Basgançak | Gündelik | Hydyr Amangeldi

Basgançak

Oktýabr 11, 2020 | 0 teswir | 556 okalan

 "Ýalňyşma söýgüm" diýip, Ylýasyň entek öýlenmänkä ýazan bir goşgusy bar. O wagtlar Gurbannazaryňam bar wagty. Ol Ylýasyň goşgusyny gowy görüp arasyna şu küpledem goşup goýberýär. 

 

"Algy-bergi üçin söýüp-söýülip,

Dünýeden nijeler bigam ötdüler.

Olar diňe mazaryň öňýüzünde,

Haýp geçen ömürden ýaka tutdular."

 

(Ýadyma düşüşine görä ýazýan, üçünji setirde bir näsazlyk bar ýaly, ýöne gep onda däl.)

Landau diýip bir fizik, belli alymam "Söýgüsiz maşgala - çaga ösdürip ýetişdirýän kooperatiwdir" diýýär. 

Dogrusy, söýgüň gürrüňem däl. Söýgi diýlen meniň düşünşime görä, edil gahar, şatlyk, gam ýaly bir duýgy - wagt geçýär, ýuwaş-ýuwaşdan könelýär. Soň ýyllar geçip, ýene şol ýanýoldaşyňa ýa-da söýeniňe şol duýgyň täzelenip, güýjäbem bilýä, asla ýitip "Söýgi bir ýaşlygyň aldawaç oýunjagy" diýdiribem bilýä. Şonuň üçin has düýpliräk pikirlenesim gelýä. 

Bilýänsiňiz, yslamda jennet birnäçe böleklere, gapylara, basgançaklara bölünýär. Alla, Pygamberimize has ýakynlar ýokarky basgançakda, galan adamlaram şol ýakynlyklaryna görä, aşaky başsgançaklara goýberilýär. Muny ilki eşdemde geň görüpdim. Nähili jennet bolýar, bir gapy bar, girjek bolýaň, garawulam seni goýberenok. Goýberilmedik adam gynanar, gaharlanmagam mümkin. Soň şeýleräk düşündim. Sen öz ýaşaýan jennetiňden başga jennetiň bardygynam duýaňok, derejäňe görä jenneti duýýaň.

Gowsy, akylymyň ýetmejek zadyna akyl ýetirjek bolmaýyn. Ilerimizdäki dagda ösüp oturan ýowşanyň düýbünde otlap ýören towşany, keýikleri görjek bolamok ahyryn?! Adam akyly üçin, käbir zatlaram edil şoň ýaly. Belki wagty geler, şol keýikleri arkaýyn görüp oturar ýaly enjamlar her kime elýeterli bolar, şonda görersiň. Şonda-da ýene şonçarak mesele seň akylyň, gözüň ýetirerinden uzakda galar. Çäkli ýaradylan, çäklem görýär, çäklem düşünýär. Bu akylsyzlygam däl, kemçilgem. Awtomobile "Sen näme üçin wertolýot ýaly uçaňok?" diýemizog-a. Ýöne başga bir zat hakda oýlanýan. Meň göwnüme, biz häzirem, şu dünýede-de edil şolar ýaly, basgançaklarda, aşakda-ýokarda ýaşaýan ýaly. Kä adamar üçin söýgi hökman däl, agzybirje, parahat, birek-birek bilen kän garpyşman çagalaryny ulaldyp bilseler - bagt. Kä adamlar asla bagt hakda pikirem edenok. Pikir edýäni görse-de gülküsi tutýa, "Oglanlykdan saýlanman geçjeg-aý, şulam" diýýä içinden, (daşyndan diýäýmesem bar). Käbiri asla güljeginem bilenok, geň görjeginem bilenok "maşgaladaky söýgi", "bagt" diýen ýaly, adamyň ruhy ýaşaýşy hakynda pikir asla kellesine-de gelenok. Ol şu dünýe, maddy durmuş, maddy ýaşaýyşdan başga bir ýaşaýş, lezzet bardyram öýdenok. O zatlar onuň üçin edebiýat, toslama. Görüşiňiz ýäly bu düşünjeleriň hersi bir basgançakda ýaşaýan adamlaryňky. Ýöne käte-käte ýokarlaryk çykasyň gelýä, käte aşakdakylara gözüň gidýa. Käte-de bir "ýokarda" bir "aşakda". Ýene bir zat pikirlendirýä - adamlar birek-birek bilen gatnaşykda dawa, jenjele, bahylçylyga, duşmançylga çenli baryp ýetýäler. Bu şol basgançak dawasymyka? Ýene bir zada düşünesim gelýär - şu ýaşap ýören basgançagym maňa ömürlik ýazylanmyka, edil ömürlik möhlet bilen tussag edilenleriňki ýaly? Ýa-da biz kämilleşmelimikäk? "Basgançak" diýýän bolsak, megerem, ol ýokaryk dyrmaşmak, galmak üçin serişde. 

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.