Köp keseliň gözbaşy | Gündelik | Hydyr Amangeldi

Köp keseliň gözbaşy

Aprel 19, 2018 | 1 teswir | 841 okalan

 Öňem çagalygymyz, oglanlygymyz hakda ýazanam bolsam, ýene-de şondan başlasym gelýär. Hakykatdanam ynsan, Ekzýuperiň aýdyşy ýaly, “çagalygynyň dünýesinden gelýär”. Biz (Ylýas ikimiz) çaga ýaly görülip ulalmadyk. Bize asla oýnawajam alyp bermediler. O döwürler, mümkin, oýnawaç gyt bolandyr, bilemok. Ýöne başlygyň ekizleri üçin, gyt bolmanam bilerdi. Gyt bolsa-da tapyljak bolunsa tapylardy. Emma hiç tapjak bolmandyrlar. Köp çagalaryň güýmenjesi aşykdy. Ylýas ikimiziň aşyk bilenem serimiz ýokdy. Bize derrew okamagy öwredipdirler. Uly adam ýaly görüpdirler. Ejemiň meni uranyny bilmeýändigimi, kakamyňam ýekeje gezek, öz dilinde aýtsam, “syçanyň guýrygy ýaljak” çybyjak bilen çalanyny öňem ýazypdym. Men muny gaty uly terbiýe hasaplaýan. Hasam käbir häzirki aýallaryň “Dogman geçen”, “Ýer ýuwdan” hem ş.m. sözleri çagalaryna oýlanman aýdýanlaryny, şapbatlarynyň gerek bolsun, bolmasyn, mydama taýýardygyny görüp, munuň gaty uly, bahasyna ýetip bolmajak terbiýedigini görýärin.

Biz, türkmenler çagalarymyza ilki bilen diýen ýaly ula hormat goýmagy, salowmaleýkim diýmegi, iki eliň bilen salamlaşmagy, ýaşulynyň diýenini etmegi öwredýäris. Soňam her bir ýetginjekde, ýigitde “agam” sözüni köp ulanýandygyny görýäris. Türkmeniň ýaş ösdürimi aňsat-aňsat “akylyň kän bolsa, göläňe dogra, ýaşuly” diýmeýär. Ilçilikdir, elbetde, iki-ýeke diýýänem bardyr. Ýöne gürrüň olar hakda däl. Türkmeni ýaşulyny sylaýan, ula gaýtargy bermeýän, umuman hormat goýmagy başarýan millet hasaplaýan. Hatda biriniň “ýaşulyjan” diýeninem eşitdim. Bu häsiýet gowy häsiýet bolany üçin, megerem, ony edep-terbiýämiziň sütünleriniň biri edinýändiris. Bizde “men kämillik ýaşyna ýetdim, indi öz bilişim ýaly ýaşajak” diýen ýaly düşünje ýok diýen ýaly. Hatda käbir welaýatlarda ene-ataňa “siz” diýip ýüzlenmeseň geň görülýär. Özünden uly doganyna, goý, bir ýaş ulam bolsa, “aga” sözüni goşup gürleşýärler.

Biz welin, Ylýas ikimiz, özümizden ýigrimi ýaş uly doganymyzyňam adyny göni tutardyk. Öz ýaşymyz kyrkdan gowy geçensoň, doganlarymyza “pylan kaka” diýip başladyk. Bize hiç kim oglankak “doganyňa pylany” diýme “pylan kaka diý” diýip öwretmedi. Bizem bolmalysy şeýledir öýtdük. Ýöne, dogry, biz ýaş kiçidigimizi bilýärdik. Doganlarymyzyň ýumuşy bolsa iki diýdirmän etjek bolýardyk. Asla biz az käýinç alardyk. Ýöne agalarymyz bize köp düşündirerdiler, öwrederdiler. Nahar iýip oturanam bolsalar “Pylany, şuňa düşünmedim” diýip barybermelidir. Doganlarymyz kyn görmän düşündirýärdiler. Olar biziň bilen köp küşt oýnardylar. Küşdem haçan öwrenenimi, kimiň öwredenini, edil harp öwrenşim ýaly, bilemok. Megerem gaty kiçi ýaşda öwrenendiris. Biz baş erkek, iki aýal doganlaryň arasynda başga bir hormat-sylag bardy. “Bar, ugrasana, öz işim özüme ýetik” diýen sözi hiç doganymyzdan eşitmedik. Hapa sögünç, kemsidilme, gargama diýen ýaly zatlar-a asla ýatdy. Emma lälik däldik diýesim gelýär. Sebäbi hiç kimden üýtgeşik geýinmedik, hiç kimden üýtgeşik iýmedik. Bir artykmaç gören zadymyz Pöwrize jülgesi hem Arçman kurortydyr. O ýerde-de çaga kän bolardy. Hemmamizem deňdik.

Gürrüň gaty uzap gitdi. Dogrusy, hormat hakynda, kim-kime hormat goýmalydygy hakynda başlapdym.

Indi hormatyň şeýleräk bir görnüşi bar: senden gorkymdan, senden bir bähbit hantamalygymdan ýa-da mejbury hormat goýulýar. Sen onuň ýanyndan aýryldygyň o hormatdan nam-nyşan galmaýar. Gaýta “Şu ýaşulam ýyk-daý” diýilýän bolmagyňam mümkin. Bu ýasama hormat. Bu hormat goýýanam, hormat goýulýanam öldürýän bir keselmikä diýýän. Ruhuň iň ýigrenýän zatlarynyň biri, megerem, ýasamalykdyr. Ýasama ýylgyryşlar, ýasama çapak çarpmalar, ýasama “berekellalar”, ýasama hormat  - bu gaty agyr kesel diýesim gelýär. Eger özüňizde, maşgalaňyzda, içeriňizde, dogan-garyndaş gatnaşyklaryňyzda şu kesel bar bolsa, muny bejermegiň alajyny gözlemeli bolaýmasa.

Munuň alajy nämekä? Nädip muny bejerip bolýarka? Şu hakda köp oýlanýaň. Jogabam tapmak kyn. Ýöne megerem, kiçilikden adam ilki bilen özüne hormat goýmagy öwrenmelimikä diýýän. Başga birine hormat goýmak, özüňe bolan hormatyňdan dörese. Özüne hormat goýýan adam başga birine ýasama hormat goýmajak ýaly, ýasama ýaranjaňlyk etmejek ýaly, seň ýanyňda gowy görnüp, sen gideňsoň, etme diýeniňi etmejek ýaly görünýär. Ähli keseliň gözbaşy özüňe hormat goýmagy bilmeýänimzde bolaýmasa. Kiçiligimizden hormat goýulmaga mynasyp ynsandygymyz aňymyza guýulyp ulalmagymyzdan bolaýmasa. Çaga ýalňyşanda onuň ýalňyşyny düzetmek däl, onuň ýalňyşyna ene-ataň gynanmagy gerek. Sen oňa “haýwan” diýersiň, “şeýtmeli däldigini bileňokmy, pekge” diýersiň. Çaga-da özüniň haýwandygyna, pekgedigine, nalajedeýindigine, mekirdigne, ogrudygyna, ýaranjaňdygyna… ynanar. Bu uly betbagtçylyk. Şeýdip, ula “hormat” goýýan, daşyndan “edepli” diýdirýän namart, bigaýrat adam ýetişip biler. Hemmesem onuň özüne hormat goýmalydygyny bilmeýändiginden, oňa şuny öwretmändiklerinden döreýär diýip düşünýän.  

Teswirler (1 sany)

Ayjemal Gurbanova:
26 Maý, 2018

Çaga psihologiýasyna dykkat bilen çemeleşilmese, ene-ata kellesini müň daşa uranda-da haýyr etmeýändigine giç düşünýär.
Hol bir günem ejesi ogluna "Gaýdyp etme diýdimä saňa şuny eşşegiň çagasy diýse" diýip käýese ogly:
"Men seň çagaň bolsam, onda sen eşşek bolýaňda!" diýip gaýtarypdyr.
Iň esasysy hem ulularyň muňa parhsyz garamagy. Geljek nämä öwrülip barýar...Onuň özi saklasyn!

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.