanlaryna ýakynlaberýänem welin, “Ahe-eý, plany-la”
diýişip ýaşmaklaryny syryşyp öňki gürrüňleri bilen boluberýäler” diýerdi. Ýok,
o ýaşuly obada biabraý adam däldi. Il-günem ony sylardy. Ýöne pahyrda peşeneli,
haýbatly ýaşuly sypaty ýokdy. Birhili boýy kelte bolansoň, hasam oglan ýaly
görnerdi.
Bir dostum bardy, pahyr dünýeden ötdi. Gaty gowy
görüşerdik. Günde-günaşa ýanyma gelerdi. Ol ölmeziniň sähelçe ýyl öň ýany
sakgal goýberdip, telpek-don geýdi. Oňa bu görnüş gowam gelişdi. Her kim ony
gutlady. Olam begendi. Soň bir günem gelip: “Daş sypatyňy üýtgedeniň boljak däl
eken, içiňem üýtgetmeli eken. Esenguly taraplaryna, deňiz ýakasyndaky obalaryň
birine göçüp gitsem diýýän. Deňiziň howasam maňa gowy ýaraýar” diýdi.
Demigysmasy bardy. Ýöne göçüp bilmedi. Ýa-da ýetişmedi. Ýöne onuň şol aýdanlary
maňa gaty täsir etdi. Bu-da abraýyňy gorajak bolmagyň bir görnüşimidi –
bilmedim.
Onda adamyň özi özbaşyna, abraýy özbaşyna bolmalymy?
Türkmeniň aýal-gyzlarynyň milli egin-eşigi – bu-da
abraýyňy gorajak bolmagyň bir görnüşimi? Aslynda abraý diýleni eşik bilen,
sakgal bilen gorap bolýarmyka? Käbir “sakgalylaryň” bolşundan, ýaşmaklylaryň
dilinden utanyp ýere giren gezegim bolupdy. Sizde-de bolandyr. Onda
ýaşlarymyzyň höwes edýän zady – ýewropa ýaşaýşyna geçmelimi? Olarda “grajdan
nikasy” diýilýän zad-a adaty zat, ondan has beterlerem gaty bir geň görülip
barylanok.
Bu pikirler aklyma agram salýar. Bir günüň dowamynda
birnäçe gezek iman bilen abraý dileýän kakama indi düşünýän. Adam bu dünýede
iman bilen imansyzlygyň, abraý bilen biabraýçylygyň gyrasynda, gylyň üstünde
ýöreýän ýaly ýöräp ýaşaýan eken. Megerem, abraýam edil iman ýaly ilgözüne
bolsa, diňe daş görnüşe öwrülip durberjek. Gurban Berdiň sözüni bir azajyk
üýtgedip sen özüňi biabraý etjek zatlardan, imandan aýyrjak işlerden daş dur –
imanyňam, abraýyňam öz-özi artar diýesim gelýär. Ýogsa biz bilemizokmy,
imansyzlygyň, biabraýçylygyň nämedigini? Muny diýmek aňsat, etmek kyn. Ýöne şu
pikirler bir mydama aklyma agram salyp durawersin…
Teswirler (2 sany)
Salam Hydyr aga!"Şu dünýede abraý, ahyretde iman ber”-dp bizede çagalykda ýatmakak gaýtaladardylar... Soñ şu dilegdäki "Şu dünýede abraý"-diýýänini birhili gördüm. Aýdaly Zeýit uly hem gybatkeş bir obada ýaşaýar. Onuñ ogly ýerinde ogly gyz ýerinde gyzy bar. Oba gybatkeş... aýagyñy gyşyk basmak beýlede dursun, aýagyny bir wagt bir ýerde gyşyk basan señ ýanyña gelse-de uly gybat dörejek we onuñ abraýy gaçjak.Ýöne ol şonda-da, abraýyny saklamagy başarypdyr. Zeýidiñ gyzyny gelin edinmek isleýän ýat ýerliler gelip obadan ýeke ýeke sorag ideg etseler, adamlar: "Zeýidiñ gyzyny alyp bileniñ armany ýok" -diýýär. Ýa-da ogullaryndan birini öýermek isläp gelinlik gözlese: "Zeýidiñ ogluna gyzyñ bolsa beribermelidir. Asyl, gadym, abraýly hojalykdan. Zeýidiñ aýalam gyzkada abraýly ýeriñ maşgalasydy...." we.s.m gürriñli abraýly. Bolanymyka?!. Mundan çuñda başga bir zatlar ýokmyka?!. Ýol mundan añryk gitmeýärmikä?!. Eger bu bar bolany bolsa Zeýit ýoluñ soñuna gelipdir. Indi?!...
Näme üçin ala-böle şu dünýedekä, abraý eýsem tutuş adamzadyñ hem Hudaýyñ öñünde gerek dälmikä?!. Bu dünýede imanyñ bolmasa o dünýäni göreñsoñ ynanmak, peýda berýämikä?!. Iblisem bilýär-ä o dünýäñ bardygyny...Birnäçe adamyñ, bir obañ ýa bir halkyñ ýa bolmasa tutuş ýer ýüzindäki adamlañ köp bölegi bizi abraýly adam hökmünde görkezmesi ýeterlikmi?!.(eger ahyretde abraý bolmajak bolsa) Öñem bir tanşymyñ ýanynda: "Adamlar pylan-pismydan diýdi diýip ýaşajak bolsañ ömür boş geçer. Näme üçin kimdir birine, ýa-da haýsydyr bir oba, şähere... gowy görünjek, abraýly boljak bolmaly. Ondan öz ynanýanja ýoluñdan maýdalyña gidiberseñ has gowy bolar"-diýemde, Pygambermiz sahabalary bn durka iki sany jenaza deñlerinden geçende, sahabalar birinde "Gowy adamdy" beylekisinde "Erbetdi bende"-diýen ýaly sözleri aýdanlarynda, Pygamberimiziñ hersinde üç gezek: "Wajyp boldy!" diýenini, sebabini soranlarynda "Sizin her biriñiz Allatagalanyñ şu dünýädaki şaýatlarysyñyz"-a meñzeş hadysyny ýatladypdy....Emma ahyretde şaýatlygy kabul edilmejek, hiç kime şepagat edip bilmejek adamlaryñ sypatladyrylýan sypatyndaky adamlar häzir juda köp... eger amala seretmeli bolsa... Onda biziñ agzaýan abraýmyz "abraýdan" gaçyberenokmyka?!.. ýa-da abraýly bolup bir zatlar etjek bolmak(il gözine) ryýakärlige hem ikiýüzlilige eltmeýärmikä?!. Hem bu abraý diýýän närse döwirler görä üýtgäp durmaýarmyka?!. Ýokarda agzan abraýly Zeýidimizi maşgalasy bn 18-nji asyra oklasak şonda-da öz döwrindäki ýaly abraýy bolarmyka?!. Ýa-da obany Zeýitlerden dolduryp, 18-nji asyrdan Zeýidiñ obasyna bir adamy getirsek?!.. ýada, häzir haýsydyr bir syýahatçynyñ "Olar ähli babatda erkeklere gaýry dur diýdirýärler. Adamsylary oýanmaka tamdyrda çöreklerini bişirýärler, bu işde hasam Teke zenanlary ökde"-diýen şözleri ýadyma düşýär. Indi biz Zeýidiñ gyzyny alyp agzalýan döwirdäkiler görkezsek hiç hili abraýy bolmada gerek...
Belkem biz bu dilegi biraz üýtgedip(iki söziñ ýerini çalşyryp) "Şu dünýede iman, ahyretde abraý ber!" diýsek nähili bordy... onda ata-baba nesilden-nesle geçip gelýän dileg ýalñyş dileg edilipdir diýmek bor belkem... ýöne Türkmeniñ Yslam taryhynda ýalñyşlyklar ýok diýiljek derejedemikä diýän...
ýa-da...
Belkem, abraý sözine söziñ göni manysynda düşinmelidir?!. (ab-u-roý; abraý; ýüziñ suwy)
Gazalyda: "Haýa-Imanyñ alamatydyr"-diýen ýaly manyny berýän bir söz bardy... onda, Abraýam imanyñ alamaty, eger göni manyda düşinsek... ýüziñ suwly bolmak bolanda özimä haýa dp düşinýän. Onda bu dilegi üýtgedip oturman başky sözlerde diläp, abraýa söziñ göni manysynda düşinsek maksada laýyk bolmazmyka?!. Siz nähili pikirde Hydyr aga!..
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Söygüli yazyjymyñ "sen özüňi biabraý etjek zatlardan, imandan aýyrjak işlerden daş dur – imanyňam, abraýyňam öz-özi artar"diyen sözleri bilen doly ylalaşyan we örân dogry,jaydar aydylan hasaplayan.Şu ömrümde henize çenli biabrayçylykdan gorkup yaşayan,bilemok gaty gorkyan.Ol mydama meniñ bilen her etjek hereketimde akylymda aylanyp yòr.Adam üçin Abray juda möhüm zat yaly.Onsuz kim bolay,haysy wezipede işleseñ işlây-bary biderek.Gelin gyzlaryñ egin eşik meselesi hem belli bir babatda abraya tâsirini yetiryârmikâ diyyân.Çünki adamyñ daşky görnüşi-geyniş stili hem onuñ neneñsi ynsandygyndan azda kànde habar beryàr.Yewropa yaşayşyna geçmâge hâ özümâ garşy, musulmançylyga sygyan bolsa,onda başga gep. Abray bilen biabrayçylygyñ arasy bir âdim,şonuñ ùçinem abraýy goramak gaty kyn.Kyn bolsa da,başga alaç yok,ony hökman goramaly.Yöne abrayam hil hil bolya diyip pikir edyân.Hakyky abray il gözünde dâl de,içden,hiç bir yalan dona bürenmezden,ikiyüzlülikden uzakda bolup, iñ esasysy hem düybi imandan gaydyan bolmaly.Biabrayçylykdan Yaradanyñ òzi gorasyn.
Sagboluñ, zerur tema.