Ekizler2-em açyldy
Ekizler2-em açyldy. Töleg meselesidir öýdüp arkaýyn bolupdyryn. Programmada bir näsazlyk bolan eken. Oglanlar derrew düzedip berdiler. Belki, ara düşen şunça "dymyşlykdandyr" azara goýup açdyrdym, indem näme ýazjagymy bilmän ýörün. Saýtyň işlemän başlanyna 7-8 aý bolupdyr, şol aýlar hakynda ýadymda galanlary ýazaýmasam. Uly aladam saglygym boldy. Ýagny, eljireýän zenan ýaly, "Niräm agyrýarka?", "Agyrmaz ýaly näme etmelikä?" diýen ýaly aladalar. Allaň beren her gününde işlemezlik üçin bahana tapdyryp dur. Özem dürliligi bilen birmeňzeş. Näme-de bolsa, bir ulurak (hekaýadan ulurak) bir zat ýazyp başladym. 3-4 aý bäri ýazýan, pozýan, täzeden başlaýan, dowam edýän. Arasynda kitap okaýan. Ýazmagyň kyn zatdygyny şeýle-de bilýän welin, indi hasam kynlaşypdyr. Ssenariý ýazmak, köp kino görmek mendäki ýazmak endigini gowy gowşadypdyr. Ebeteýini tapamok, nähili ýazsamam göwnüme jaý bolanok. Ýöne ýazjak bolýan zadymda has çuňlaşanymy duýýan. Başlamdaky pikirlerim kän başgalaşdy. Ýazmak diýilýäniň esasy kyn ýeri hem ýalan sözlemeli, toslamaly hem çyndan, hakykatdan çyn bolmaly. Düşündirmegem kyn. Biriniň ýalan-ýaşyryk gepotarmasyny kimiň okasy geler? Bolşy-bolşy ýaly etseňem ýürekgysgynç bolýar. Ikisiniň arasyndan, ýalan bilen çyndan doglan bir zat bolmaly-da. Olam kyn. Garaz şeýleräk pikirler bilen ýazan-pozan bolup ýörün. Güýmenje-de bolýa, dogrusy. Ýene bir güýmenjäm towşan, indýuşka saklaýan. Olara-da özüm seredýän. Käte "Bular nämämiň derdi?" diýip olardan ýadaýanam. Ýöne olar bolmasa hasam ýürekgysgynç boljak ýaly günlerim. Owunjak mal saklamagyňam, oba ýerinde, öz keýpjagasy bar. Bir kyn ýeri olar bilen gaty öwrenişseň, öldürmek kyn düşýä.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.