Gutarmajak ýatlama | Gündelik | Hydyr Amangeldi

Gutarmajak ýatlama

Dekabr 10, 2020 | 0 teswir | 494 okalan

 Bir aý töweregi geçendir, talypalar bilen duşuşyga çagyrdylar. Duşuşygy Gurbannazar Ezizowa bagyşlap gurnapdyrlar. Her ýyl birnäçe ýerde, bir näçe gezek geçirilýän bu ýatlama duşuşyklara öwrenşibem barýas hem her gezek haýran galýas şahyryň ýaşlaň arasynda hasam hormatynyň uludygyna. Beý diýdigim ulularyň arasynda bu hormat pesräk diýdigim däl. Edil bilen ýaly diýýäs, özüne ölenden soň uly hormat goýuljagyny oraşan bilýän şahyr welin "Ölemden soň görjek hormatyň, dirilikde ýeke birini görsem" diýip ýazypdyr. Soňky döwür halys ýekelige öwrenşip barýanmy, bu duşuşyga-da gidesim gelmedi. Ýöne gitmesem sylaşyksyzlyk bolar diýip gitmeli boldum. Näme üçin gidesimiň gelmeýändigine düşünesim gelýär, düşündiresimem gelýär. Gurbannazara goşgy okatmak kyndy. "Täze goşgym ýok, bularam siz bilýäňiz" diýerdi. Bizem şol bellän zadymyz "ýadygärlik" diýerdik. Onsoň nälaç mikrofany alyp okap başlardy. Başlansoň gyzygyp gider, bir däl, dört-bäş goşgusyny yzyny üzmän okar. Bizem oglan ýaşda, o goşgularyň çuňlugyna kän bir düşünmesegem, begenerdik. Menem şeýleräk halda. Gurbannazar hakda aýdylan zatlar kän. Bir hili duşuşyklar "köne goşgulara" meňzäp barýan ýaly. Ýok, bu ýatlamalar, duşuşyklar gerek däl diýmek islemeýändigimi bilýänsiňiz. Muňa biri begenýän bolsa, menem begenýän. Ertirden agşama Gurbannazar ýatlanyp oturylsa-da ondan ýadajak däl. Goý, täze bir zat aýdylmasa-da aýdylmasyn. Edil Pürli agaň sazlaryny, Sahy agaň, Magtymguly Garlyň aýdymlaryny gaýta-gaýta diňlemekden ýadamaýşym ýaly. Belki, olardanam has şeýle söhbetlere teşnedirin. Ýöne birhili duşuşyga kynlyk bilen gitdim, gaýdam-da begenip, oňa gatnaşanyma, çagyrlanyma hoşal bolup gaýtdym. Indem näçe wagtdyr şol duşuşyk, ondaky edilen gürrüňler, aýdylan aýdymlar aňymda gaýtalanyp dur. Birhili şol ýatlama dowam edip duran ýaly. Gün geçdigiçe-de onuň Gurbannazara däl, bize gerek ekendigine gözüm ýetýä. Bilýän onuň özem "gidemden soň gidenligim duýulsyn" diýipdir welin, şonda-da. Ol adam dirikä, munuň şeýle bolmagy üçin her kimiň elinden gelmejek işleri edip gitdi. Eken "däneleriniň" hasyly çagalary beýlede dursun, agtyk-çowluklaryna-da ýeterlik boljak. Ýöne ýene şahyryň öz setiri aňymda aýlanýar "Meňzäsim gelenok öňküligime..." Duşuşyk geçdi, öýe dolanyp geldim. Meňzäsim gelenok öňküligime, ýöne Gurbannazara-da meňzäp bolanok. Ýok, öýkünmek däl, oturşyna, goşgularyna, pikirlerine öýkünmek däl. Dünýä, adamlara, özüne, ýaradylyşynyň manysyna... düşünşine öýkünesim gelýä. Ölmeziniň öň ýanlary "Biriniň göwnüne degäýjek ýaly bolýan" diýip derde düşüşine öýkünesim gelýä. Şahyrym, doganymdan ileri gören, munam duýup ýetişmedik jigiňden az görme, bolmanda öýkünip bilmeýänime örtenýänimi kabul et.

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.