Baş maksadyň açary | Gündelik | Hydyr Amangeldi

Baş maksadyň açary

Iýul 30, 2018 | 1 teswir | 761 okalan

Arada Amerikadaky alymymyz Kakajan Kömürowyň beren interwýusyny gördüm. Gürrüňdeşligiň soňunda Kakajanyň ýaşlara maslahat hökmünde aýdanlary maňa güýçli täsir etdi diýsem… o-da däl, onuň sözleri näme üçindir mende ünji döretdi. Ol baş maksadyň bolmalydygy, şonuňam saňa uly goltgy berýändigi hakynda aýtdy. Aslynda eşdilmedik pikir däl, ýöne men birden içimden “Birden baş maksadyň başa barmasa, başa barmajagyna-da gözüň ýetse, şonda näme?” diýip pikir edenimi duýman galdym. Dogry, baş maksatly ýaşamak uly zat. Onuň adamy işinde okgunly edýäni, wagtyny boş pişelere harç etmekden saklaýany dogry. Ýöne göz öňüne getiriň, birden baş maksat diýýäniň sen ýeterden has daşdadygyna, soňa-baka oňa ýetip bilmejegie-de düşünýäň. Bu bir, ýöne, göreşde ýykylmakmy? Gaýtadan garşydaşyň guşagyndan ýapyşjak gümanyň ýok. Sen bolsa şol maksat üçin nähili pidalara kaýyl bolduň, nähili hyýallara berildiň. Birdenem, birden däl-dä ýuwaş-ýuwaşdanam bolup biler, ol maksat sen ýeterden has belentde. Käte muny adam birden duýýar, edil garaşman durka… Käte-de günbe-gün ýeňilýäniňi boýun alýaň. Mümkin, oglanlykdan saňa dost bolan maksadyň, seň duşmanyňa öwrülýär. Ýüregiňi ahmyr gurşaýar. Kimde birden, kimde ýuwaş-ýuwaşdan, gussa, göwnüçökgünlik ýüregiňe, beýniňe çökýär. 

Ynsan silkinip biler. Maksadyny “ýeňledip” biler. Mümkin. Onuň ölmejegi belli. Ýöne baş maksat, ýüregiňde bagtyňa öwrülmedik ilkinji söýgüňe meňzäp, seni gynamazmy? “Käşgä, mende-de köp kişidäki ýaly ýeňiljek, gündelik maksatjyklar bolsady?” diýmezmiň? Birdenem, daş etsin, maksadyndan ýeňilen adam töwereginden öçli bolsa? Özüni däl, töweregini günäkärlese? “Kakajan seň bagtyň getiripdir, mekdebiň duşupdyr, mugallymlaryň akylly-başly bolupdyr” diýse näme? 

Onda, maksatly, onda-da baş maksatly ýaşamak howplumyka? Onuň edil goltugyňda, ýüregiň ýokary ýanynda mesgen tutan zäherli ýylan ýaly bir gün seni çakmagy mümkinmi? Ondan bahymrak dynmalymy?

Bilmedim. Megerem, her adamyň gaýratyna, mertligine, güýjüne görä bu sowalyň jogaby bardyr. Ýöne baş maksat diýlen zada aşyk bolmagyň, ony özüňizi beýgeltjek bolup, hasam beýge götermegiň howpludygyny duýýan. Baş maksat meniň göwnüme, ýöne bir garbanmak, ukyňy almak mysaly, adaty bir maksat däl ýaly. Muny edil öýlenjek gyzymyzy, durmuşa çykjak ýigidimizi saýlaýşymyzdanam has oýlanşykly saýlamalymy diýesim gelýär. Bäş-alty sany dost oglanlar bolup, keýpimizem kökje, özümizden hoşal halda, birek-biregiň öňünde maksat aýdyşyp, kasam edişmejek bolmalymyka diýýän. 

Diýýän, ýöne şeýle maksatlylara-da gözüm gidýär. Öňem bir garynja, “Pyýadalap Käbä ýetmejegimi bilýän, ýöne ýolunda-ha ölerin” diýipdir. Diýipdirem, şobada-da Käbä ýetiripdir. Şu sözi üçin Alla oňa Käbä ýetmegi nesip etdiripdir. Şu täsin rowaýatdaky “ýetmejegimi bilýän” diýen söze üns berdiňizmi? Şu sözlerdäki pespällige, kiçi göwünlilige ähmiýet berdiňizmi? Belki, bu baş maksada ýetmegiň açarydyr? Her bir zadyň gapysy, açary bolýar ahyryn. Gapyny tapmasaň, açary ýitirseň, sen nädip içerik girjek? Ogry ýaly penjiredenmi ýa-da zalym ýaly gapyny döwüpmi? Esasy zat baş maksada ýetmek bolsa, belki, şeýdersiň, girersiň. Ýöne şeýdip girseň, giren ýeriňem seň isleýäniň däl-de, başga ýer bolup çykaýsa? Sen gapyny döwüp girdiň, şonuň üçin ony bulaşdyrybam bilersiň. Dünýede näçe gün bar bolsa, onuň şonça-da girelgesi bar. Bolýar, gürrüňi mundan artyk uzaltmaýyn, baş maksat, onuň gapysy, açary hakyda galanyny özüň oýlan. Hiç kim hiç kimi elinden tutup, idekläp baş maksadyna eltmez. Ýöne bir zat welin, anyk belli – baş maksatly ýaşamaly. Onuň dostumyza ýa-da duşmanymyza öwrülmegi özümize bagly. Has dogrusy, ýüregimiziň tämizligine bagly bolaýmasa. Garynjaňky ýaly tämiz hem pespäl niýetimize diýesim gelýär.

Teswirler (1 sany)

balykgulak:
24 Awgust, 2018

Ýaş ulaldygyça diýýän zatlaryňyzyň ählisini ýaşadym, ýaşaýaryn Hydyr aga. Köp zatlardan daşda duryp, pida kaýyl bolup, soňra-da käşgä göni ýoldan ýöräbersedim, durmuşy kynlaşdyryp näme bardy diýdim. Käbir zatlara ýetip bilmejekdigime hem düşündim. Birden däl, köp wagtdan soňra. Gapyny döwüp girmek mümkinçiligi bolsady oňa hem synanşardym, ýöne ähli zatlarda beýle bolanok. Indi munça ýol gelen soň, yza dolanmak mümkin däl, çünki wagty yzyna gaýtaryp bolanok. Ýöne bir mugallymyň beren maslahatyna eýerip bir kitap okapdym. Iňlis dilinde ýazylan,"Mastery: The Keys to Success and Long-Term Fulfillment". Kitapda gaty ýönekeý bir zat düşündirilýär: garynja ýaly, işlemekden lezzet almak, netijeni bolsa takdyra goýmak. Netije möhüm däl, ýolagçylyk ähmiýetli. Bu ýolda ýaşan tejribeleriň, we hekaýalaryň möhüm diýýär. Çünki kämilligiň çeňi çaky ýok, mydama şol ýolda kämilleşeris. Bu kitap maňa öz dilimizdäki yhlas diýlen duýguny ýatlatdy. Meger durmuşyň manysy yhlas bolaýmasa. Her haýsydyr bir ýolda ýöreýän adamlaryň ählisine iň uly bolmak nesip etmez. Futbolda meselem topy garşy komandaň waratasyna salmak ýekeje adama miýesser eder, ýöne oýundaky ähli adamlaryň bir goşandy bolýar. Biz mydama topa iň soň uran adamy gahryman ederis, alkyşlaýarys. Emma, her bir işde bir giden adamyň zähmetleri ýatyr. Maksat netije däl, öwrenmek, kämilleşmek we peýdaly bir iş ýerine ýetirmek bolsa onda netijesiz galmaz diýp ynanýan. Sagboluň, ýazgyňyzy okap bu duýgy we düşünjeleri täzeden ýatladym.

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.