15.02.12
Agşam düýşüme Hüdaýi hojam giripdir. Daňa golaý. Üýtgeşik bolan zadam bolmady, nämäň-nämedigine-de doly düşünip bilmedim. Sagat jyňňyrdady. Oýandym. Namaz wagty bolupdyr. Ýöne oýananymdan soňam Hüdaýi begiň ýüzi göz öňümden gitmedi. Göresim gelýän bolarly. “Türkiýede durşuna gar, Hüdaýi beg nädýärkä?” diýibem pikir edýänimden giren bolmagy mümkin. Aslynda, adamyň öz isleýän işinde işläp bilmegi uly bagt. Hojamy bir gowy žurnala redaktor etseň. Ol edebiýat adamy. Şol bir duýgyny menem ýaşaýan. Häzirki edýän işimden has peýdaly işler (dogrusy, özüm üçin has gyzykly işler, peýdasyny Alla biler)edip bilerdim diýýän. Emma Alla şuny isleýär, boýun bolmaly. Haýsysynyň haýyrly boljagyny biz bilmeris. Belki, has haýyrlysyny etjek bolmak, kejirlikdir. Käbir zatlary durmuşyň özi ugrukdyryp goýberýär. Bize düşen paý şu gün. Ertir biziňki däl. Biz bolsak hemişe ertire eýe boljak bolýarys. Şu gün Ýaradany närazy etmmesek, galanyny Özi ýola salar. Içki dünýämiziň daşky ýaşaýşymyza gaty uly täsiriniň bardygyny duýýan. Eger içiňi dürs, dogry, arassa saklasaň daşyňy, ýagny hereketleriňi, edýän işleriňi dürs, dogry etjek bolup derde galmagyň geregem ýok. Bar bela “Kelläme bir pikir geldiden” başlanýar. Gelen pikiri, entek ýoldaka elekden geçirip bolaýsa. Emma, şeýle bir günler bolýar, bir hereketi edesim gelýär, içimdenem “sabyr et” diýýän. Ahyram, çydaman şol hereketi edýän. Olam käte dogry, käte ýalňyş bolýar. Haýsy köp şonam bilemok. Megerem, ýalňyş köpüräk bolaýmasa. Garaşmagy oglanlykdan halamazdym. Alaňsaklyk, galdawlyk, derrew netijä ýetjek bolmak, netijä ýetýänçäp ynjalyp oturyp bilmezlik oglanlykdan bar häsiýetim. Käbir gazak pisint, irimçik, hereketleri haýal, gürlände-de howlukman gürleýän adamlara gözüm giderdi. Men-de welin serçäň ýüregi urýan ýaly, hiç karar berip oturyp bilemok. Oturmalam bolýar, ýöne bu maňa gaty kyn düşýär. “Öljek hassa ölüp dynsa ýagşy” diýen söz köplen ç akylymda, dilimde. Häzirem kino meselesiniň uzaga çekmesine horlanýan. Alladan dileýän. Esasy dilegimem: “Şol kino sebäpli ahyretde, iki dünýede ýüzigara etme!” diýýän.
Mergeniň getiren kitaby gaty peýdaly, gowy kitap eken. Bu-da Allanyň yşaraty bolsa gerek. Oňatlyga ýorýan. Oňatygadygyna ynanýan.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.