Bilýän bilen bilmeýän  | Gündelik | Hydyr Amangeldi

Bilýän bilen bilmeýän 

Sentýabr 12, 2020 | 0 teswir | 495 okalan

Bilýän bilýänini bilmez eken. Bilmeýän bilmeýänini bilmese, geňem göremizok. Aslynda bilýäniň bilýänini bilmezligi has geň galdyrýar. Bilýänleriň içinde özüniň bilýändigini bilýän adama seýrek duşýaň. Aslynda, beýle adamlar saýlama adamlaryň hatarynda. Bilýänini bilmeýänlerem bilmeýänleriň hataryna goşulyp gidýär. Bilýäniňi bilmezlik näme? Megerem, bilýäniniň gadyr-gymmatyny bilmeýän adam saýlama adam, il-gününe has peýdaly bolup biljekkä, köpçülige garyşyp gidýär. Muňa gynanýan. Ömür geçip barýar - biz ony nähili arzan satýas, has dogrusy, ýele sowurýas. Bilýäniňi bilip ýaşap bolsady.

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.