Dert ýamany | Gündelik | Hydyr Amangeldi

Dert ýamany

Oktýabr 05, 2018 | 0 teswir | 854 okalan

Böwrümi diňläp otyryn. Köp zatlar ýadyma düşýär. Görüşen, tirkeşen, oturyp-turuşan, käte tutluşan, ýürekden gowy gören, itden beter ýigrenen… adamlarym ýadyma düşýär. Ýatlasam häzirem ýylgyrdýan, göwnümi göterýän, birhili özümi özümden razy edýän, şu wagtam utanjyma daşymdan “häk” diýdirýän, gynandyrýan, ökündirýän, sanja öwrülen, ýüzi kesmeklemeýän ýara bolup duran wakalar ýadyma düşýär. Garradygyňça öz ömrüň özüňe gyzykly kino öwrülip gidäýýän eken. 

Garrylyga “dert ýamany” diýipdirler welin, hakykatdanam şeýlemikä diýip oýlanýan. Çagalygymy, ýetginjekligimi, ýigitligiimi bilmän, tanaman duşumdan geçiripdirin, indi garrylygymy bir tanaýyn diýýän. Onuň sypatyny, häsiýetini, hörpüni, niýetini bilesim, oňa düşünesim gelýär. Çagalygymyňam, ýetginjekligimiňem, ýigit ýyllarymyňam maňa ýamanlygynyň bolmanyna indi düşünýän. Garrylygyň maňa ýamanlygy barmyka? 

Köp kişi, belki, hemme kişi garrylygy halamaýan ýaly. Mümkin, adam ömrüniň öňde geçen üç döwri bilen deňeşdirip, şeýle düşünjä gelýändir. Ýaşyň köneldigiçe öň kän emgenmän edýän işiňe ýapyşybermekden gorkýaň. Oglankam at çapardym, indi ýöne gorgun sürsemem kaýyl, ýöne ýaýdanýan. Içimden at münsem-ä münerinem diýýän, emma on ýaşyňda döwülen süňküň on günde bitýäni, altmyş ýaşdakyň iki aýda bitýäni ýadyma düşüp dur. 

Garrylygyň bir zady gowy – saç-sakgalyň agy köpeldigiçe, hormatyňam artýan ýaly. Ýaly diýýänimem geň görmäň, “Sakgalyň agyndan utan” diýiläýýen ýerem bolup biler, Alla görkezmesin. Garrylyk uly jogapkärçilik. Howply. Garradygyňça ömür köprüň inçelip, syrat köprüsine meňzäp barýar. Ýaşlygyň ýalňyşyny düzetmäge maýyň bar, garraňsoň maýy nirden tapjak? Onsoň howpyň, gorkyň gitdigiçe artyp barýar. Pygamberimiz welin, ýaşlykda gorkyň köp, umydyň az bolanyny, garraňsoň gorkyň azalyp, umydyň artanyny gowy görüpdir. Umyt diýlen garrylygyň güneşi ýaly bir zada meňzeýär. Şol bolmasa, öňüň-yzyň, ýoluň-ýodaň ýitip gitjek. Asla çaşan garry, nirä barýanynam bilmän durberjege meňzeýär. 

Ogul-gelin, agtyk-çowluk garrylygyň güli diýip, hak aýdylypdyr. Olar hakykatdanam açylyp oturan, hoşboý ysly gül. Güli ysgaýaň doýup bolanok, ýene ysgaýaň doýup bolanok. Sebäbi gül özbaşyna ösüp otyr, sen özbaşyňa. Gül bilen bütewileşip bolmaýar, hernäçe ysgasaň ysgaber. Ýöne bagyňda dürli reňkli, müň dürli ysly güller ösüp otyr, şol nämä degmeýär?! Hökman ony ýolup öýüň töründe goýjak bolmalymy? Aslynda olaryň dünýäňde barlygyna düşünmegiň özi uly zat. Ýigitkäň ogluň bolanda begenýäň, soň işiň başyňdan agdyk – ogluň barynam bileňok. Gaýta, ejesine “Çagaňa seredäý-dä how” diýip igenýäň. 

Köp kişi “Garramsoň, öz süýegimi özüm göterip bilýärkäm ölsem. Töweregime dert-azar bolmasam” diýýär. Düşünýän, kyndyr, ýigitkäň bardygynam bilmedik çagalaryňa gözigara, mätäç bolup ýatmak. Dükandan bir zat aljak bolsaňam tölegini tölemeli – belki, bu kynlyk, bu utanç käbir zatlaryň tölegidir? Seniň çagalaryňdan razylygyňy, çagalaryň senden razylygyny bilmek, görmek, başyňdan geçirmek gaty gymmat zat dälmi? Şonuň üçin, onuň töleginden gaçmak, dogrusy gaçjak bolmak has aýp ýaly görünýär. 

Her bir adamy bir zadyň nusgasyna meňzedýän. Kimi çuňlugyň nusgasy, kimi ýalpaklygyň. Ýöne uly adam ýaly agras oglan - halanýar, garransoň ýaş görünjek bolmagy kelpeňlik saýýarlar. Ýaşkam ýalňyşlarymdan kösenenimden bolaýmasa, hemişe içimden “Menem ulalyp adam bolarmykam?” diýerdim. Mydama akylly adamlara, maslahat salynýan, laýyk maslahaty berip bilýän adamlara gözüm giderdi. Olardan bu häsiýeti öwrenesim gelýärdi. Ýok, ile maslahat berýän akyldar bolmak üçin däl, özüm ýalňyşmazlyk üçin höwes ederdim. Kä adamlar bolýar ýalňyşsalar “Bolýan zat” diýýäler-de, ýalňyşlarynyň deňinden geçip gidiberýäler. Ýa daşyndan şeýle görünýäler, bilmedim. Özüm welin, etmişimi gaýta-gaýta ýatlap özüme ezýet berýän. Beýtmäýin, geçen geçdi diýsemem özüme buýrup bilemok. Bu häsiýetim mende ýaýdanjaňlygy döretse-de, indiki etjek ýalňyşlarymdan kän gorap bilmeýärdi, kellämiň göçenini, aýdylmasyz sözi aýdanymy, etmesiz işi edenimi duýman galýardym. Garrylyk ýaşa ýetemsoň bu derdim az-kem ýeňledi. Sebäbi edýän işim az, sähel geçirimliräk, giňiräk bolsaň, “Aý özüňiz görüň men-ä indi garrapdyryn” diýseň, köp ýalňyşy başyňdan sowup bolýar. Şonda-da “Otur-da, saňa näme? Ýaşasaň ýene bäşüç ýyl ömrüň bar. Näme etjek janyňy ýakyp, biriniň göwnüne degip” diýýän, öz edenime ökünýän ýerlerim bolýar. Nätjek, dirikäň ölüp bolanok, goşulanyňy duýman galaýýaň.

Ýaşyň bir çene baransoň adyň yzyna “aga” sözüni goşýarlar. Muny ýokuş görýänlerem bar. Ýöne özüm-ä gowy görýän. Käbir milletlerde aga diýip ýüzlenmek däbiniň ýokdugyna gynanýan. “Aga” diýilmegi, dar eşik geýdirmek ýaly bir zat bolýan eken – hereketleriňi çäklendirýär, diliňe ünsli edýär. Garaz, garrylygam bir sapak eken, garramanam öwrenmek gerek eken. Gelinleň, agtyklaň birini aşa gowy görüp, beýlekisine kän ähmiýet bermeseň bolmaýar. Şonuň üçin käte birinden gaharyňy, öýkäňi gizlemäni, başga birinden mähriňi, söýgüňi ýaşyrmany öwrenmeli. Munda ýasamalyk bar diýmäň. Çünki hemmämiz adam – bir tarapymyz kemiräk bolsa, başga bir tarapymyz gowy. Bu gün bir agtygymy aşa gowy görüp ala tutsam, kem gören agtygymam ondan artykmaç, has gowy ýigit bolup ýetişse, maňa aýp bolmazmy? 

Bir zada düşünemok. 50-60-70 ýaşadym diýip ýaş toýuny edýärler. Ýaşasaň ýaşapsyň. Alla ömür berse, togsanam, ýüzem ýaşarsyň, ýöne munda seň näme goşandyň, gahrymançylygyň bar, ony iş bitiren, gala alan kişi kimin toý eder ýaly? Çaga bir ýaşasa ene-atasy begenip, onuň ýaş toýuny edýär, ýedi ýaşasa muňa begenip dost-ýaryny ýygnaýar. Muňa düşünýän, ýöne ýaşy elliden agan adamyň nämäň toýuny tutýanyna düşünip bilemok. Käbir zatlara näçe ýaşasaňam aklyň ýetmese ýetmän durberýän eken. Şonuň üçin, “Indi men pylan aga boldum” diýip hemme zada düşünýändirin, hemme zady bilýändirin öýtmegem telek boljak eken.

Garrasaň saňa agyr ýük götertmejek bolýarlar. “Dur, bir ýeriňi agyrdaýma” diýip eliňe ýapyşýarlar. Ýöne käbir ýükler bar ony diňe garry süňk göterýär. Ol ýükler barada ýazmaýyn. Muny her kimiň özi bilse gowy. Olary barmak dürtüp görkezmek bolmaýar. Ýöne “Dert ýamany garrylykdyr, ýaranlar” diýlen pikir bilen razylaşasym gelenok. Eger ýaşlygyň, ýigitligiň derdini öz wagtynda çekip, ony ýeňledip ýaşan bolsak, belki, garrylyk dert ýamany bolmasa-da bolmazdy. Megerem garrylygyň iň agyr derdi ömrüňden utanmakdyr. Köp adama-da bu duýgy garransoň gelýäne meňzeýär.

Garrylygyň ýene bir gowy tarapy – sen öz ogullaryň, agtyklaryň bilen deň-duş ogul-gyzlara “oglum”, “gyzym” diýýäň. Bu geň görünenok. Gaýta, oglum diýeniňe, ýetginjek bolsun ýa ýigit) begenýär. Sende-de ýasamalygam ýok, ýarymsaklygam, olaryň begenjine bile begenýäň.

Ýaşymyň soňunda bir dilegimem bar. Neslim, neberäm men sebäpli ahyret güni Allaň öňünde günäkär bolmasyn. Menem neslim, neberäm sebäpli hasap güni günäkär bolmaýyn.      

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.