Ylymyň aňyrsyna çykan
Owal her kim gyradeň ýaşaýardy. Baý adamam baýlygyny töwereginden gizleýärdi. Şol döwürler (SSSR zamany) bir zawmagyň işine welosipedli gatnaýandygyny, hatda maşyn almaga-da gorkýandygyny gürrüň bererdiler. Geň galýan, o wagt baý bolaňda-da baryp gymmat baha zat aljak gümanyň ýok ýa-da kaşaň jaý sadyrýan, daşary ýurtlara gezelenje gidýän ýok. Onsoň baýlyk ol adamlaryň nämesine gerek bolduka diýýäň. Çagaňy okuwa saljak bolsaňam ummasyz çykdajysy ýokdy. Selhoza zada gowja bilseň ýa-da taýýarlyk kursda bir ýyl okasaň, şeýle-de alýardylar. Gürrüň baýlyga çekip barýar. Süýji zat bolarly. Aslynda başga zadyň gürrüňini edesim gelip, gepe başladym. Ýene ýekeje deňeşdirme – öňler okuwly bilen okuwsyzyň kän bir ullakan tapawudy ýokdy. Her kim gazýet, žurnal okaýardy. Sowet edebiýaty žurnalyna oba daýhanlaryna çenli garaşýardylar. “Edebiýat we sungat” gazeti elden-ele geçip, meýdan düşelgelerinde okalardy. Rus dilinde oba adamlaryna çenli düşünşip bilýärdiler. Türkmenistanyň ähli ýerinde “Wremýa”, rus dilindäki kinolar görülýärdi. Onsoň okuwly weternar ýa-da zootehnigiň sygyr çopanyndan artykmaç bilýän zady ýokdy diýseňem bolýar. Elbetde, okuwly bilen okuwsyz deň däldir. Deň bolsady, mal dogtoryny gözlemezdiler. Ökde mal dogtorlary edil beýleki wraçlar ýaly öýünde oturtmazdylar. Ýöne adamlaryň umumy sowat derejesi gaty ýakyndy. Indi birhili şol aralyk daşlaşyp barýan ýaly. Mysal üçin kompyuter programmisti häzir “ylymyň aňyrsyna çykan” ýaly görünýär. Ýa-da iňlisçe, orsça, türkçe, türkmençe gürläp oturandyrlar. Bu ýaşlary görüp, “Biz-ä bulaň ýaşynda diňe orsçany el-hal bilsegem özümizi okuwly hasaplaýardyk” diýeniňi duýman galýaň. Elbetde, ilçilik, “eli diplomly adyny, familiýasyny ýazyp bilýär diýäýmeseň, başga bilýän zady ýok” diýdirýänlerem bar. Gürrüň olar hakda däl. Meni şol köp dil bilýän, kompýuteri özi ýasan ýaly diýdirýän ýaşlar gyzyklandyrýar. Begenýäň, guwanýaň – tebigy ýagdaý, ýöne olaryň gynandyrýan tarapam barmy? Bolmasady, müň gepiň başyny agyrdyp oturmazdym. Belki, men ýalňyşýandyryn, (käşgä ýalňyşsadym, begenerdim) ol “ösen” ýaşlar göwnüme bolmasa türkmençäni türkmen bolanlary üçin nälaç gürleýäne meňzeýär. Düýn internetden “Zöhre-Tahyr” dessanyny alyp, ýöne keýpine seredişdirip otyrkam şu küplete gözüm kaklyşdy.
Ýel degse zülpüň dagydyr,
Synamda yşkyň dagydyr,
Ýetmez men, ýaryň dagydyr,
Gözel wepadarym geldi.
Ýadyňyza düşýändir, muny Sahy Jepbar aýdym edip aýdardy. Şu küpletdäki üç sany “dagydyr” hersi bir many aňladýar. Dilimiziň şu şirinliginden dört dili bilýän (men muňa çynym bilen begenýän. Hatda bäş dil bilseler ýene az görüner) ýaş ösdürimlerimiz habarlymyka? Ondan lezzet alyp bilýärmikäler? Bäh, dilimiziň baýdygyny diýýärmikäler?
Ýa-da Ýunus Emre şeýle diýýär:
Bir kiçi miwe üçin
Dalı ynjytma köňül.
Ya-da
“Ýa haýyr diý, ýa hut sus,”
Dili ynjytma köňül.
Bu sözleriň syklygyna hem giňligine, hem ýeňil, hem çuňlugyna haýran galyp oturýaň.
Indi häzirki ýaşlaryň arasynda iň söýülip okalýan Gurbannazar Ezizowdan mysal getiresim gelýär;
“Ine, kawelergard Martynow,
Gysyp barýar pistoletiň gulagyn,
Nyşanasy diňe Lermontowam däl,
Nyşanasy seň ýaraly ýüregiň.
Bu goşgyny özi okanda, ýokarky iki setiri çalt, hopukdyrjy çalt okaýardy. Soňam sesinem, çaltlygynam juda haýalladyp soňky iki setir. “Ýaraly ýüregiň” diýende dagy zordan sesi çykyp, zordan dili aýlanýardy. Ýürek diýlen zadyň özi durşuna gan, üstesine oň ýaraly halynam göz öňüne getirdip barýardy.
Bapba Gökleňde-de gaty haýran galdyrýan şeýle setirler bar:
Kim galkar asman sary,
Ýolsaň guşuň ganatyn?!
Uçýan, uçmaýan bary
Bolmazmy garym-gatym!
Guşuň ganaty ýolma,
Bozma kaddy-kamatyn.
Bolsaň bol ýerde ýorga,
Ýolma guşuň ganatyn!
Bapba-da bu goşgyny okanda “ýo” harplaryny şeýle bir togolap aýdardy. Harplar edil gülle ýalydy…
Bahana bilen nähili şahyrlarymyzy, nähili täsin dilimizi ýatladyk. Şeýdip türkmen dilimizem ýatlama öwrülip, ýitip gidäýermikä?
Ýa-da dutar? Pürli agaň “Göroglyň at oýnadyşy” diýen sazynyň şirinligini duýman dünýeden ötse bir adam, muňa gaty gynanaryn. Girman bagşyň “Gürjüniňini” ýa-da Magtymguly Garlyň “Oýan indisini” bilmän ýaşap ýören türkmene-de diri bolsa-da gynanardym…
Teswirler (11 sany)
Diplomly adamlaryň "syz-lar" bilen deňeşdireňde aňry baş tapawut görmek mümkin däl. "Ýok how, diplomsuz hiç ýerik bytnap bolanok how. köçe süpürer ýörersiňdä, gir bir ýerik" diýip adamlaryň şeýle düşünjeler bilen geljekki nesliň aňyna täzeçe öwüşgin berýärler. Hakyna garanda remi okusyzlaryň ençemesi şereket başlyklary, medeniýet işgäleri, dilmaç bolup ýörler. We has da öndemli wezipe ýerine ýetirýärler. Hydyr aga,oye berlen taslama ishlerimizde biz halk aydymlaryny milli ýazyjylarymyzyň eserlerini çykyş denmizde diňleýjileriň ünssiz, iç gysma hallaryny görüp perişan bolýaň. Haýpyňam gelýär. tersine iki jümläni birleşdirenleri, döwrebap aýdymly prezentasiýa edýäňem welin gözler lowurdap durandyr. Milliligimiz özümizden başlaymasa, ile garaşsaga dat günümize!
Salam Hydyr aga, ilki bilen ýenede blog paýaşyp başlamagyňyza begendim.
Meň pikirimçe has gowysy bilen täzelenip (döwre görä refresh ) durmaýan zatlaryň ýatlama bolup galmagy bir gyra süýşmegi adaty bir waka. Muňa türkmeniň dili hem girýär, sungatam, arhitekturasam.
Dil hakda aýtsak, çala birzat okasy gelýan internetden okaýar indi we dünýade online informasiýalaryň haýsy dillerde paýlaşylany hakda statistika goýdym. Seretseniz birinji iňlisçe 52% bilen we yzyndan hem rus dili gelýär 6% bilen. Tapawut uly. Biz sanawda hem ýok. Bu hep bilimi online öwrenýän, habarlary online okaýan türkmen ýaşlarynyň ýuwaşjadan türkmençeden uzaklaşjakdygyny aňlatýarmyka diýýän. Edil şu penjireden beýleki aýdyma, zurnallara, kitaplara, dessanlara hem seredip analiz edip bolar.
https://en.wikipedia.org/wiki/Languages_used_on_the_Internet
Ýokarda bir teswir türk seriýal hakda aýdypdyr, edil men özümä şeýle seriýallary görüp wagtlaýyn, ýüzleý "watançylyk" duygysy bilen dolanymdan, taryh hakda tanydy bir makala okanymy peýdaly görýän.
Waleýkim salam, Daýanç. Hawa, häzir başgaça ýaşalýar. Başgaça ýaşamajak bolmagam köneçillik, yza galaklyk ýalyl görünýär. Men muňa gynanýan. Bu tebigy hadysa diýip, ene diliň şirinliginden daşlaşmak, ol şirinligi goý, meşhuram bolsa iňlis dilinden ýa-da rus dilinden gözlemek dogrymyka? Iňlisçe Gurbannazary tapyp bolarmyka, orsça Magtymguly Garly, Nury Halmämmet tapdyrarmyka? Hkaykatdanam hemme zat internetden tapdyrýarmyka? Magtymgulam, Nury Halmämmedem, Mylly aga-da internediň, geň eşdilýän, gulaga ýakymly hem peýdaly iňlis, rus ýaly keseki dileriň içinde ýitip gitmelimikä? Eger biz ýitip gider, başga alajam Kok diýsek, geljek nesillerimiz, çagalarymyz uly ýitgä uçramamazmy? Olar yza galak atanyň juda öňe giden betbagt ogullary bolmazlarmy?
Bagyşla adyma Amangeldi goýmaly boldum. Öz adymdan girip bilmedim
Bagyşla adyma Amangeldi goýmaly boldum. Öz adymdan girip bilmedim
Siziň diýýäniňize goşulýan Hydyr aga, men ýokarda doly näme diýjegimi beýan edip bilmedim öýtýän.
Gurbannazar Ezizow çykanda täze bir stil, türkmen edebýätyna bir täzelik getirip çykdy, Nury Halmammedem şeýle. Magtymguly ýada Mylly aga bar diýp durmadylar, täzelikler getirdiler we diri sakladylar edebýaty, sazy. Ine men diýjek bolýanym hem şu döwürde hem güýçli, prinsipli şolar ýaly ýada olardanam üýtgeşik kämil sungat adamlary gerek. Men Magtymgulyn goşgylaryndan köplenç uzakda durýadym ýöne Ezizowyň Magtymguly hakda ýazanlaryny okamsoň, Nury Halmammedim Pyragyn goşgylary bilen düzen aýdymlaryny diňlämsoň menem okaýyn diýdim. Üns berseňiz ikisi hem Taryhy hem ýaşadypdyrlar we täzelik hem getiripdirler.
Men pikiri nädereje dogry bilemok ýöne Intelektualny gatlak köpelse esasanam edebýat we mediýada diňe şonda dilimiz uzak, gowy ýaşar. Taryh ejizligi kabul edip bilenokmyka diýýän goralmaýan we täzelik goşulyp durulmaýan zatlar ýitýär ýada sanlyja adamda galýar.
Herimz başga zatlaryň gürrüňini edýäs öýdýän. Gurbannazar Magtymguly diýip poema ýazan bolsa, Nury Mylly aga bagyşlap "Dutaryň owazy" diýip saz döretdi. Olaryň täzeçillik diýýäniňi getirmeklerine köneleri bilenleriniň, söýenleriniň hiç hili zyýany degmedi. Ýöne men iňlisçe bilýän, men internetden çykamok, dünýeden, ösüşden habarly diýýän, ylymyň aňyrsyna çykdymmykam diýýän ýaşlaryň, Mylly agany, Pürli agany, dessanlarymyzy, Ýunus Emräni, Magtymgulyny, Mätäjini bilmeýänleri üçin köp zat ýitirýändiklerine gynanjymy ýazdym.
Men kän dogry düşündirip bilmedim.
Şol diýýän ýaşlaryňyzyň ýokarda sanýanlaryňyzy bilmegi üçin höweslendiriji ýagdaýlar gerek.
Meň pikirimçe olaryň ýada biziň şolary tanamaga, bilmäge höwesimiziň ýoklygynyň sebäbi şuwagtky sungatyň ejizligi.
Meñ gözleglem boýunça iñlis dilinde, saçyñ bir taryna-da, hemmesine-de "hair" diýilýär... Ýa nemesçe, ýagşyñ bir damjasyna-da, çabga-da "regen"... Daşary ýurt dillerini gowy bilýänler has gowy bilýändir şuña meñzeş mysallary... Şuña meñzeş sebäpler känkä, näme üćin biz sungatymyza, dilimize ejiz diýmeli?!. "Biz özimize ynanmagy haçan öwrenerkäk?! Indiden soñ öwrenermikäk beri?!"
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Indi dil bilýän ýaşlarmyz köpem bolsa, milliligini bilýän ýaşlarmyz juda az... "Göroglyñ at oýnadyşyny" ýa Sahy Jepbardan, Orazgeldi Ylýasdan ýazgylary geçirinip, lezzet bn diñläp otyransyñ wln, deñ-duşlañ biri gelse, derrew degip başlar: "Näme senem eýýäm garry adam bolaýdyñmy?!." ýa bolmasa: "Ýok etsenaý bu zatlañ namesini diñleýäñ..." Ne gözel zatlara at dakmaklarna sebap bolanña oziñem utanýañ... Ölüp-ölup duşindirjek bol, janyñy yakyp ters sorag bererler. Ya yene güljek bolarlar... gynanmaga däl, Hydyr aga, tükge düşüp galaýañda-da taryhyny bilyan yaşlar az... ýa bolmasa häzir, "Direliş Ertuğrul" köpbolimli çeper filmi beryandir turkler. Şony görüp otyrkañ gelenleñem köpüsi gülhek bolşup durlar... Olar dagy nähili adamlar bolupdyr ýogsa. Ýa biri diýýä: "Haý şu türkmen dili diýen bolup takal baryny okaýañam welin, türkmen dilinde paýyş soz kan. Türklerde ýa orslarda ýoga şo sozler. Özem türkce orsca bn garyp gürleseñ sawrmenni görinýäñ..." (Heý indi şuña dil bilýa dp bormy... Sowremenni sozini name diymek onda, men bilemokda diýseñ shonam gümmü sümma urup durlar.. Dogry ýüz goterim bilyanlerem bar. Ozimiziñkilerem sheyle. Yone añryñda dilçi edebýatcy bolany ýetik dälmika diýän. Kiçilikden gowja gulagna guýlup, eline gyzyklyja kitaplar tutdurylmasa. Okuw kitaplary zordan okaýalara kopisi.) Ýöne mugallymlardanam gerek. Kopisiniñ ozi osdirya bashga medenyetlere bolan howesi... cagada cagada name...haýsy zat gulagna guyluberse so tarapada ýykgyn edýar... indä bir yaşly çagalaram bilya telefony... iki-uç ýaşyndakylaram surata alşyp, oýun oýnashyp...telefon, komp, tv hazyna ulanmagy basharana aslynda... tazelikler, maglumat gorlary, elektron kitaphanalar, yeriñ o çüñkindaki adamlar, yazyjylar bn habarlashyp bolyar... yone kopimiz tersine ulanyasda..nira barýas biz... bizden soñkylañama goreldesi biz bolmaly...