17.02.12.
Bizden 7-8 ýaş uly, ilki hekaýam gazetde çykanda eýýäm gowy ýazyjy-şahyrlaryň hataryna girýän, Gurbannazar dagyň yz ýanyndaky nesil Ahmet Gurbannepesow soň ýazmasyny goýdy. “Ynam” diýip gowy powesti, gaty gowy powesti bardy. Şahyr adam, emma, soň, belki, ellem ýaşamanka ýazamasyny taşlady. Iň soňky ýazanlary pýesalary bolmaly. Taşlamagynyň sebäbem “Edebiýat kime gerek? Okaýan barmy? Gonarar tölenýärmi? Kitabyň çykarylýarmy?” diýen sowallar. Hakykatdanam, bir döwür ne ýazanyňa hak tölendi, ne-de çap edildi. “Magtymguly düzedipmi bu dünýäni, Dostoýewskiý, Tolstoý bu adamlary düzedipmi, indi biz hekaýa ýa-da roman ýazyp halky düzeder ýaly?” diýlen kyn sowalam bar. Kiçigöwünlisiräp “Men adamlary dzeltjek bolamak, muny başarmajagymy bilýen. Bu Allaň elindäki zat. Men ýöne ýazaýýan . Ýazman bilemok” diýip, ýazan bolup, öz-özüňi aldap ýörmegem aňsat bir iş däl. Hany, sen daşyna kerpiç baryny üýşürip, “Jaý salyp bilmejegimem bilýän welin, salan bolup otyryn. Salman bilemok” diýýän adamy gördüňmi? Ýazyjy-şahyryňky has kyn. Garaz, ol adam jaý salyp bilmese-de, iliňkä seredip, eýdip-beýdip kepb-ä salar. Ýa bizem şol kepbe salýan ýazyjy-şahyrlarmykak? Başda kepbäň düýbüni tutan bolsaň, uly jaý gurulmajagy belli dälmi? “Ýok, men jaý salaryn” diýip bir zatlar galdyrsaň, olam üstüňe gaýtsa? Ýazan zatlary öz üstlerine gaýdan, indi ömürem aşagyndan çykyp bilmejek ýazyjylar-şahyrlar ýokmy? Dünýe uly, edebiýat meýdany diýilýänem giň, munda her hilisi bar. Gurbannazaryňky ýaly kaşaň bina galdyraýmak her kime başardanok. Onda, iň gowusy Ahmediňňki ýaly ýazmany taşlamakmy?
“Eger, ýazman bilýän bolsaň – ýazma!” diýilen bir pikirem bar. Hawa, ýazman gezip bolýar. Mysal üçin, ekin ekseň, söwda etseň, mal saklasaň ýa-da jaýyňy kireýne berip, özüň horaşarak bir ýerde ýaşasaň, maşynyň bilen kireý etseň... garaz edebiýaty kelläňden çykaryp, zyňyp, galan ömrüňe ýazmag-a däl, ýeke setirem okaman gezip bolar. Bir bada kyn düşer emma, ölmersiň. Gowsy men yzyna ertire goýaýyn. Bujagaz ýazanlarymam kelläňe gowy agram salýar.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.