Düýn, şu gün, ertir... | Gündelik | Hydyr AmangeldiDüýn, şu gün, ertir...
Noýabr 07, 2020 | 0 teswir | 515 okalan
Her kimde-de bardyr - haýsydyr bir zady aýratyn gowy görmek. Kim naharlardan birini, kim söhbeti, kim diline hiç sözi alman, dymyşyp gürleşmäni, kim haýsydyr bir sazy, kim aýdymy...
Ýokarda sananlarymyň arasynda başga-da gowy görýänim bar, ýöne "Göroglyň at oýnadyşyny, onda-da Pürli agaň çalyşyny aýratyn gowy görýän. ("Gowy görýän", "halaýan", hat-da "söýýän" sözem şeýlebir leji çykan sözlere öwrülen ýaly, ýuwan görünýä welin, nädeýin başga bir laýyk söz bilen çalşyp bilemok. Şonuň üçin gowy görýän diýýänime her kim öz çuňlugy bilen düşünsin diýäýmesem.) Häzirem şo sazy diňläp otyryn, kelläme pikirler gelýä. Sazda her basylan perde indiki perde üçin basylýan ýaly. Her owaz, indiki owazy taýýarlaýan ýaly. Tutuş sazam iň soňky kakuw üçin çalynana meňzeýä. Bu ýöne saz däl, bu - ömür. Başdan aýaga.
Aslynda bize ömür diýlip berlen peşgeş sazy ýatladýa. Onuň her güni, her perdesi, her owazy ertiri taýýarlaýa. Şu gün näme? Şu gün diýilýän pursat - düýniňe seredip, ertiriň üçin ýaşamak. Biz şu günümizi düýniň hasabyna ýaşaýas. Düýniki gazanjymyzyň, düýnki öwrenenlerimiziň, düýnki gynanjymyzyň, begenjimiziň, gussamyzyň, şatlygymyzyň hasabyna ýaşaýas. Düýni ýoguň şu günem bolmaýar, ertirem. Şu gün - ertir bilen düýnüň arasyndaky zynjyr, bag. Altmyş sekiz ýaşyň ýene bir güni, şu günüm üçin şonça şu günleri ýaşadym. Täze ýyl geldi diýip otyrkak, onuň juda uzakda görünýän dekabry, eýýäm bizi indiki täze ýyla getirdi. Şu günki ýaşaýşyňy biljek bolsaň, düýnüňe hem ertiriňe seret. Düýnüňi nähili geçiren bolsaň, ertiriňi nähili ýaşasyň gelýän bolsa, şol şu günüňdir. Ertirine seretmeýän, düýnüni synlamaýan adam şu gününini ýaşamaýan ýaly görünýär. Ýogsa "Düýnüň geçdi, ertir näme boljagy belli däl - şu günüň bilen ýaşa-da" diýilýär. Muny kabul edip bilemok. Sebäbi düýnüm geçenok, ertirim gelenok, şu günüm olaryň birleşen, bütewi bir zady. Hat-da iň soňky demim sogrulanda-da ertirim üçin sogruljak, ony düýnüm bilen bütewi bir zada - tamamlanan ömüre öwürip alyp gitjek ýaly. Edil Pürli aga tutuş bir sazy iň soňkyja kakuwy üçin çalan mysaly.Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.