Agyry
Täze ýylyň öň ýanynda her kim gowy arzuwlar edýärkä, täze ýylyň gelýäninie begenýärkä, agyry hakynda gürrüň edýänimi geň görmäň. Kelle-de el, aýak ýaly bir agza, etme diýeniňi etmänem bilýär. Ýöne şonda-da… Garaz, gep uzaldyp oturmaýyn, bir ýagdaýa geň galdym. Üns berensiňiz, bir ýeriň agyrysyny aýyrjak bolsaň, käte tutuş bedeni awundyrmaly bolýar. Barmagyňa tiken çümse-de ony aýyrjak bolsaň iňňäň awusyna döz gelmeli. Oglajykkam näme üçindir, barmagym ýerinden çykardy. Bilmedim, kän garagol bolmasamam (maňa aýdyşlaryna görä) ýykylardym, büdrärdim, barmagym bijaý towlanardy, garaz, obamyzdaky döwük-çykygy bejermäge ökde, obada “Gözel kürt” diýip tanalýan, şeýle dili süýji, mähirli daýzalara köp äkiderdiler. Olam “Balam, guzym” diýip çykan barmagymdan bir çekip goýbererdi. Agyrysyndan tutuş göwräm tisginerdi, soňam ýüregim ynjalyp gidýärdi. Ertesi hiç zat bolmadyk ýaly oýnar ýörersiň. Ne çiş galar, ne agyry. Emma adamda bir häsiýet bar, ol agyrysyny awunman bejerdesi gelýär. Hatda şol az salymlyk agyrydan gorkup ömürboýy yza çekip ýörmäge-de kaýyl bolýar. Agyrymyzy gizleýäs, ondan utanýas. Hawa, beýtmek ýalňyş, ýalňyşdygyna-da aňry ýany bilen akylymyz çatýar. Şonda-da bir gudratyňmy ýa-da başga bir zadyň bolaryna garaşýas. Bir üýtgeşik tebip geler ýa-da hadysa bolup geçer agyrymyz el bilen aýrylan ýaly, öz-özi aýrylyp gider diýip tama edýäs. “Agyryny agyrsa-da aýyrmaly, onda-da näçe çalt aýyrsaň şonça gowy” diýen düşünjäni özümde oýatmagyň, muny özüme ýörelge edinmegiň aladasynda. Käbir häsiýetlerim özüme-de ýük. Ondan töweregimdäki adamlaryň görýän kösenji-hä hasam çökder. Ol häsiýetlerimden dynaýmaly ýaly welin, başaramok. Sebäbi, bir zadyň ýerini başga bir zat bilen doldurmasaň, ondan dynyp bolanok. Alada edeniň, arzuw edeniň ýeterlik bolmaýar. Ýerini doldurjak häsiýetem taze bir häsiýet – ondan gorkýan. Ol häsiýet maňa siňip gidermi ýa-da ters ýollara, hasam ters häsiýetlere äkidermi – belli däl. Endige öwrülip giden häsiýeti taşlamagyň aňsat däldiginem bilýänsiňiz. Ilki bilen maňa şol häsiýeti itden beter ýigrenmek gerek. Ýerini doldurjak häsiýetem çyn ýürekden gowy görmeli. Muňa wagt gerek, zähmet gerek. Şol häsiýetiňi etiňden kesilen ýaly edip aýyrjak bolýarkaň çekýän agyryňa çydamaly. Belki, iň esasy zadam, ony ýaşyranyň bilen öz-özünden gowlanyp, gutulyp gitmejegine düşünmeli. “Eýtmeli”, “Beýtmeli” diýilip ugralandan dünýäňiz daralandyr. Gowsy, derdim, agyrym bilen bolaýyn. Täze ýylyň öň ýany siziňem başyňyzy agyrtdym. Bagyşlaň. Ýagşy dilegler bilen…
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.