Garrylyk | Gündelik | Hydyr Amangeldi

Garrylyk

Oktýabr 18, 2020 | 0 teswir | 593 okalan

Düýn bir üýşmeleňde bolduk, goňşy obada. Garrylary, "rahat bolsun" diýipmi, (kime rahat bolsun diýlenini anyk bilemok, megerem, garrylara, ýaşululara rahat bolsun diýendirler), özbaşdak, aýratynyrak oturtdylar. Garrylar, gartaşan adamlar üýşse-de, adatça gürrüň dyz agryry, bil agyry, az hereket, garaz, garrylyk hakda bolýar. Hökmanam, Magtymgulyň "Dert ýamany garrylykdyr, ýaranlar" diýen setirini oturanlardan biri aýdýar. Dogrusy, şo setiriň Magtymgulyňkydygyna-da ynanyp baramok. Indi Magtymguly akyldara-da şübheli seredýän bolduk. Belki, entek ýetmişe-de ýetmänimdendir ýa-da özümi el-halyrak duýýanymdandyr, garrylykdan nalaýanlara garşy gidesim geldi durdy. Beý diýsem, garşy gitmäni halaýandyr öýtmäň, tersine, özümdäki garşy gitmejek bolmak häsiýetimi halamok. Garaz, uzyn gepiň gysgasy, öýe gelemsoňam ynjalyk tapmadym. Alla ynsana ýaşynyň soňunda kösensin diýip garrylygy berendir öýdemok. Meň göwnüme garrylyk bir aýraport ýaly zat. Seň daşyňy alyp oturan ýakynlaryňam, agzyňa damdyrylýan suwa çenli hemmesi seni ýola taýýarlaýar. Şolaryň içinde garrylygyň agyrylary, kesellerem bar. Olarsyz ölmek birhili göwnüme ýeke özüň, hiç bir ugradýan ýoldaşsyz samolýoda münen ýaly. Dogrymy aýtsam, garrylygymam oglanlygymy gowy görüşim ýaly gowy görýän.

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.