16.02.12.
Bir zada geň galardym. “Sözlem düzüp bilýän, akyly ýerindäki, durmuş tejribesi bar, yhlasyny gaýgyrmaýan adam näme üçin gowy hekaýa ýazyp bilmeýärkä?” diýip pikir ederdim. Munda birhili hondan bärsiligem, “Hamala özüň gowy ýazýamyşyňda iliň aladasy galdy” diýen ýaly pikirlerem görünýär. Ýöne hakykatdanam biz näme üçin gowşak ýazýanymyzy bilsek, elbetde, ony düzetjek bolarys. Elimizden gelýän bolsa, düzederisem. Näme üçin bir adam ýazýar welin, gowy hekaýa bolýar? Başga biri ýazýaram welin, gowşak birzat bolup çykýar?
Bir gezek Tokar “Näme üçin Gurbannazaryň setirleri gezip ýörkäňem kelläňe geliberýär. Başga şahyrlaryňky gelenok? Ýogsa, beýleki şahyrlaryňam gowy goşgulary kän” diýip sorady. Men: “Gurbannazar şahsyýet, şonuň üçin” diýdim. Tokar şobada näme diýjek bolanyma düşündi. Sizem düşünensiňiz. Şahsyýet bir zat ýazanda ýönekeý, ýüzleý pikirlenmeýär. Gahrymanlaryny ýasamaýar. Olaryň içinden iň çuň dünýäsi bolanyny gahryman edýär. Temalardan gorkmaýar. “Aý, meň ýazyp biljek temam däl” diýmeýär. Batyr, jogapkärli, çuň oýlanýan adam. Her kimden Nurberdi han, ýa-da Şaja Batyr çykmaýar.
Hawa ýazyja talant gerek, ýöne ilki bilen ullakan ýürek bilen, içinde at çapybermeli giň akyl gerek.
Her bir ilkinji hekaýasyny ýazýan ýaş oglanda şu zatlar bolup bilermi? Ýok, köplenç bolmaýar. Ýöne “Ýazjak bolsaň oňat goşgy ýazmaly” diýilýän talaby özünden edip, kämilleşýän, şu işiň derdini çekýän, talantly adam gowy hekaýa ýazar. Sebäbi islendik edebiýat mugallymy sagdyn sözlem düzüp bilýär. Sözlem düzmäni soňam öwrenip bolýar. Ortada bir daýaw pälwan “Haýsyň gaýratly bolsaň, gel” diýip durka, sen “Hany, synanşyp göreýin” diýip, gara çyny bilenem şol pälwany ýykmak üçinem orta çykmaly. Şol ortada “Gaýratyň bolsa, gel” diýýänem edebiýat, sungat. Gorkup bilersiň, tolgunarsyň, emma, bigaýratlasaň bolmaýar. Ejizleseň bolmaýar.
Agajan, kino alynşyny göresim gelýär diýipsiň. Inşalla, gideris. Sýomka başlasa habar ederin. Ýöne maşyn gerek bolar. Kinostudiýada maşynyň uly meseledigini bilýän. Ýöne entek ýene bir gol çekilmeli. Şondan soň işe başlanjak.
Teswirler (2 sany)
garaz, aydanlarynyza dushundim, yone hijisine-de dushunmedim.
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
birhili sapagyn ortasynda gapyny kakyp kellesini sokup "girmek mumkinmi yoldash mugallym?" diyyan, bir elinde majorna, beyleki eli bilen penjeginin yyrtyk yenini gizlemage chalyshyan okuwchy yaly duydum ozumi.