Bolary bolmaz oýlama
Sentýabr 05, 2020 | 0 teswir | 469 okalan
Bolary bolmaz oýlama
Mätäji.
Bary-ýogy üç söz. Belki bir romanda-da muny doly aýdaýjak bolsaň... Ilki aklyňa gelýänem ölüm, ahyret, hasap güni, kyýamat... "Köne" diýýän şahyrlarymyzyň hemmesiniňem esasy temasy şular. Şolara düşünjek, şolary düşündirjek bolanlary üçinem olar könelmän gidip otyrlar. Ýöne başga bir zadyň pikirini etdim. Ynsan käte şeýle bir hala düşýär - gaýdyp Günem dogmajak ýaly. Bilýänsiňiz Adam ata jennetde çykarylanda Ýerde gije eken. Şonda ol asla Zemin ýagtylar öýtmändir. Göz öňüne getiriň gapy birden gulplanypdyr, sizem içinde. Açaryňyzam jübüňizden kim bilýär nirede gaçypdyr. Belki gapyň açary köçede ýatandyr. Belki biri ony taparam, ýöne onuň kimiň, haýsy gapyň açarydygyny nireden bilsin? Birdenem gapyny okuwdan gelen 7-8 ýaşlyja agtygyň açýar. Ol açary görenden tanapdyr. Bolary bolmaz oýlama. Hawa, göwün ýüwürtmek diýseňizem, öz-özüňi aldamak diýseňizem hakyňyz bar. Ýöne durmuşda mundan kän çylşyrymly, çykgynsyz ýagdaýlaryň "açarynyň" tapylanyny gördüm, sizem görensiňiz. Haýran galyp oturan gezeklerimem boldy. Ýöne Bapba Gökleňem "Boljak boljak bor ýogsa / Bolmajak bolsa bolmaz" diýýýär. Bolmajak zady boldurjak bolmagam edil bolary bolmaz öýtmek ýaly bir zat.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.