Ýadymdan çykmaýan praktikant mugallym
Köpden bari hiç zat ýazmanym üçin ötünç soraýan. Birgiden bahanalar sanap, özümi aklajak bolmaýyn, ýöne… Garaz, aýyplaşmaň.
Garry adamlaň ýazýan zady köplenç “Öňler, biz oglankak…” diýen ýaly sözler bilen başlaýar. Menem şolaryň biri.
Öňler “kolhoz” diýip bir zat bardy. Ýok, keýpiňizi gaçyrmaň, men üstüni “tozan” basan zatlaryň gürrüňini etjek däl. Ýöne bir mysal. Ana, şol “kolhozlaň” içinde “ýaramaz” diýilýänleri bolardy. Girdejisi az, ekini hasylsyz, kolhozçylarynyň haky pes, başlyklary nalajedeýin ýa-da nebsiniň eşegi… - ýykma-ýyklylma aýlanyp duran bir edarady. Ýa-da ýaramaz hojalyklar, içeriler bolardy – öýüni towga ýükläýmeli, ýaşulysyz, her kim edenini edip ýören, maşgalabaşy içegen ýa-da çekegen. Beýle içeriler halanmazdy. Olara, Alla ýazmasa, gyz berýänem, gyzyny diläp gelýänem az bolardy.
Bu mysal getiren “ýaramazlarymyň” nähilem bolsa, içinden gowusy çykyp bilýärdi. Ýaramaz kolhoza birden gowy başlyk saýlanyp bilerdi, ýaramaz içeridenem akylly-başly ogul dogardy. Ýöne birden, “Mekdep ýaramaz bolsa, nähili bolýarka?” diýip pikir etdim. Aý, fizikadan ýa-da matematikadan “nol”, hiç zat bilmeýän adam ýetişip biler. Bilmände näme, şol fizikany, himiýany? Hemme kişi alym bolmaly diýen zat ýok. Ilki gulluga, gullukdan gelensoňam öýli-işikli bolar, adam bolup gider. Gyz maşgala üçin-ä asla-da gerek däl, şol taryh. Telewizordan görer, baran ýerinde eşder, garaz, seljuklar, SSSR we ş.m. taryha degişli zatlary az-owlagam bolsa, geregini öwrener.
Birdenem, “Ata, mekdebe gidýän” diýip bökjekleýän agtygymyň murty garalýança şol mekdebe gatnajakdygyny göz öňüne getiremde birhili boldum. Hudaýa şükür, indi mekdepler has gowlandy, enejamlaşdyryldy, abzallaşdyryldy, täze binalar guruldy. Men mekdeplerimizi ýamanlajak ýa-da olara ýaramaz diýjek bolamok, emma başda tersinden başlanymdanmy boldumy, “Mekdep ýaramaz bolsa nähili bolar?” diýen gorkymdan saplanyp bilmedim. Höwes bilen, täze bir dünýä, açyşa barýan ýaly mekdebiň birinji synpynda okuwa başlan çaga on ýedi ýaşa ýetýänçä köp zat öwrener. Okap biler, ýazyp biler, goşar-aýyrar, bölmegi öwrener. Ýok, ýaramaz endikleri öwrenibem biler, öwrenmänem. Olary mekdebe gitmese-de öwrenjek bolsa öwrener. Gaýta, gitmese has çalt öwrenmegem mümkin. Başga bir zat meni hopukdyrdy. Ýaramaz mekdebe gatnaýan çaga şonça ýyl her gün diýen ýaly gatnap mekdepden gününi boş geçirmäni öwrener. Irden mekdebe diýip gidip, öýlänem hiç zat öwrenmänem, surnugyp öýe gelip bolýan ekendigini öwrener. Okamasaňam bolýan ekendigini, “okamanyň has gowy eken” diýen düşünjäni öwrener. Soňa-baka, oňa uýar. Mekdebi “gitdim eşek – geldim eşek” tamamlar. “Günümi geçirsem bolýar, bahym gulluga giderin” diýer. “Günümi geçirsem bolýar, bahym gullugy sowaryn”, “Günümi geçirsem bolýar, bahym öýlenerin” diýer. Boş, hasylsyz ýaşamagy ýaşamakdyr öýder. Mekdep ýyllarynda muny şeýle bir berk öwrener, soň beýle däldigini oňa asla öwredip bolmaz…
Maňa bir zat teselli berýär – hemme tohum hasyl bermeýär. Hasylsyzam bolýar. Gara çaýyr, haşal otam gögerýär, ýaşaýar, guraýar gidýär. Her ýere düşen däneden bugdaý sünbüli bçykmaýar. Ýene-de bir zada begenýän, indi aýratyn zahinli çagalar mekdeplerimiz, ýöriteleşdirilen mekdeplerimiz bar. Okajak çaga üçin her mekdepde-de okamaga mümkinçilik bar diýip düşünýän.
Näçe aklymdan kowjak bolýan welin, başaramok – bir daşary ýurt ýazyjysynyň (onuň kimdiginem unudypdyryn) hekaýasy ýadyma düşýär. Hekaýaň ady “Süýt”. Hekaýada biri mekdep okuwçysyka klasdaşlar bolup gezelenje gidýär. Şonda baýyň çagalary baran ýerlerinde dynç alanlarynda süýt içýäler. Garybyň çagasy bolandanmy ýa-da başga bir sebäbemi şol çaga mugallymy süýt bermeýär. Şonda ymsynan, kemsidilen çaga ulalyp adam bolansoň hem bu hadysany unudyp bilmeýär. Gorkunç bir hekaýady. Ony menem kän wagtlap unudyp bilmän gezdim. Häzirem nireden aklyma geldi.
Bir gezegem, mekdebiň soňky synplarynda okaýardyk. Bedenterbiýe sapagyna praktikant talyp, geljekki mugallymlar geldi. Şonda praktikantlaryň biri klasdaşlarymyzyň birini erbet urdy. Ýogsa urulan aramyzda garagolymyzam däldi, ýöne bize görä daýawrak, ekabyrrakdy. Nähak ýere erbet urdy. Okuwçylar özünden gorksun, özüni diňlesin diýip urdy. Şolam hiç göz öňümden gidenok…
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.