Tenden üzülen göwünler
1
Çagajygyň lopuşja aýajygyndan gaçyp galan gyzylja çepejik awtobusyň içinde goňurja bagjygyndan dardan asylan deý sallanyp durdy. Mähnet maşyn çala çaýkansa çaga çepejigi “Gel, eýäm gel” diýip hallan atýardy. Onuň eýesi näler geljek, gelip bilenok. Ejesem manat ýarymlyk çepegi gözläp ýörmez. Çaga aýajygynyň ysyna mydama maýyl burny deşijek çepejik bolsa, hallan atar – çagyrar, boýnuny burup garaşar. Awtobus her duralgada haşşyllap gapysyny açanda “geldi” diýip tisginer. Ol näzikdi. Ol mähribandy. Ol taýsyz bitaýdy. Ol tenden üzülen göwündi.
2
Olar taýly bitaýdylar. Uly supermarketiň ikinji gatyna çykan ýeriňde, çaga aýakgaplary satylýan dükanyň çep ganatynda, her geleniň gözüne iläýjek ýerde bileje durdylar. Olar gyş ädijekleridi. Gaýyşy aňrybaş gaýyş, tikilşi kemsiz, dünýä belli markalaryň biriniň önümi. Ýeňiljek, aşagy çaganyň aýajyklarynyň beýikli-pesli ýerlerine iş edilip laýyklanan, gonçlarynyň daş tarapyna naşyja edilip güljagazlaryň şekili çyzylan – gözüňi aýryp bolanok. Olara gözüň düşenden ýüregiňde näzik duýgular döräberär. Çagalygyňy ýatlaýaň, päkize çaga aýajyklary, dünýede ýelgamak deý ondan-oňa taýçanak bolup oýnan ýyllaryň göz öňüňe gelýär. Bilmedim, her kimde birhilidir, ýöne özüm-ä, bir döwür, günortan işden ýadamda, golaýjakdaky “Çagalar dünýäsi” magazinine giderdim. Onuň oýnawaçlar satylýan bölüminde, keýpine aýlanardym. Çagalygyň ömrüň gülüdigi jedelsiz.
Hakykatdanam dükana giren her alyjy olary eline alyp görýär diýen ýaly. Ýöne her kim olaryň bahasy ýazylan kagyzjyga bakýardy-da, edil köz gysymlan ýaly, derrew yzyna goýaýýardy. Olar gymmatdy. Gapdalda, aşaky tekjelerdäki ädijeklerdir, gonuşly aýakgaplaryň bahasy olaryňky bilen deňeşdireniňde ýarpydy, hatda ondanam arzanlary bardy. Dürli-dürli, käsiniň aşagy gaty, käsi agyr, ýene biri gödensiz. Ýöne ol jübütler özüne çekiji üýtgeşik naşyjady.
- Marka-da. Muny alsaň aňsat-aňsat ýyrtylmaz. Asla-da ýyrtylmazam, könelmezem.
- Ýyrtylmanda näme, ösüp barýan çaga geýse ýeke gyş geýer, soň nätjek?
- Olam dogry. Hawa-laý, arzanyragam bolar. Hany, onda-da, geýip gör.
Oglanjyk ädigiň alynmajagyny bilse-de sag aýagyna geýdi. Hakykatdanam şaplaşyp dur. Oglanyň çep aýagyndaky köwşi ädijegiň owadanlygyndan, özüniň nähili görmeksizdigini duýan ýaly göründi. Onuň ýaňaklarynyň gaýyşy ýygyrt atyp gidene meňzedi. Yogsa, olam özüni her köwüşçe görýärdi. Çykaraweri bahymrak.
Ädijek könelen köwüşden daşaryň täsin ysyny doýa-doýa alybam ýetişmedi. Olar ýene ýalňyz galdylar. Bularyňam beýleki aýakgaplar ýaly bolaslary gelýärdi – bir ýyljyk geýdirýän, soňam gynanman zyňylýan. Aslynda welin, dükandaky ähli çaga köwüşleriniň barsynyň şol ädijeklere gözi gidýärdi. “Wah, menem şolar ýaly gelşikli bolsadym” diýýärdi. Olaryň bolsa, gargol oglanyň aýagynda köçede ylgaslary, diriň-diriň towusaslary, gar depeläsleri, ýagyşa myžžyk bolaslary gelýärdi. Çaganyň aýaklaryny sowukdan-suwdan, daşdan-demirden, tikenden-gyýçak aýnagyýykdan… goraslary gelýärdi. Uzak gün selpäp-selpäp agşam garaňky düşende, oglan uklanda, bir burçda ertire garaşyp duraslary gelýärdi. Eýesi her gün öýden çykjak bolanda olaryň düýnki çaňyny, palçygyny ýumşajyk esgi bilen süpürer. Ýörite ýag bilen ýaglap, ýalpyldatmagam mümkin.
Ana, ýene bir oglan olary geýip görýär. Kakasy alarman, ejesi welin “Bir ýyldan soň zyňjakmy bulary? Ogluň-a kiçi bolar” diýýär. Kakasy näme diýjegini bilenok. Oglanam ädigi öňki ýerinde göwünsiz goýýar. Ädikler: “Garyndaşlaryňyzyň biriniň kiçi ýaşli ogluna beräýiň. Biz gynanmarys” diýýäler. Ýöne ädikleň diline adamlar düşünmeýär… Diňe oglanyň kakasy içinden: “Bäh, gymmadyňam güni kyn eken-äý” diýenini duýman galdy.
3
…iň ýokary jeza – atuw jezasyna höküm edildi. Bu sözler oňa hiç hili täsir etmedi. Hatda gulagynyň ýele ýanyndanam geçmedi.
Sowukdan ýaňa doňup buza öwrülen gar tozgalary soldat ädikleriniň aşagynda şatyrdap döwülýär. Olaryň sesi gar däl, gyýçak aýna döwüklerini ýatladýar. Olar onuň beýnisiniň doňan damarlaryna-da meňzeýär. O damarlar şatyrdap üzülýär.
“Sen geldiň. Mert geldiň. Men senden razy. Haýsydyr bir emelsiziň atan tüpeňinden çykan, tötänden säwlik bilen çawup gelen okdan armanly ölmedim. Gaýratlydygyňa-da ynanýardym. Ejizläp, namartlap ýaşamadym ölümim bigaýrat bolar ýaly. Meni ejizletmediň, gurrumsaklaň öňünde dyz epdirmediň. Guýruk bulap gelmejegiňe ynanjym meni guýruk buladyp ýaşatmady. Gel, ajalym gel. Bir başa bir ölüm. Dünýä inen günümden bari ýanýoldaşym – ölümim gel. Menden bagtly adam ýokdur. Mert ajal – senden gowy dost ýokdur.”
Aslynda, ol bireýýam bu doňaklykdan sogrulyp gidipdi. Ol ak alaňlaryň depesinde gögeren gös-göni sözeniň näzijek güllerini synlap ýatyrdy. Aýagynyň aşagynda-da Garagumyň mahmal düşelen ýaly ýumşak ürgün çägesi. Bu ýumşaklygyň, bu mähriň, bu ýylyň aňyrsy-bärsi görnenok.
Ol gamsyzdy. Gaýgysyzdy. “Ilim günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn” diýen adamdy. Bu onuň diliniň ugruna aýdan sözi däl, Ýaradandan ýalbaryp eden dilegidi. Wagt geler, her kimiň onuň ölümine gözi gider...
Ol “Ýurdum” diýip, ýurdundan aýrylan taýsyz bitaýdy. Ol tenden üzülen göwündi…
4
Olar ak saçlarynyň şemala ykjadyp barýardylar. Olaryň başlary belent, gözleri gamlydy. Ne sebäplidigine düşünmersiň, içinde biri gülüp ugrasa, gaýadan daş opurylýan ýaly, şowhunly hem eýmendiriji bolýardy. Biri aglasa welin, onuň gözýaşynyň daman ýerinde, güýz düşen kimin, ot-çöpler saralyberýärdi. Olar tenden üzülen göwünlerdi.
Olaryň biri parçalanyp oklanan mysaly, pytraşyp ýatan kelle ýaly daşlaryň arasynda otyrdy. Ol elindäki ýylçy daşyň böelgine inçejik iňňe bilen bir zat ýazjak bolýardy. Emma ejiz iňňäň ujy daşyň ýüzünden taýyp gidýärdi-de, hiç hili yz galdyrmaýardy. Onuň ýalaňaç endamynyň ýüzünde düwmelenen der damjalary günüň ýagtysyna ýadyraýardy. Onuň bedeni, hamala, ýedi ýyl gün düşürilmän ýedi gat ýeriň aşagynda saklanan ýaly, gardanam akdy. Gün sähel salymyň içinde goňras öwüşgin çaýyp, ony bugdaý dänesi bilen reňdeş etdi.
Dilim ejiz gelýär. Siz bu göwnüň, kesir adamyň ýüzi ýaly, çapgyn-çapgyn daşlaryň arasynda synasy dilinen bugdaý dänesi deý bolup oturşyny bir görsediňiz! Ol näçe ezýet çekse-de, gaty daşyň ýüzüne ýeke çyzygam çekip bilmeýärdi. Bolmanda bir harp ýazylaýan bolsady. Daşyň şol ýylçyrlygy, sowuklygy. Belki, ol ähli mukaddes sözleriň baryny özünde jemleýän ýeke-täk sözi tapandyr-da, şony ýazjak bolýandyr?!
Şol wagt bir ýerden, haýsydyr bir ägirtlige akyl ýetirip, indem şoňa haýran bolup barýan ýaly, haýal ädimläp başga göwün göründi. Juda seresap ýöreýän bu göwnüm aýagynyň aşagyndaky daşlaram ynjanokdy. Ol geldi-de, iňňe bilen daşa dümtünip oturan göwnüň başyny sypalady. Gapdalda ýatan mähnet daşy usullyk bilen süýşürdi. Daşyň duran ýerinden boş haňlap ýatan giň, garaňky gowak göründi. Ol gowak, hamala, “Bu edýäniň boş hyýaldyr, özüňi horlama, göwün!” diýýän ýaly boldy. Hüw-Hak!
Dem salym geçmänkä ýene bir göwün öňki geçen göwün deý howada ýöreýän ýaly, haýal edimläp göründi. Ol hem geldi-de, yhlasy myrat tapman oturan göwnüm başyny sypalady. Ol hem gapdalda ýatan mähnet daşy ýerinden gozgady. Daşyň aşagyndan sowuk suwy şildiräp çeşme gözbaşyny aldy. Onuň şirin owazy “Dünýede boş zat ýokdur, göwün!” diýýän deý eşdildi. Hüw-Hak!
Göwün ýerinden turdy. Solunda gorkunç gowak, sagynda şypaly çeşme. Ol başyny galdyrman, özünden daşlaşyp barýan, derwüşlere çalymdaş, göwünler hataryna goşuldy. Onuň bir elinde ýylçyr daş, beýlekisinde iňňesidi. Bu görmegeý göwnüň tenini gün ogşap, saçlary bilen şemal gürleşýärdi…
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.