88
Awgust 20, 2020 | 1 teswir | 568 okalan
Käte 88 ýaşly ýalam bolýan, käte oglan ýaly begenýän. Aýtjak bolýanym, adamyň ýaşy köp derejede özüne bagly. Uzak gije oýun oýnap, ertesem günortan nahara zordan turup gününi geçirýänlere näçe ýaşly diýjek? Meçnikow diýip bir ors alymynyň "Adamyň ýaşy 120 bolmaly. Orta ýaşam 60. Altmyş ýaşaýança maşgalasy, öýi. Altmyşdan soň özi üçin işlemeli, ýaşamaly" diýip ýazanyny okapdym. "Etýudy o žizni" öýdýän şol kitabyň ady. Studentkäm okapdym. Gaty gowy görüpdim. Adama iň agyr düşýän zat - ömri hakynda pikir etmek. Ýöne o hakda pikir etmezlik has agyrmyka diýýän. Alla kuwwat, güýç-gaýrat bersin.
Teswirler (1 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Uzak gije oýun oýnap, ertesem günortan nahara zordan turup gününi geçirýänlere näçe ýaşly diýjek?
Siz olaň ýanynda heniz oglan bolaýýaňyz öýdýän :)