Ýukajyk perde hem dartyş güýji | Gündelik | Hydyr Amangeldi

Ýukajyk perde hem dartyş güýji

Noýabr 08, 2018 | 0 teswir | 627 okalan

Mekdepde “Astranomiýa” diýip sapagymyz bardy. Astranomiýany taryhdan, çyzuwdan kän gowy görerdim, gyzyklydy. Niçigem bolsa, kompasyň diliniň näme üçin elmydam demirgazy görkezýändigini öwrenipdirin. Häzirki okuwçylaryň arasynda muny bilmeýänleriň bardygyny göremde bilip galdym. Ýene bir öwrenen zadym: dartyş güýjüniň täsiri bilen Ýer öz okunyň daşynda, Aý öz okunda, Ömrüzaýa öz ýolunda üýtgewsiz aýlanyp dur. Edil dört tarapyndan dartylyp dikilen pürsüň sarsaman durşy ýaly planetalaram biri-birlerini çekip, sähelçe-de ýollaryny üýtgetmän aýlanýarlar. Bularyň biri beýlekiden sähleçe daşlaşyp, dartyş güýji gowşasa ol okundan sypýar. Meniň bilişimçe şeýle. Ýöne ýalňyşýan bolmagymam mümkin. Ýalňyşýan bolsam bilýänler düzeder-dä. On ýyllygy gutaranyma täze ýyl elli ýyl bolýar. Şonça ýyllardan soň bu öwrenenim maňa özümi ýatlatdy…

Meniňem geçmişim arkamdan, geljegim öňümden, düýnüm bir gapdaladan, ertirim beýleki tarapdan çekip şu günümi, menem şol bir ýolumda aýlap durana meňzeýär. Ýazgytdan çykma ýok diýilýär. Meni ýazgydymdan çykarmaýanam, asla ýazgydymyň özem şolar bolaýmasyn?! Olaryň biriniň dartyşy gowşasa şu günüm ýoluny ýitirip, düýne öwrülmejege, ertirim gelmejege meňzeýär. Kakam günde-günaşa düýşüme girmesini goýsa, her gün diýen ýaly agtyklarymyň, ejemiň suratlaryna seredip oturmasam şu günüm bolmajak ýaly. Ýogsa geljegim gelsin diýip, geçmişimi ýatlamok. Ýok, geljegem, geçmişem “Gel!” diýip çagyrylyp getirilýän, “Git!” diýip kowup bolýan zatlar däl bolsa gerek. Ýöne olar hakda asla pikirem etmän, hyýalyna-da getirmän ýaşaýanlary gördüm. Adamlaryň käsi diňe ata-babasyny, oglanlykda geçiren günlerini ýatlap ýaşaýar, käsi diňe ertiriniň aladasynda. Ertirinem, düýnünem bilmän diňe şu güni bilen ýaşap ýörenlere-de duş gelýäň. Muny geňem görmeli däl – ýola çyksaň daşam bar, kesegem, palçygam bar, dury suwam. 

Gül bar – diňe ysy bark urýar, miwesi ýok. Gül bar – bardygy bildirenok, ýöne bal ýaly miwe berýär. Munuň üçin bägülem aýply däl, injirem. 

Käteler ýazýanyma geň galýan, käte ýazmaýanyma. Ýöne bir zada begenýän – adym çyksyn, tanalsyn diýip ýazmadym. Adym ýitsin, unudylsyn diýibem ýazman gezmedim. Ýazyjylaryň arasynda “Ýazman bilýän bolsaň ýazma. Haçanda ýazman bilmeseň, şonda ýaz” diýilen bir öwüt bar. Näme üçindir meň göwnüme tersine ýaly. Ýazasyň gelmeýän wagty ýazjak bolmaly, ýöne bu diliňde aňsat. Ýazman bilmeýän wagtyňda-da sen, öňi-soňy, ýazyp ýazmazlyk hakynda pikir etmeýäň. Eliň ygtyýaryňdan çykýar. Diliň saklatdyrmaýar. Akylyň öňüňe böwet bolmaýar. Ýöne şonda seresap bolmaly, aklyny ýitirip, ugur-utgasyz samrap ýörenem şeýleräk hala düşýär öýdýän. 

Käte diňlemek gürlemekden lezzetli bolýar, käte-de tersine. Gürläsiň gelýär. Öz gürrüňiňden özüňem, diňleýänem lezzet alýar. Bu ýagdaý kakamda köp bolardy. Köpçüligem ony haýran galyp diňlärdi welin, özi hasam keýp edip, lezzetini alyp gürrüň bererdi. Megerem, onuň gürrüňini diňletdirýänem şol lezzet bolup biler. Kakam hiç wagt göwünli-göwünsiz gürrüň bermezdi. Käte sesini çykarman, içini hümledip ýa-da ýassyklaryna maňlaýyny berip tükge düşüp ýatardy. Munuňam sebäbi şol häsiýetinden bolmagy mümkin. Diliniň ujundan seň göwnüňden turjak gürrüňem aýdyp goýbererdi, ýöne şonam göwünli-göwünsiz etmezdi, çyny bilen aýdardy. Kakam Baýramala myhman bolanda oňa biri bir sowal beripdir. Kakamyň oňa beren jogaby, soňam ol jogabyny düşündirişi ýadyma düşdi. Häzir gepi uzaltmaýyn, o hakda ýene bir gezekde.  

Kosmonawtlar Ýer togalagynyň daşyndaky atmosfera gabygy kosmosdan şeýle ýukajyk, näzik perde ýaly görünýär diýýäler. Emma oňa girende meteoritler ot bolup ýanýar – sünýän ýyldyza öwrülýär. Şol ýukajyk, çala gödegräk degseň ýyrtylyp gidäýjek ýaly bolup duran perdäň aňyrsam boşluk. Hatda howa-da ýok. Agramsyzlyk başlanýar. Ähli zat agramyny ýitirýär. Käte göwnüme Ýerde-de şonuň ýaly perde bar diýen pikir gelýär. Ol perdäniň aňyrsynda agram ýitýär-de diňe many galýar. Her zadyň asly, durky, özeni galýar.  Ol perdeden aňryk geçseň pikiriňde many bolmasa, oňa agram berip bolmaýar. Biz ömri, diriligi, asla dünýänem “şu gün”, “ertir”, “düýn”, “asyr”, “eýýäm…” diýip böleklere bölmegi gowy görýäs, ýöne onam, diňe onam däl, ähli zady şol täsin perdäniň aňyrsyna geçirseň, diňe bütewiligi, manysy galaýjaga meňzeýär. Ýöne şol perdäň aňyrsyndan seretmekde iş bar, edil kosmosa uçup, atmosfera gatlagyndan çykyp Ýer togalagynyň owadanlygyny synlamagyň kyn bolşy ýaly. Hakykatdanam Ýeriň gözelligini görmek üçin ýa-da manysyz sözi näçe güýçlendirseňem, haýbatlandyrsaňam, üýtgeşik bir dabara bilen aýtsaňam onuň agramynyň bolmajakdygyna düşünmek üçin, hökman kosmosa uçmaly, atmasfera gatlagyndan çykmaklymyka? Dünýä diňe ölüp düşünip bolýarmyka? Şonuň üçin käte ölüm dirilikden gowy ýaly görünýärmikä?! 

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.