“Azajyk, ýene azajyk…”
Ýyl geçdigiçe wagt azalýandyr öýdýärdim. Oglankam entek ýyllar öňümde, wagtym köpdür diýip düşünerdim. Bu gün haýran galýan, hakykatda ýaşkaň wagtyň az, garraňsoň, tersine, köpelýän eken. Kä günleri geçirmegiň özi uly alada. Özümden sähelçe kiçi inimem küşt oýnamagy gowy görýär. Sebäbi birki döw küşt oýnasaň, günüň ýarsy geçýär.
Öňler “azajyk”, “ýene-de azajyk”, “sähelçe” diýip, içimden köp gaýtalardym. Nämädir bir gowy zada ýetmek, oňa gowuşmak üçin özümdäki sabry güýçlendirjek bolup şol sözlere ýapyşýardym. Olar hakykatdanam, maňa güýç berýärdi. Käbir ýeňmesi kyn zatlary “azajyklar” bilen ýeňýärdim. “Azajyk” diýemde agramy ýa-da uzyn-gysga aralygy göz öňünde tutamok. Meň basybilmez ýagym – wagt.
“Azajyk çydaýyn – geçer” “Azajyk garaşaýyn – geler” diýýärdim. Aslynda şol “azajyklaryň,” “sähelçeleriň” asyl manysyny, agramyny aýdasym gelýär. Olam aýdardan kyn ýaly. Sebäbi olary terezä goýup ölçejek, pylança kg. diýjek gümanyň ýok. Bir zatlar bilen deňeşdirip, bir zatlara meňzedip düşündiresim gelýär. Onam edip bilerin öýdemok. Ýöne “azajyk” diýip näçe günläp, näçe aýlap, näçe ýyllaryň dowamynda näçe gezek gaýtlandyryn. O wagt olary sanamagam ýadyňa düşenok, olar sanardanam köp. Garaşmakdan kyn zat ýok diýýäler, ýöne ýene azajyk garaşmak ondanam kyn bolýar eken. Sen bilýäň geljegini ýa-da geçjegini, özem hakykatdanam munuň gaty azajyk wagtda boljagyna gözüň ýetip dur. Belki şondadyr ol azajyklaryň agramy. Bary ýogy birki ýyl – juda azajyk wagt dälmi näme? Hatda bäş-on ýylam, kyrk-elli ýylam seredip otursaň azajyk wagt eken. Ýöne elli ýyllap garaşan adam biler onuň agramyny. Ýa-da on bäş minutjygyň nähili azajygam bolsa, tükeniksizligini şol minutlara gözüi dikip intizar garan duyar. “Azajygyň” nämedigine, näçedigine diňe ony ýaşan düşüner. Belki şondandyr ýaşuly adamlara, ullakan bitiren goşam bolmasa-da ýaşan ýaşynyň, saçynyň agynyň hatyrasyna hormat goýulýany?!
Ýadyma düşýär, Medinede Pygamberimiziň (s.a.w.) namaz okan ýerinde okamak üçin gapyň öňünde garaşmaly bolupdy. O ýere iki ýerden goýberýärdiler. Meň duran gapymyň açylmazlygam ýa-da giç açylmagam mümkindi. Şonda içimden “Alla, şu zyýaratymy kabul etdigiň hökmünde düşünerin, eger biziň duran girelgämizden ilki goýberseler” diýip göwnüme getirdim. Bu diýdigim, eger tersine bolsa, zyýaratyň ýüzüne uruldygy bolýar diýen manynam aňladýardy. Şonda azajyk, belki, anyk ýadyma düşenok on bäş-ýigrimi minut garaşmaly bolupdym. Allaha şükür, bizi ilki goýberdiler. Ylgadym. Hemme kişem suwsan goýun ýaly ylgaýardy. Her kim sähelçe ýere düşelen ýaşyl namazlyklarda namaza durmaga howlugýardy. Sähel çeprägiňde-de, Serwerimiziň gubury…
Ýadyma düşýär, synaglardan geçip, oba hojalyk institudyna okuwa başlamaly ilkinji günüm, onuň birinji basganjagyna aýagymy goýamda, ony abraý bilen gutaraýyn diýip, içimden özüm bilmän dileg etdim. Soňam “Azajyk, ýene azajyk” diýip köp gaýtaladym. Allaha şükür biabraý bolmadym. Ýöne şol wagt öňümdäki bäş ýyl gözüme gaty köp bolup görnüpdi, edil kenary görünmeýän deňiz ýaly. Şondaky “azajyklar” maňa kürek bolupdylar.
Birhiliräk, diňe şahsyma degişli bir günem bolsa dile geldi aýdaýyn. Ogullarym bilen Garrygala gitdik. Gaýdyşynam ýoly gysgaltjak bolup, Gyzylarbadyň üsti bilen däl-de, Hojagala tarapdan gaýtdyk. Ol ýol şol wagt täze giňeldilýärdi, Bamyň ýokarsyndan gelibem uly ýola birigýärdi. Ýoluň ýarragyny geçdik welin, birden ümür geldi. Iki ädimden aňrysy süýde batyrlan ýaly, zat görnenok. Bir gapdalyňam çuň jar. Dört oglumyň dördüsem maşynda. Şonda ýüregime erbet gorky geldi. Ulagymyzyň öňüne düşüp ýol görkezmeli boldy. Azajyk gitseň eňaşaklaýaň, ümürden, bulutdan çykýaň, ýöne şol azajyk wagt hiç ýadymdan çykanok. Hakykatdanam sähel wagtdan öňümizde Bamy obasy ýalpyldap göründi. Häzirem öýde ýeke özüm. Ýöne bilýän ýene azajykdan olar ýene ýygnanarlar. Azajyk…
Täze ýylam ýetip gelýär, dogrusy, ýetmişe ýakynlaýan. Allaha şükür, ýene-de azajyk galdy. Men muňa azajyk gynansamam, ýüregimiň jümmüşinde begenýän. Ýok, dünýeden bizar bolamok. Çowluk göresimem gelýär. Atam pahyr “Segsen dörde ýetäýsem” diýip, segsen üç ýaşynda dünýeden ötüpdir. Anyk bilemok welin, segsen dört ýaşa ýeten adam, çagalyk ýaşyna dolanyp barýar. Şonuň üçin edil çagadan hasap soralmaýşy ýaly, ondanam ahyretde hasap soralmaýar diýen düşünjä umydygär bolupdyr diýip ejem dagy gürrüň bererdi. Her bir zatdan haýyra garaşmak, ýagşy umyt etmek gowy, goý, azajyk bolsa bolubersin. Göwnüme bu dünýäň özem azajyklardan emele gelen azajyk ýaly. Azajyk, ýene-de azajyk…
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.