Wä sabirine wä sadykyn
Sabyr we sadyklyk. Has dogrusy hem sabyr, hem sadyklyk. Bir döwürler derwüşler biri-birinden şeýle sözler eşdenlerinde, onuň çuňlugyndan özünden gidýän eken. Ýaňy-ýaňy "polutorka" diýilýän maşynlar obalarymyza gelip başlanda, atam Hangeldini agtygy Saparguly (uly agamyz) şol maşynda sadaka alyp gidýär. Öňem ýazypdym, ýene ýazaýýan (okamadygyňyz bardyr), gaýdyşyn gelýärkälerem olaryň maşyny ýolda öçýär. Sapaguly kakam 16-17 ýaşly oglan, garader, üstübaşyny ýag edip, ahyry maşyny otlaýar. Şonda atam "Wah, bolmady" diýipdir. "Kyýamat gopanda ähli tilsim duran-dyran ýerinde doňup galarmyş" diýip gulagy ganan bende ahyrzaman gelendir öýdüpdir. Soňam maşynyň otlananyna gynanypdyr. Saparguly kakamam "Ata men-ä seni ýolda goýmajak bolup ber-başagaý, senem bolmady diýýäň" diýip, atasynyň düşünjesine haýran galýar. Doly sözme-söz ýadyma düşenok welin, "Wagt geler adamlar dünýe höwesinde Kur'any şeýle labyzly okarlar" diýen manyda hadys bar. Pygamberimiziň ýene bir hadysynda "Wagt geler adamlar Kur'any gizlenip, çekinip okarlar" diýýär. Bary-ýogy sähelçe wagtyň içinde adamlaryň düşünjesi şeýle üýtgeýär. Ata bir tarapa, ogul başga, agtyk ondanam başga tarapa, başga düşünjä gidýär.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.