Üzlem-saplam, başly barat, ugur-utgasyz pikirler
Köp wagt geçipdir, ekizlere bir zatlar goýmaýanyma. Birhili bergili ýaly bolup durun. Arasynda üzlem-saplam ýazaýsam diýýän zatlarymam bolýar. Ýöne başyny jemläp bilmän goýýan. Ýazmaga başlasam-a bir zada elterdimem welin, bir ssenarinem işledik, Ylýas bilen. Garaz, wagt-da, suw ýaly akyp dur. Bizem kä bile ýüzýäs, kä durýas. Käte wagtyň özi akdyryp äkidýär… Şol üzlem-saplam diýýänlerimden ýadyma düşenlerini agzap geçäýeýin.
Näme üçindir, şu günler edebiýatçy oglanlar, dostlar öýe gelenok. Ýa biz hasapdan düşdik. Göwnüme köp kişi “Aý, Hydyr-Ylýaslaram bilýäs. Täze ýazýan zatlary ýok. Ýazjaga-da meňzänoklar” diýip, näme satýany belli, täze harydam kän gelmeýän dükanyň deňinden geçen ýaly geçýälermi? Aslynda, bu dogry. Az ýazýas, belki-de şol bir zady, şol köne stilde ýazýas. Özüm hakda muny aýdyp biljek. Ylýasyň gürrüňini edemok. Ýazmagam kynlaşýar. Nalajak bolup diýemok. Ýil geçdigiçe, ýazmak meselesinde talapkär bolýan ekeniň. “Aý, adym çykyp dursa bolýar” diýip bilemok. Ýüregimi gozgsýan zatlaram, beýnime agram salýar, soňam pytraýar. Köplenjem olary diliňe alyp, kagyza geçirmek kyn. Ýüwel ýa-da başgaça Kabul ediljek bir zada meňzäýjek ýaly. Ýaşka adam “gözsüz batyr” bolýan eken. Indi, tüweleme, ýaşlar täze pikirli, täzeçe ýazmagyň, täzeçe pikirlenmegiň tarapdary. Bu şeýle-de bolmaly. Bizem köne korobka ýaly. Köne korobkadan aňsat täze zadam çykmaýar. Ýöne täze diýilýänem unudylan könä meňzeýär. Forma bilen, täzeçe ýazmak bilen ölçenýän bolsa, Tolstoý, Dostoýewskiý, Çehow, Magtymguly, Nurmyrat Saryhan… bular bir wagt unudylardy. Men muny täzeçillige garşy gidip aýdýandyr öýtmäň. Gurbannazaryň goşgulary täzeçedi. Ýöne köneleriň hataryna goşulyp gitdi. Atlaryny tutmaýyn ýörite täzeçe ýazjak bolýanlaram bardy, olar goşulyp bilmediler. Atlary, ýazan zatlary ýitip gitdi. Meň düşünşimçe her adamyň hakyky özi, hakyky dünýäsi, hakyky pikirlenşi hiç kimiňkä meňzemeýän täze bolýar. Ýöne orslarda “iskrennyý” diýip bir gowy görýän sözüm bar, “çynyň bilen”, “çyn ýürekden” diýjekmi şony ýazyp bilemeseň, forma gözläp, täzeçe ýazanyňdan netije ýok.
Nireden başladym, Nireden çykdym. Bu zatlary ýazmak pikirimde-de ýokdy. Söz sözüň yzyna düşdi-de…
Arada Arabow diýip bir ors ssenaristiniň aýdan pikiri meni haýran galdyrdy. Ol “Häzir Orsýetde lieratura bar, ýöne literator ýok” diýýär. “Öňler Tolstoý bolupdyr Ak Patyşa açyk hat ýazýan, Solženissiniň adyndan Kreml saňňyldaýardy. Häzir literatura bar, gowy romanlar, powestler çykýar, ýöne literator ýok” diýýär. Haýran galdym. Öň hiç beýle rakurs bilen pikir etmändirin. Geň garaýyş. Literator bolmasa, nädip literature bolýarka? Ýazyjy bolmasa, nädip eser döreýärkä? Emma bu hakykatdanam şeýle. Dünýä derejesinde-de şeýle. Bu nädip beýle bolýarka? Nämäň alamatyka? Garaz, “üzlem-saplamlardan” biri şü.
Ýene-de şol Arabow “”A” nokat bilen “B” nokadyň arasyndaky iň Gysga ýol diňe göni çyzykdyr diýýänler nadan adamlar” diýýär. “Biz SSSR döwründe diňe şu düşünje bilen pikirlenýän adamlar tarapyndan terbiýelendik. Bizde başga düşünje ýokdy” diýýär. (Sözme-söz ssitata däl, men umuman manysyny ýazýan). Hawa, gaty geň pikir öwürmeler, elbetde, meň üçin.
Hany, indi bu pikirleri jemle-dä jemläp bilseň. Pikirlerim kelläme agram salýar, pytyraýar. Bolany. Üzlem-saplam zatlary başly-barat ýazanym üçin aýplaşmaň. Aslynda-da bu ýazgylar “çeper eser” diýilýän žanra girenok. Nähili bolgusyz termin “çeper eser”. Meň göwnüme eser eser bolar-da, oňa diňe çeper diýip bolarmy. Garaz, meňki şu gün bolanok. Aýaklarym has Dogrusy elimiň barmaklary nirä äkitse, kellämem şo tarapa barýan ýaly. Çynymy aýtsam, öýdeçillikden “ýadaýan”. Görüşip-gürleşesim gelýär. Oglanlar, dostlar geler-dä. Megerem, olaň işleri köpräkdir. Owal “Tokaryň ussahanasy” diýip gidiberýädik. Tokaram ýok, ussahanasynam Megerem, tozan basyp durandyr. Ýa-da o taýda ogullary işleýändir. Bor-da, ýene bir gezek ötünç soraýan, ugur-utgasyz zatlary ýazdym. Käte şeýlede bolaýýar.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.